Ï Türkmen uşuçylary Aziýa çempionatynda medallaryň dördüsine mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen uşuçylary Aziýa çempionatynda medallaryň dördüsine mynasyp boldular

view-icon 782
Hytaýyň Ksilinhot (Içki Mongoliýa welaýaty) geçirilen uşu boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri dört medala mynasyp boldular.

Bäsleşiklere Aziýa sebitinden 24 ýurduň – Koreýa Respublikasynyň, Hindistanyň, Tailandyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň 400-e golaý türgeni gatnaşdy. Medallar ugrundaky bäsleşikler iki görnüş – taolu (toplumlaýyn maşklar) we sanda (tutluşyklar) boýunça ýaýbaňlandy. Türkmen türgenleri diňe tutluşyklarda çykyş etdiler.

Ýaryşyň bürünç medallaryna Baýrammyrat Babaýew (48 kg agram derejesi), Annageldi Agamyradow (52 kg çenli), Bäşim Geldiýew (60 kg çenli) we Geldimyrat Ataýew (65 kg çenli) mynasyp boldular. Olaryň ählisi Aşgabadyň uşu sungaty boýunça dürli mekdepleriniň wekilleri bolup tälimçiler Ýazmyrat Annamyradowyň, Şirmyrat Berdiýewiň we Ylýas Nuryýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.


Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine ýetginjek türgenleriň bäşisi girizildi. Olaryň ähli diýen ýaly baýrakly orunlary eýelediler. Munuň özi söweş sungaty boýunça türkmen mekdebiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Şunda ýene köp sanly mysallary getirip bolar.

Geçen aý Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen iri halkara ýaryşynda biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde sekiz türgen sekiz medala – 3 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medala eýe boldular, Latwiýanyň paýtagtynda geçirilen açyk çempionatda bolsa türkmenistanlylar on medala – 8 altyn we iki kümüş medala mynasyp boldular.

Şu ýylyň fewral aýynda Eýranyň Zaheden şäherinde geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri 6 baýrakly orna – 2 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Şonda şu gezekki Hytaýda geçirilen Aziýa çempionatynda bolşy ýaly biziň türgenlerimiziň ählisi diýen ýaly tapawutlandylar.

Eger-de uşu boýunça türkmen türgenleriniň gazanan netijeleriniň maglumatlaryna ýüzlenilse, soňky birnäçe ýylyň dowamynda halkara derejeli ýaryşlarynda olaryň medallara mynasyp bolmadyk bäsleşikleri ýokdur. Netijede biziň türgenlerimiziň alan sylaglarynyň sany ýüze golaýlaýar.

Şu ýylyň noýabr aýynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarda şäherinde uşu boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty geçiriler. Ondan ozal Eýranyň paýtagty Tähranda nobatdaky “Persiýa Kubogy” geçiriler. Biz türkmen uşuçylarynyň şol ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, iň gowy sport netijelerini görkezip nobatdaky medallar bilen Watanymyza gaýdyp geljekdiklerine ynanýarys.