Ï Lebabyň iň güýçli wokalçylary belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebabyň iň güýçli wokalçylary belli boldy

view-icon 742
Türkmenabatda ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýylda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň welaýat tapgyry tamamlandy. Bu bäsleşik şu ýylyň tomsunda açylan “Bitaraplyk” seýilgähinde açyk asmanyň astynda geçirildi. Lebabyň zehinli wokalçylarynyň onusy, saýlama tapgyrlarynyň ýeňijileri, kölüň owadan kenarynda ýerleşýän sahnada çykyş etdiler.

Her aýdymçy özboluşly döredijilik ukybyny açyp görkezmäge, eseriň mazmunyny aýdyň beýan etmäge, tomaşaçylaryň ruhlaryny galkyndyrmaga çalyşdy. Türkmenabatly Bägül Penjiýewa tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna we hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.Onuň belent ýaňlanan sesi, ýerine ýetirijilik ussatlygy tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ol Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde belli mugallym Täzegül Joraýewadan tälim alýar. Onuň terbiýeläp ýetişdiren aýdymçylarynyň arasynda Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dosmämmet Söýünow we Atajan Berdiýew dagy bardyr. Elbetde, ol bu sapar hem bu ýere öz okuwçysyny goldamaga, halypa maslahatyny bermäge geldi.


Tomaşaçylar Sakar etrabyndan gelen Gülälek Döwletgeldiýewanyň ussatlygyna hem mynasyp baha berdiler. Ol geçen ýylyň güýzünde hem aýdym-saz bäsleşiginiň welaýat tapgyryna gatnaşyp, ýeňiş gazanmaga esasy bäsdeşleriň biri bolupdy. Şu ýylyň bahar paslynda oňa “Gadymy dessanlaryň owazy” atly festiwalyň çäklerinde paýtagtyň sahnasynda çykyş edip, Lebaba wekilçilik edipdi. Gülälek çagalykdan aýdym aýdyp gelýär, etrabyň sungat mekdebiniň dutar bölümini tamamlady we etrabyň Medeniýet merkeziniň aýdymçysy bolup durýar. Mundan hem başga bu 19 ýaşly aýdymçy Lebabyň bagşylar öýüne işjeň gatnaşýar. Bu jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Gülälek Döwletgeldiýewa Sakar etrabynyň ýaş bagşylar nesliniň has zehinli wekili bolup durýar. Ýerli ýaşuly sazandarlar bilen bilelikde türgenleşip hem-de çykyş edip, ol ýerine ýetiriliş usullaryny, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny uly ruhubelentlik bilen öwrenýär.

eýik Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Magtymguly Rozymämmedowy halk aýdymlary we dutaryň owazy çagalygyndan bäri gyzyklandyryp gelýär. Sebäbi onuň kakasy Döwran Rozymämmedow hem meşhur bagşy bolup, ol onuň ilkinji halypasydyr. Magtymguly etrabyň sungat mekdebiniň dutarçylyk bölümini tamamlady, birnäçe saz gurallaryny çalyp bilýär. Ol özüniň mundan beýläkki ykbalyny sungat dünýäsi bilen baglamagy maksat edinýär, bilimini konserwatoriýada dowam etdirmegi arzuw edýär.



Köp sagatlap dowam eden aýdym-saz bäsleşiginiň jemi jemlenenden soňra ýeňijileriň ady belli boldy. Olar Bägül Penjiýewa bilen Magtymguly Rozymämmedowdyr. Olar Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçiriljek “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Lebap welaýatyna hormat bilen wekilçilik etmäge hukuk gazandylar.