Şu gün paýtagtymyzda neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly ylmy maslahat açyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralýan bu ýöriteleşdirilen forum geçirilýän ýyllarynyň içinde kitap neşirýatynyň hem-de çaphana sungatynyň milli we dünýä derejesinde gazanylan üstünlikleriň sergisine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de giň halkara gatnaşyklaryny ugur edinýän kitap sergisi dünýäniň iri neşirýat öýlerinde we çap enjamlaryny öndürijilerde uly gyzyklanma döredýär. Maslahata gatnaşyjylaryň düzümi hem munuň aýdyň subutnamasydyr, olaryň hatarynda uzakmöhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň synagyndan geçen, hemişelik türkmen bazarynda işe täze başlan hyzmatdaşlar bar.
ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Eýranyň, Hindistanyň, Saud Arabystanynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň we beýleki ýurtlaryň neşirýat öýleriniň hem-de çaphana kärhanalarynyň, işewür we edebi toparlaryň 140-a golaý wekilleri Aşgabatda ýygnandylar. Wekiliýetleriň düzüminde belli edebiýatçylar, terjime ussatlary, alymlar, suratkeşler, žurnalistler, döwlet we iri ylym-bilim düzümleriniň—Kembrij, Oksford we Illinoýs uniwersitetleriniň, Moskwanyň Iwan Fedorow adyndaky Metbugat döwlet uniwersitetiniň, Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň we Eýranyň ilçihanalarynyň ýanyndaky maglumat we medeni merkezleriniň wekilleri bar.
Sergi köşgüniň giň zallarynda ýerleşdirilen diwarlyklar kitap we çap önümleriniň täzelikleri, dürli neşir enjamlaryny, kömekçi serişdeleri öndürijileriň diwarlyklary, tanyşdyrmalary, döredijilik duşuşyklaryny we işewür gepleşikleri geçirmek üçin ýörite meýdançalar bilen utgaşdy.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda belleýşi ýaly, “Her bir halkyň ykdysady ösüşleri, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen onuň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan orny kesgitlenýär. Şeýle ösüşlere ýetmekde kitabyň orny uludyr. Ähli ösüşleriň, ylmyň gazananlarynyň gözbaşy adam paýhasynyň şamçyragy bolan kitapdan başlanýar. Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr”.
Milli Liderimiz neşirýatçylara, çaphana ulgamynyň işgärlerine, çeper söz ussatlaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kuwwatly neşirýat ulgamynyň kemala getirilmeginde, neşir edilýän önümleriň sünnälenip, sungat derejesine ýetirilmeginde bu ulgamyň işgärleriniň hyzmaty örän uludyr diýip belledi... «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň X halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty hem milli neşir önümlerimiziň aýratynlyklaryny dünýä ýaýmaga, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga ýardam eder, geljekde neşir önümleriniň has-da ýokary hilli çykarylmagyna itergi berer. Forum dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlara ýurdumyzda çap edilýän kitaplar, ýazyjy-şahyrlarymyzyň çeper döredijiligi bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik berer.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çaphana – neşirýat pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm gumanitar esaslarynyň biri bolup, döwletimiz bu ugry ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlaryny goýberýär. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde dünýäniň esasy öndürijilerinden innowasion tehnologiýalaryň hem-de döwrebap tehnikalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda häzirki zaman neşirýat önümçiliginiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.
Şu ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň täze Metbugat öýi toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň neşirýat pudagy has-da uly üstünlikleri gazanmaga kuwwatly itergi aldy. Ine, şu ýylyň geçen 8 aýynda kitaplaryň umumy sany 4 million 815 müň bolan 237-ä golaý görnüşi çykaryldy, şol sanda başlangyç, orta we ýokary bilim ugurlarynyň ählisi boýunça okuw-usuly edebiýatynyň 100 görnüşi, gazetleriň we žurnallaryň 53 görnüşi çap edildi.
Türkmen döwletiniň gazananlary, baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen tanyşmagyň täsin serişdesi bolan ýurdumyzda neşir edilýän kitaplar abraýly sergilerde ýokary baha mynasyp bolýar.
Milli bölümimiziň XXVIII Moskwa halkara kitap sergisinde uly üstünlik gazanmagyň munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşýan ýurtlaryň “Kitap sungaty” atly on ikinji halkara bäsleşigiň jemleri boýunça “Meniň ýurdum” diýen bölümde milli Liderimiziň “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan” atly kitaby iň gowy iş diýlip ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesinde alyp baýran işlerine bagyşlanan “Dünýäde ykrar edilen Lider” atly kitap, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýäniň 21 dilinde çap edilen akademiki neşiri “Baş baýrak” diýen bölümde, “Arkalaşykda çap edildi” diýen bölümde “Bagtyýarlyk döwrüne bagyşlama” diýen kitap, Wiktor Sarianidiniň hem-de Nadežda Dubowanyň “Gadymy Margiananyň genji--hazynasy” atly ylmy işi üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugyna ýokary sylaglar gowşuryldy.
Häzir iri döwlet kärhanalary hem-de hususy kompaniýalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň uly mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Olar şu sergide dürli çap we neşir önümleriniň uly ýygyndysy bilen tanyşdyrdylar. Owadan bezelen albomlar, okuw kitaplary, nusgawy türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň eserleri, dürli reňkli täze kitaplar, şol sanda çagalar üçin kitaplar, döwürleýin žurnallar, dürli reňkli bukletleriň we otkrytkalaryň ýygyndylary bezeg taýdan ýerine ýetirilişi bilen ünsüňi özlerine çekýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri görkezilen merkezi diwarlyk sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik kitapdan ybarat bolan işi hem bar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň eziz Watanymyz hakynda täze kitaplarynyň—“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty”, “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...” we beýlekiler, 2015-nji ýylda çap edilen “Kitaby dädem Gorkut” çagalar üçin ajaýyp kitaplaryň ençemesi, “Türkmenistanyň kosmos ulgamy “TürkmenÄlem 520E: milli aragatnaşygyň ösüşinde täze döwür” atly ýygyndy bar.
Ýeri gelende aýtsak, sergide Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemek, başlangyç hem-de orta bilim ulgamyna has kämil okuw serişdelerini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelen döwlet düzümleriniň we ylym-bilim merkezleriniň, neşirýat öýleriniň hem-de söwda kärhanalarynyň diwarlyklarynda ylmy, çagalar, çeper edebiýat, sungat we taryh boýunça kitaplar, okuw gollanmalary hem-de fotoalbomlar görkezildi.
Günüň ikinji ýarymynda “Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa neşirýatlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphana düzümleriniň wekilleri, çaphana önümçiliginiň hünärmenleri edebiýatçylar we žurnalistler gatnaşdylar. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda neşirýat pudagynyň gazananlary, kitap we beýleki çaphana önümleriniň önümçiligine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tejribesi, maglumat alyşmagyň elektron hyzmatlaryny döretmek we elektron usulda kitaplary ýaýratmak bilen tanyşdylar.
Gyzykly pikir alyşmalaryň barşynda degişli ugur düzümleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, şol sanda neşirýat işiniň we çaphana tehnologiýasynyň, terjimeçilik işiniň hünärmenlerini taýýarlamagyň, kitaphana we döredijilik hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Sergi merkeziniň meýdançasynda türkmenistanly hem-de daşary ýurtly ýazyjylaryň we şahyrlaryň gatnaşmagynda milli Liderimiziň “Türkmen medenýeti” we “Ile döwlet geler bolsa...” atly täze kitaplaryna bagyşlanan döredijilik duşuşygy boldy.
Russiýa Federasiýasynyň neşirýat edaralarynyň we redaksiýalarynyň täze kitaplary görkezilen milli sergisiniň tanyşdyryş çäresi halkara sergi-ýarmarkasynyň birinji gününiň möhüm wakasy boldy. Russiýa ýurdumyzda her ýyl geçirilýän kitap sergisiniň iň esasy we hemişelik gatnaşyjysy bolup durýar. Onuň wekilleriniň arasynda çaphana işi boýunça Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri bar. Bu ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlary hem bilim alýar.
Forumyň indiki günleriniň baý mazmunly meýilnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eseriniň koreý dilinde neşir edilen üçünji jildiniň, “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty” kitaplarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen çeper eserleriň we çagalar edebiýatynyň tanyşdyrylyşy ýaly möhüm wakalary öz içine alýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda russiýaly kitap bezeýji suratkeşler ussatlyk sapagyny geçirerler. “Halklaryň dostlugy” žurnalynyň wekilleri türkmen talyplary bilen döredijilik duşuşygynda terjime işiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň medeniýet işgärleri, žurnalistleri we redaksion birleşmeleriň işgärleri “tegelek stoluň” başynda duşuşar.
Mundan başga-da, kitap sergisine gabatlanyp çagalar edebiýatynyň hepdeligi geçirilýär. Onuň barşynda ýurdumyzyň mekdeplerinde, kitaphanalarynda, seýilgählerinde çeper okaýyşlar, edebi-sazly çykyşlar, suratlaryň sergileri, halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýan döwletleriň çagalar şahyrlary we ýazyjylary bilen duşuşyklar guralar.