Ï Meşhur aýdymçylar we ýaş artistler konserti bitaraplyga bagyşladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meşhur aýdymçylar we ýaş artistler konserti bitaraplyga bagyşladylar

view-icon 994
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdürligi “Türkmen ertekiler dünýasi” medeni-dynç alyş merkezi bilen bilelide konsert gurady. Paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, merkeze gelenleriň köp sanlysy konserte tomaşa etdiler.


Arslan Atdanowyň ýerine ýetiren “Arkadagym” atly aýdymy könserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Meşhur estrada aýdymçylar öz çykyşlarynyň her bir sanynda söýgüli watanymyz Türkmenistanyň gülläp ösýän keşbini giňden ýaýdylar.

Mikrofonyň ussat aýdymçylarynyň ellerinden ösüp gelýän ýaş nesliň – Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ellerine geçmegi bu konsertiň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Bu okuw mekdebiniň skripkaçylar we akkordeonçylar ansambllarynyň çykyşlary ösboluşly sazlaşygy tapdy, horuň ýerine ýetiren aýdymy bolsa adam üçin iň mähriban ynsan bolan enä bagyşlandy.