Şu gün türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherçesinde bina edilen “Sport” we “Olimpiýa” döwrebap myhmanhana toplumlarynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa sport we sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpsanly muşdaklary, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň mejlisine gelen daşary ýurtly myhmanlar, Aşgabat şäheriniň häkimi, degişli ýolbaşçylar, ýaşulular we ýaş türgenler, belli tälimçiler we žurnalistler ýygnandy.
Baýramçylyk lybasy bilen bezelen täze desgalaryň abadanlaşdyrylan meýdançasynda ruhubelent ýerine ýetirirlýän aýdym-saz çykyşlary bilen döredijilik toparlary, tans ansambllary, estrada ýerine ýetirijileri, sazandalar öz taýýarlan gyzykly konsertleri bilen çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp etdiler. Teatrlaşdyrylan çykyşlaryň esasynda sport düşünjesiniň şöhlelendirilendigi bellärliklidir.
Ýaş türgenler özleriniň sport başarnyklaryny görkezýärler. Olaryň arasynda boksçylar we kikboksçylar, uşu we karate boýunça türgenler, futbolçylar we gylyçlaşmak sporty bilen meşgullanýanlar, basketbolçylar we woleýbolçylar, şeýle hem sportuň beýleki görnüşleriniň wekilleri bar.
Bu ýerde täze myhmanhanalaryň açylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýokary derejeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sagdyn ýaş nesli terbiýelemegiň meselelerini, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň hem-de ony giňden ýaýratmagyň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elmydama üns mekrezinde saklaýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary netijesinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda sport pudagynyň ösmegine güýçli itergi berildi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu uly möçberli işleri halkara jemgyýetçiliginde ýokary baha mynasyp bolup, giň goldaw tapdy.
Ilatyň saglygy – döwletiň möhüm baýlygy. Çünki, saglyk diňe bir adamyň we maşgalanyň sagdynlygy bolman, eýsem hem bolsa ýokary zähmet öndürijiliginiň zerur şerti, medeni derejesiniň görkezijisi, döwlet dolandyryşynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Ýöne, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän syýasatynda esasy orny ykdysady bähbitler däl-de, ruhy-ahlak ýörelgeleri we maksatlary eýeleýär. Ykdysady meýilnamalar we maksatnamalar şunuň bilen baglylykda düzülýär. Olaryň arasynda köpçülikleýin-sagaldyş maksatly çärelere birinji nobatda orun berilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň saglyny, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesilleriň sagdynlygynyň üpjün edilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde ykrar edip, hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama hökmünde garaýar. Bu babatda anyk we yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda umumymilli spartakiadalary we halkara bjsleşiklerini guramakdan, sport ulgumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakdan we berkitmekden ybaratdyr.
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň möhüm çözgüdi kabul etmegi ýurdumyzyň sport ulgumyny ösdürmekde şanly waka boldy. Oňa laýyklykda, Aşgabat Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak hukugyna eýe boldy. Bu ýaryşlar häzirki döwürde paýtagtymyzda bina edilýän Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. 30-a golaý desgany özünde jemleýän toplum diňe bir dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge däl, eýsem ýurdumyzyň türgenleriniň, milli toparlaryň dünýä, Aziýa, şeýle hem Olimpiýa ýaryşlaryna taýýarlygy üçin okuw-tergenleşik merkezine öwrüler.
Bu ýerdäki myhmanhanalar toplumynyň açylyş dabarasynda Aziýa Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah çykyş etdi. Ol Aziýa Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş assambleýasyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere, şol sanda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatyna haýran galýandygyny belläp, myhman Aşgabadyň owadanlygy bilen täsir galdyrýandygyny nygtady. Türkmenistanyň sport ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler türkmen türgenleriniň Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynda geçirilýän ýaryşlarda ýokary netije gazanmagyny şertlendirer diýip, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah aýtdy.
Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň prezidenti olimpiýa şäherjiginiň möhüm desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak barha giň gerime eýe bolýar. Bu babatda belent ruhuň we sagdynlygyň nyşagy bolan sport beýleki durmuş özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.
Ýurdumyzyň tälimçleri sport ulgamynyňň işgärleriniň adyndan bu ulgamyň kämitlleşdirilmegi, şeýle hem türgenleriň oňaýly dynç almagy we ýaşamagy üçin ähli şertleri özünde jemleýän şunuň ýaly kaşaň myhmanhanalaryň gurulmagy ugrunda işjeň syýasaty alyp barýan milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Bu ýerde geçirilen dabara ýurdumyzyň hormatly ýaşululary hem gatnaşdylar. Olar halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýann işlerinde üstünlik arzuw etdiler.
Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasyny Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy gurup, onda myhmanhana toplumyna mahsus bolan ähli zerur amatlyklar üpjün edilipdir.
Myhmanhananyň umumy eýeleýän meýdany 64 müň 130 inedördül metre barabardyr. 10 gatly bu bina seýsmiki taýdan durnukly bolup, onda ýaşaýyş otaglarynyň 398-si, şol sanda belent mertebeli myhmanlar üçin otaglar, ýokary derejedäki we standart otaglar, şeýle hem mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenen otaglar bar.
Ähli otaglar oňaýly mebeller we häzirki zaman durmuş üpjünçiligi enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde myhmanhana hyzmatynyň ýokary derejesi hödürlener. Myhmanhananyň içerki bezeginde dürli serişdeler ulanylyp, onda amatlylyk we rahatlyk ýagdaýyny emele getirýän aýratynlyklar üpjün edilipdir.
Myhmanhanada 700 orunlyk maslahatlary zaly, her biri 43 orunlyk gepleşikler geçirmäge niýetlenen zallar bar. Olar dürli görnüşdäki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin zerur bolan tehniki enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde sesleriň sazlaşykly ýola goýulmagy, iri halkara forumlaryny we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda paýtagtymyzda şeýle çäreler yzygiderli geçirilýär.
“Sport” myhmanhanasynyň zalynyň degişli ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilmegi, alyp eşitdirişiň simsiz ulgamynyň bolmagy bu ýerde çäreleri ýokary derejede geçirmäge, ugurdaş terjimäni alyp barmaga oňaýly şert döredýär. Şeýle hem bu ýerden köpçülikleýin habar beriş serişdeler üçin maglumatlary ugratmak mümkinçiligi hem bar. Mundan başga-da myhmanhanada häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly maslahat zaly myhmanlaryň hyzmatynda bolar.
Bu ýerde geçirilýän çärelere gatnaşýanlar we myhmanlar üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Myhmanhananyň çaýhanasy olara zerur hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hem 1030 orunlyk 4 sany restoran bolup, olar meýdany we bezeg aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutlanýar.
Mundan başga-da, myhmanhanada sport-sagaldyş zaly bolup, ol ýerde dürli sport enjamlary oturdylypdyr, şeýle hem sauna we spa-salon hereket edýär. Saglygyňy berkitmek we dikeltmek, şeýle hem beden taýdan sagdynlygyňy saklamak boýunça şahsy we toparlaýyn okuwlar alnyp barylýar.
Bu ýerdäki ýokary tehnologiýaly SPA-merkezinde hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Bu ýerde owkalama, balneologiýa we kosmetika hyzmatlary, aromaterapiýa, audioterapiýa ýaly hyzmatlar hödürlenýär. Bu ýerde hödürlenýän hyzmatlaryň birnäçe görnüşleri ugurdaş hyzmatlar bilen sazlaşykda alnyp barlar. Munuň özi birnäçe goşmaça çäreleri alyp barmaga mümkinçilik berýär. Elektron dolandyryş ulgamyndan alnan usullar SPA-nyň ýadynda saklanyp, olar soňra ulanmak üçin taýyn maksatnamalary emele getirýär.
Myhmanhananyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, bu ýerde amatly oturgyçlar goýlupdyr. Gök zolaklar we gezelenç edilýän ýodalar, dürli gülleriň gözelligi bilen utgaşýar.
Bu ýerde açylan desgalaryň ýene biri “Olimpiýa1 myhmanhanasydyr. Ol Olimpiýa şäherjiginiň iri möçberli gurluşygynyň çäklerinde bina edildi. Hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň maýynda myhmanhananyň gurluşygy hakyndaky Karara gol çekdi. Şonda myhmanhana toplumyny 2015-nji ýylyň dekabryna çenli doly gurup taýýarlamak bellenipdi. Desgada işler bellenilen möhletinden ir tamamlandy. Türkmen we türk gurluşykçylarynyň bilelikde zähmet sekmekleri netijeçinde myhmanhana taýýar edildi.
“Olimpiýa” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde belli döredijilik toparlary belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary, joşgünly tanslary, görkezme oýunlary, çeper gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen dabara özboluşly öwüşgin çaýdylar. Türgenler ellerinde baýdaklary saklap, teatrlaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Täze binanyň açylyşynda çykyş edenler halkymynyň bagtyýarlygy we abadanlygy, oňaýly zähmet we dynç alyş şertleriniň döredilmegi ugrunda alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we milli Liderimizi sport ýokary netijeler gazanmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajäakdyklaryna ynandyrdylar.
10 gatly “Olimpiýa” myhmanhanasynyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen, häzirki döwrüň ösen tejribesi utgaşykly sazlaşýar. Myhmanhananyň umumy eýeleýän meýdany 42 müň 833 inedördül metre barabar bolup, onda döwrebap mebeller bilen üpjün edilen otaglaryň 255-si bar. Şeýle hem bu ýerde aragatnaşygyň we tehnikanyň täze ulgamy ornaşdyrylypdyr. Onuň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşy we bezeg aýratynlyklary häzirki zaman myhmanhana hojalygynyň nusgalyk derejesinde ýerine ýetirilipdir. Binanyň dälizleri, eýwanlary ýörite serişdeler bilen üpjün edilip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň gurluşyk materiallarydyr.
Şeýle hem myhmanhanada 84 we 196 orunlyk iki restoran, iki çaýhana, 120 orunlyk naharhana bar. Bu ýerde dynç alýanlara milli we ýewropa aşhanasynyň dürli görnüşli tagamlary hödürlener. Bu ýerde maslahat zaly, ýygnaklary we gepleşikleri geçirmek üçin 6 sany otag, iki dükan, aragatnaşyk bölümi we kitaphana hereket edýär.
Binanyň birinji gatynda ýapyk ýüzüş howzy, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap SPA salony bar. Onda adam bedeniniň sagdynlygyna gönükdirilen fizioterapiýa çäreler toplumy, mineral suwlar, palçyklar, suw ösümlikleri, dermanlyk ösümlikler bilen bejerişiň dürli görnüşleri hödürlenýär. Mundan başga-da, bu ýerde deňiz serişdeleriniň we beýleki tebigy serişdeleriň esasynda taýýarlanan dermanlyk önümler bilen kosmetiki çäreler, fitnes maksatnamalar, şeýle hem sagdyn iýmitlenmegiň maksatnamasy hödürlenýär. Häzirki döwürde şunuň ýaly bölümler tutuş dünýäde giňden meşhulyga eýedir we olar şypahana düzüminiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Şeýle hem myhmanhanada fin saunasy, türk hammamy, fitnes-zal, owkalama we kosmetik otaglar dynç alýanlaryň hyzmatynda bolar.
Myhmanhananyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanglaşdyrylypdyr. Bu ýerde döredilen gök zolaklar, dürli güller myhmanhananyň çägine özboluşly bezeg berýär.
Häzirki döwürde Aşgabat ýurdumyzyň döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine, nurana geljege bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň nyşanyna öwruldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu ýerde gurulýan durmuş-medeni, ulagä-aragatnaşyk we beýleki maksatly ýokary desgalar halkara üldňülerine doly laýyk gelýär.
Türkmenistanda gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan Aziada-2017-ä taýýarlyk çäreleri ýurdumyzyň sport binýadynyň ösdürilmeginde, bu ugra degişli ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagynda has-da möhümdir. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işleri ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Onuň baş maksady beden taýdan sagdyn belent ruhly ýaşlaryň terbiýelenmeginden, halkymyzyň we mähriban Watanymyzyň her bir raýatanyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.