Ï Türkmen kikboksçylary Aziýa çempionatynda 8 medala eýe boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kikboksçylary Aziýa çempionatynda 8 medala eýe boldular

view-icon 970
Hindistanyň Puna şäherinde geçýän Aziýa çempionatynda türkmen kiksboksçylary emi 8 medala – 3 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldular.

Bu bäsleşiklere 30 ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Hytaýdan, koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Iordaniýadan, eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen türgenler kikboksyň dürli görnüşleri boýunça medallar ugrunda güýç synanyşdylar, türkmen kikboksçylary onuň üç görnüşi – lou-kik, ful-kontakt we K-1 görnüşlerinde tapawutlandylar.

Biziň ýurdumyzyň ýygyndy toparynda Aşgabatdan birinji derejeli türgen Ylham Geldimämmedow oňat netije görkezdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýän bu türgen iki altyn medala we ýörite kuboga mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz diňe bir öz agram derejesinde (91 kilogramdan ýokary) tapawutlanmak bilen çäklenmän, Aziýa çempionatynda iň gowy tehnika görkezen hem-de ýeňşe bolan aýratyn erkini ýüze çykaran türgen hökmünde bellenildi.

Aziýa çempionatynyň ýene bir altyn medalyna Agamyrat Amangeldiýew mynasyp boldy. Daşogzuň kikboks mekdebiniň wekili tälimçi Eduard Kimiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär, ol 54 kilograma çenli agramda tapawutlandy. Ildeşimiz ähli tutluşyklary üstünlikli geçirdi we Nepaldan hem-de Gazagystandan gelen güýçli türgenleri ýeňmegi başardy.

Farida Gurtlymyradowanyň çykyşy Aziýa çempionatynyň iň netijeli üstünlikliginiň biri boldy. A.Snagowskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýän Farida hindi türgeni bilen duşuşyp, ýerli janköýerleriň güýçli goldandyklaryna garamazdan ýer eýeleriniň wekilini ýeňmegi başardy. Biziň ildeşimiz ikinji synanyşygyň başynda hindi bäsdeşini nokauda iberdi.

Pygy Sylapow (57 kg çenli) we Begenç Ýarymow (81 kg çenli) ýene iki kümüş medaly gazandylar. Bu üstünlik Pygynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda ilkinji ýeňşi däldir (ol “2014-Göwher Kubogyň” we şu ýyl Latwiýada geçirilen iri ýaryşyň ýeňijisi boldy), Begenç üçin bolsa Hindistanda geçirilen aziýa çempionaty ilkinji halkara synanyşygydyr.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde iki bürünç medaly Rejepguly Ataýew (60 kg çenli) we Hudaýguly Kömekow (51 kg çenli) eýelediler. Hudaýguly 2012-nji ýylda bu ýerde geçirilen Aziýa çempionatynda hem ýeňiş gazanypdy.

Häzirki wagtda biziň türgenlerimiz ýene-de iki dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler, ol bäsleşikler güýzde Serbiýada (lou-kik boýunça) we Irlandiýada (hul-kontakt) geçiriler. Şol ýaryşlar biziň türgenlerimiz üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýnça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlary bolar, ol oýunlaryň başlanmagyna bolsa bary-ýogy iki ýyl galdy.