Ï Türkmen pälwanlary alyş göreşi boýunça Aziýa çempionatynda ýedi medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pälwanlary alyş göreşi boýunça Aziýa çempionatynda ýedi medal gazandylar

view-icon 910
Türkmen türgenleri alyş göreşi boýunça ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üç altyn we dört bürünç medala mynasyp boldular.

Guşakly göreş boýunça bäsleşiklere Aziýa yklymynyň 10-dan gowrak ýurdundan ýüzlerçe türgen gatnaşdy. Türkmenistanlylar üçin bu çempionat 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy, şol Oýunlarda hem milli göreş boýunça medallar ugrunda bäsleşiler. Şu gezekki ýaryşlaryň netijeleriniň görkezişi ýaly biziň ildeşlerimiz oňat sport derejesini saklaýarlar.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Garmämmet Şamämmedow (80 kilograma çenli agram derejesinde) we Rejepaly Orazylýew (10 kilograma çenli agram derejesinde) ýeňijiler boldular, şeýle hem Lebap welaýatynyň merkezinden türgen zenan, 2012-nji Londonda geçirilen tomusky Olimpiada dzýudo boýunça gatnaşyjy Gülnar Haýytbaýewa (63 kg çenli) birinji orna eýe boldy.

Allanur Goçow (60 kg çenli), Laçyn Badaglyýewa (52 kg çenli), Aýnur Amanowa (58 kg çenli) we Şirin Kubaýewa (77 kg çenli) bürünç medallara mynasyp boldular.

Türkmenistanlylar umumytoparlaýyn hasapda hem örän oňat netijeleri görkezdiler: erkekler topary üçünji orna, zenanlar topary bolsa ikinji orna eýe boldular. Iki toparlaýyn hasapda toplanan utuklar boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary ýer eýelerinden soň ikinji orny eýeledi.