Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Çeperçilik sergiler müdirliginiň sergiler zalynda monumental žiwopisiniň ussady, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çarymyrat Saryýewiň “Mozaika we diwara surat çekmek” atly sergisi açyldy.
Aşgabat şäheriniň binalarynyň öňünde milli däplere eýerilip ýerine ýetirilen mozaika işlerini häzir hem görmek bolýar. Sungatyň bu görnüşi Çarymyrat Saryýew üçin hakyky durmuş ýörelgesine öwrüldi. Bu günki gün onuň pannolary Aşgabadyň binalaryny, Daşoguzyň we Marynyň muzeýleriniň öňüni, şeýle hem Marynyň kitaphanasynyň interýerlerini bezeýär. Ussadyň işleriniň arasynda – gün şöhleleri bilen baýlaşdyrylan deňiz tematikasy, azatlyk duýgusyny we täzeçilligi beýan edýän “Galkynyş” kompozisiýasy bardyr. Şeýlelik bilen “Toý” mozaikasynda suratkeş baýramçylyk şagalaňyny, halk tanslarynyň owadanlygyny, tans edýän ýigitleriň çalasynlygyny we hereketlerini takyk beýan etmegi başarypdyr.
Bu zehinli monumentalistiň işleri milli däplere ygrarlylygy, dünýäni buýsanç bilen duýmagy, şatlykly äheňleri özüne birleşdirýär. Bu bolsa onuň eserleriniň durmuş bilen deň gadam urýandygyny aňladýar. Çarymyrat Saryýewiň ekzpozisiýalary žiwopisi söýýänlerde, şeýle hem arhitektorlarda uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi ussadyň, köp sanly halkara sergilerine gatnaşyjynyň döredijiliginde owadan mozaika pannolar esasy orny eýeleýär.