Ï Ýaş ussatlaryň çeken owadanja suratlarynyň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş ussatlaryň çeken owadanja suratlarynyň sergisi açyldy

view-icon 739
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Çeperçilik sergiler müdirliginde Ýaş türkmen ussatlarynyň çeken miniatýura žiwopisiniň sergisi açyldy.

M.Abdullynyň “Gül-Bilibil”, T.Gylyçdurdyýewanyň “Soltan Sanjar awda”, L.Taganowanyň “Söweş” atly häzirki zaman miniatýyra žiwopislerinde aw etmegiň, söweşmegiň, ertekilerdäki sýužetlerine däbe öwrülen kadalarynyň saklanylşy beýan edilýän bolsa, N.Nuryýewiň “Nejepoglan” dessanyna bagyşlanyp döredilen suratlar tapgyrynda we beýleki “Çopan”, “Bagşy”, “Duşuşyk” ýaly işlerinde häzirki zaman durmuşynyň durmuş sahnalary agdyklyk edýär.


L.Taganowanyň “Aýly agşam”, T.Gylyçdurdyýewanyň “Gülleriň tansy” we “Ejemiň iş stoly” ýaly miniatýur işleri öz ajaýyplylygy bilen tapawutlanýar. A.Mämmetberdiýewiň “Ykbal” atly miniatýur eseri çuňňur filosofiki mana eýe bolupdyr. Ýurduň ajaýyp tebigatyna bagyşlanyp döredilen eserler ekspozisiýada aýratyn orun eýeleýär.

Gündogaryň gadymy miniatýura sungaty gadymy gol ýazmalar, nusgawy şygyrýetiň eserleri, taryhy wakalar, gahrymançylykly eposlar bilen berk baglanyşyklydyr.