Ï Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisi geçirildi

view-icon 1162
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisi geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Aziada—2017-ni guramaga we geçirmäge jogapkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýe hereketini we sportda ýokary gazanylanlary ösdürmek meseleleri yzygiderli, ýadawsyz aladalary netijeçsinde Watanymyzyň sport abraýyny barha artdyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda degişli häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça uly möçberli işler ýaýbaňlandyryldy we şonuň bilen birlikde jemgyýetde sagdye we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesilleri bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça maksada gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.

Şu maksatlar bilen “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni goldamak we ösdürmek boýunça milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllar üçin sporty ösdürmegiň we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasy” kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda, şeýle hem "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" sportuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berildi. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde tutuş ýurdumyz boýunça dünýä ülňülerine gabat gelýän onlarça sport desgalary bina edildi we gurulmagy dowam edýär.

Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukukynyň ýurdumyza ynanylmagy muňa aýdyň mysaly bolup durýar. Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 21görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň başlangyç bilen çykyş etmegi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Bularyň üstüne Türkmenistanyň milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolup durýan döwlet Baştutanymyzyň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna—sporty ösdürmäge goşandy üçin Hormat ordenine mynasyp bolandygyny aýtmak gerek.

Aşgabatda bina edilýän sebitde iň iri Olimpiýa şäherçesi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler. Onuň gurluşygyna bäş ýyl mundan ozal badalga berildi we ol özünde üç tapgyry jemleýär. Taslamany durmuşa geçirmäge ABŞ-nyň 5 milliard dollary töweregi serişde goýberildi. Şu ýylyň fewralynda milli Liderimiz bu ägirt uly täze gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýyny gözden geçirip, toplumyň eýýäm tamamlanan desgalary bilen tanyşdy.

Ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary gatnaşyjy ýurtlaryň sany boýunça örän uly wekilçilikli bolar. Geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Okeaniýanyň Milli olimpiýa toparlarynyň arasynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, Aşgabatdaky Aziýada-2017-ä Aziýanyň 45 ýurdundan başga-da, Okeaniýa ýurtlarynyň 17-si gatnaşar.

Bu uly ýaryşlary geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini hem-de Ýerine ýetiriji komitetini döretmek hakynda ýörite Kararlary kabul etdi. Olaryň düzümi tassyklandy hem-de ministrlikleriň birnäçesine öňde boljak Oýunlara toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň maksatnamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Öňde boljak Aziada taýýarlyk görmek babatda geçirilýän işleri utgaşdyrmak meselelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 2013-nji ýylyň dekabrynda we 2014-nji ýylyň maýynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerinde aýratyn üns bilen garaldy. Olaryň barşynda döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berip, degişli düzümleriň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy.

Aziada-2017-niň Guramaçylyk toparynyň şu gün geçirilen mejlisiniň çäklerinde birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Çykyş edenler diňe bir ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça däl, eýsem-de, daşary ýurtly sport wekiliýetlerini kabul etmek, olary ýerleşdirmek, naharlamak medeni maksatnama we ençeme beýlekiler ýaly wajyp meseleleri çözmek boýunça alnyp barylýan işleri tizleşdirmek babatda görülýän çärelere üns berdiler.

Ýaýbaňlandyrylan köptaraplaýyn işleriň esasy ugurlarynyň biri Aziýanyň Olimpiýa geňeşi we beýleki halkara sport guramalary, şeýle hem bütindünýä we yklym derejesindäki ähmiýetli sport çärelerini geçirmekde özüni örän oňat tanadan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýar. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda diňe bir Aziýadan däl, eýsem, Ýewropadan hem ençeme ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşan “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty, şeýle hem daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň media bilermenleriniň, pudak edaralarynyň, sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara sport media-forumy üstünlikli geçirildi.

Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde Olimpiýa we Aziýa oýunlary ýaly halkara ýaryşlaryny guramakda uly tejribesi bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalaryny ýurdumyzda işlemäge çekmegiň wajypdygy aýratyn bellenildi.

Ine, “CSM Sport & Entertaiment LLP trading as CSM Strategies” britan kompaniýasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk komiteti bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär. Bu kompaniýa tarapyndan Aziýada-2017-niň Baş meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna degişli Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň maýynda gol çeken Karary bilelikdäki işiň netijesine öwrüldi. Şol meýilnama ähli möhüm ugurlar boýunça Oýunlara tapgyrlaýyn taýýarlyk görmegiň esasy bölümlerini özünde jemleýär. Bu meýilnama laýyklykda, Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde Oýunlary guramagyň jikme-jik meýilleşdirilmegi üçin daşary ýurt kompaniýasyny saýlamaga halkara bäsleşigi yglan etmek kararyna gelindi.

Şeýle hem duşuşykda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň meseleleriniň giň toplumy, şol sanda olary maliýe, maddy-enjamlaýyn, lukmançylyk we hyzmat ediş taýdan üpjün etmek, ýaryşlaryň türgenleriniň we myhmanlarynyň howpsuzlyk çäreleri, Olimpiýa şäherçesini dolandyrmak boýunça meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibiniň ýene-de bir meselesi Aziada-2017-niň ýaryşlaryny alyp görkezmek we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak hukugyna eýe boljak kompaniýany saýlamaga yglan edilen halkara bäsleşiginiň netijelerini jemlemek meselesi boldy.

Mejlise gatnaşyjylar Olimpiýa şäherçesiniň birinji we ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň çäklerinde doly tamamlanan desgalaryň dolandyrylmagy we ulanylmagy, olaryň binýadynda sport ýaryşlaryny, synag çärelerini geçirmek, daşary ýurt dillerini erkin ele almaklary esasy bildirilýän talap bolup durýan meýletinçileriň yzygiderli okuwlaryny guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanda umuman sportda ýokary gazanylanlary ösdürmegiň ulgamlaýn-maksatly höweslendirmegiň hem-de, hususan-da, türkmen türgenlerini öňde boljak toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu babatda, şertnama esasynda tejribeli daşary ýurtly tälimçileri çekmegiň, V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň 21 görnüşi boýunça ýygyndy toparlary türgenleşik zallary bilen üpjün etmegiň, olaryň her birine hemaýatkärleri berkitmegiň we ençeme beýlekileriň maksada laýykdygy bellenildi.

Aziada-2017-niň maksatnamasynda görkezilen sportuň her bir görnüşi boýunça takyk türgenleşik we ýaryş tertipleriniň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi aýratyn ukyba eýe bolan geljegi has uly türgenleri ýüze çykarmagy üpjün etmelidir.

Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralaryny guramaga, dürli kompaniýalardan şunuň bilen baglanyşykly gelip gowuşýan tekliplere aýratyn üns berildi. Bu şowhunly baýramçylyk dabaralarynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň we baý medeniýetiniň sazlaşykly şöhlelenmelidigi nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aziada-2017-niň resmi nyşany we şygary, şeýle hem maglumat taýdan üpjün etmek, şol sanda ýörite web-saýtyň işlemegi arkaly maglumatlar bilen üpjün etmek barada agzaldy.

Geljekki Oýunlaryň kuwwatly, ýokary derejeli PR-möwsümleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, olaryň Aziýa we Okeaniýa döwletlerinde, esasy halkara neşirlerinde, Internet-serişdelerinde hem-de sport mowzukly teleýaýlymlarda mahabatlandyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde, şeýle hem Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň deslapky tapgyrynyň ilkinji netijeleri jemlener.

Garaşylyşy ýaly, çäklerinde guramanyň Utgaşdyryjy, Maliýe, we Ýerine ýetiriji komitetleriniň mejlisi geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň forumy türkmen paýtagtynda 600 töweregi daşary ýurtly myhmanlary jemlär.

Aziada taýýarlyk görmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini dessine çözmek üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerini her 3 aýdan geçirmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, indiki mejlisiň çaklanylýan senesi 15-nji dekabra bellenildi.