Ï “Joşgun” we “Ruhubelent” çagalar aýdym-saz toparlary Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Joşgun” we “Ruhubelent” çagalar aýdym-saz toparlary Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular

view-icon 1217
“Joşgun” we “Ruhubelent” çagalar aýdym-saz toparlaryny köplenç doganlar diýip atlandyrýarlar. Olaryň birinjisi BAE Prezidenti Şeýh Zaid bin Sulatan Al-Nahaýan adyndaky “Döwletliler” köşgüne degişli bolsa-da, ikinjisi bolsa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň medeni-işewürler merkezine degişli bolsa-da bu iki toparyň tansçylary köplenç bilelikde türgenleşýärler hem-de çykyş edýärler. Şu ýyl bu toparlaryň ikisi hem “Türkmenistanyň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijiler boldular hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baýraklary bilen sylaglandylar.

– 15 ýyl mundan ozal “Döwletliler” köşgünde tans gurnagynyň açylýandygy barada bildiriş peýda boldy diýip, iki toparyň hem çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Leýli Babaýewa gürrüň berýär. – Tans bilen meşgullanmaga isleg bildireý oglanjyklar we gyzjagazlar tans zalyny doldyrdy. Bu ýerde olara taýýarlaýyş toparynyň okuwyny geçmek garaşýardy. Ilki bilen bedeniň, kelläň, aýaklaryň we elleriňi dogry durmagy üçin türgenleşmeli. Ýöne bu olaryň hemmesine başartmady. Bu bolsa biz üçin iň gowylary saýlap almaga mümkinçilik berdi. Tansçy bolmak üçin başarjaňlygyň, höwesiň we erjelligiň gerek. Haçan-da bu ukyplaryň haýsydyr biri bolmasa tans bilen meşgullanmagyň haýry ýok.

Ýöne, iş tejribesinden görnüşi ýaly, zehinli we maksada okgunly çagalar az däl. Tiz wagtdan tans gurnagyndan ansambl döredi. Oňa “Joşgun” diýip at goýdular. Bu günki gün onuň repertuarynda ajaýyp tanslar köp. Olardan «Gülleriň tansy» ýa-da «Sport tansyny» tanslaryny görkezmek bolar. Ýöne, bu toparyň “Almaly tans” atly tansy onuň esasy tansydyr. Onuň esasynda türkmen milli oýny ýatandyr.

Tans bilen meşgullanmaklary çagalry düýbünden täze keşbe eýe edýär. Yzygiderli geçirilýän türgenleşikler çagalary beden taýdan berkitdi. Ýöne bu ýerde esasy zat – olar psihiki taýdan berkedi, has açyk göwünli boldular. Milli baýramçylyklaryň geçirilýän günlerinde üstünlikli çykyş etmekleri, tomaşaçylaryň ykrar etmekleri ansamla döwlet we halkara derejesinde geçirilýän festiwallara we bäsleşiklere gatnaşmaga şert döretdi. Daşary ýurtlarda biziň ýurdumyzyň tans sungatyny görkezmek hemişe uly hormat bolup durýar. Biziň tansçylarymyz diňe şu ýylyň özünde Türkiýede we Hytaýda boldylar.

«Ruhubelent» anasambly «Joşgun» ansamblyna garanyňda iki ýyl giç döredildi. Ýöne bilelikde geçirilýän türgenleşikleriň we çykyşlaryň netijesinde olar öz ussatlygy boýunça deň derejede çykyş edýärler. Ýene-de bir üns bermeli zat – ol hem adatça, tans toparlarynda oglan “gytçylygy” bolýar, ýöne bu ýagdaý «Joşgunda» tersine, onda gyzlara garanyňda oglanlaryň sany köp.

«Ruhubelent» anasamblynyň ýerine ýetiren «Awaza – dostluk mekany», «Agzybirlik tansy» ýaly tanslaryna we beýleki çykyşlaryna diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde buýsançly el çarpylman, eýsem Türkiýede, Serbiýada, Polşada, Hytaýda hem el çarpyşmak bilen, olaryň berekellasy ýetirildi.