Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik sungaty muzeýinde Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp çeper sergi açyldy. Onuň ekspozisiýasyny zähmeti we açyk asmanyň astyndaky bagtly durmuşy wasp edýän türkmen we daşary ýurtly hudožnikleriň eserleri düzdi.
Peýzaž suratlary, natýumortlar, portretler türkmen halkynyň taryhyny, durmuşyny we däp-desuryny beýan edýärler. Türkmen halkyna mahsus bolan parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri Ýe.Adamowanyň, D.Baýramowyň, S.Ýaranowyň, S.Meredowyň we beýleki awtorlaryň eserleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýär.
Häzirki zaman ýaş suratkeşleriň eserlerinde parahatçylykly durmuş wasp edilýär. Olar öz eserlerinde saglyk ýoluny we Giňdiwaryň belentliginden görünýän paýtagtyň ajaýyp görnüşini; Ak mermerli Aşgabadyň parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderili görnüşini; gök asmanyň astynda buýsanyçly parlaýan Watanymyzyň nyşany ýaşyl baýdagmyzdaky bitaraplygy aňladýan zeýtun ýapragyny suratlandyrypdyrlar.
K.Gullaýewiň “Parahatçylyk gün” atly eserinde çaganyň ýylgyryp duran keşbinde şatlykly we bagtly durmuş görkezilýär. Ýagty reňklerde ýerine ýetirilen bu eser zeminiň üstünde baky dowam edýän durmuş hökmünde kabul edilýär.
Polotnolarda geçen asyrlaryň arhitektura ýadygärlikleri beýan edilýär. W.Kudrýaşowyň “Parfiýa” atly işinde gadymy döwre şaýatlyk edýän gadymy Nusaý galasy görkezilýär. Ol türkmen halkynyň taryhy ýadygärliklerine we medeni mirasyna aýawly garalmaldygynyň nusgasy hökmünde beýan edilýär.
Türkmen hudožnikleriniň surat polotnolarynda parahatçylykly durmuşyň gaýtalanmajak pursatalry – dutar çalyp oturan bagşynyň keşbi, oýnap oturan çagalar, çopanlaryň zähmeti, biziň şäherlerimiziň özgerýän keşpleri, obadaky täze durmuş we Garagumyň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişlikleri ussatlyk bilen beýan edilýär.
Hudožnigiň dürli nesillerini birleşdiren sergi bagtly gelejege ymtylýan türkmen halkynyň parahatçylykly durmuşynyň özboluşly beýany boldy.