Ï Türkmen kamera orkestri germaniýanyň Baýrýoýtinde çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kamera orkestri germaniýanyň Baýrýoýtinde çykyş etdi

view-icon 787
Türkmen milli konserwatoriýasynyň dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestri Germaniýanyň Baýrýoýtinde geçirilen “Ýaş zehinler” festiwalyna indi üçünji gezek gatnaşdy. Festiwal bu ýyl orkestr sazyna bagyşlandy.

Türkmen döredijilik topary festiwalda eklektiki progarmmany görkezdi. Onda ýewropa klassikasy bilen türkmen milli sazy utgaşyp gitdi. Kerwen Aýdogdyýewiň dutarda ýerine ýetiren solosy orkestriň sazynyň özboluşly üstüni ýetirdi. Dutarda A.Agajykowyň geçirmeginde “Durdy bagşy” we Weli Ahmedowyň işlän “Balsaýat” halk sazlary ýaňlandy. Türkmen kompozitorlarynyň eserlerine ýerine ýetiren Gözel Annahanowanyň wokalyny hem tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar.

Türkmen milli lybaslary, bezeg şaý-sepleri dutarçy Kerwen Aýdogdyýewiň we aýdymçy Gözel Annahanowanyň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin berdi, konserte adatdan daşary özboluşlylygy çaýdy. Tomaşaçylar sahnanyň aňyrsyna gelip, kümüş bezegleri, keteni matasynyň taýýarlanyş usuly bilen içgin gyzyklandylar.

Festiwalda türkmenistanlylary birleşdirilen orkestrleriniň birden ikisinde: Londandan gelen dirižýorlaryň – Klara Tompsonyň ýolbaşçylyk edýän kamera orkestrinde we Piter Starkyň simfoniki orkestrinde çykyş etmäge çagyrdylar. Hytaýyň, Maltanyň, Portugaliýanyň, Ispaniýanyň sazandarlary bilen bilelikde çykyş etmekleri türkmen ýerine ýetirijilik mekdebiniň hünär ussatlygynyň hakyky ykrar edilmesi boldy.

Türkmen orkestri Baýrýoýtden başga hem ýene-de nemes şäherleriniň ikisinde çykyş etdi.Ýaşlar döredijilik orkestriniň konsertleri tomaşa zallaryny hemişe doldurýar. Onuň artistleri öz sungatlary bilen biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda muşdaklary barha köp toplaýar.