Ï TSTB Yssyk kölünde maýa goýum taslamasynyň gurluşygyny görkezdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TSTB Yssyk kölünde maýa goýum taslamasynyň gurluşygyny görkezdi

view-icon 900
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk kölünde kaşaň myhmanhananyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlasy.

Myhmanhananyň umumy tutýan meýdany 4,37 gektar bolup, ol 80 orunlyk bolar. Onuň daşky infrastrukturasyna ýapyk suwa düşülýän howuz, sport we çagalar meýdançalry, ulag goýulýan ýer girer. Taslamany 24 aýyň dowamynda gurmagy maksat edinýän «Döwlet gurlyşyk» HJ amala aşyrar.

Şu gün taslama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-6 awgustda Gyrgyzstana bolan döwlet saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriniň temalarynyň biri hem syýahatçylyk ulgamynda we rekereasion senagatynda hyzmatdaşygy etmek barada boldy. Bu babatda iki tarapyň hem ajaýyp uly gelejegi bardyr.

Gyrgystanda dag syýahatçylygyny ösdürmek boýunça gowy tejribe toplanandyr, Yssyk kölüniň ady bolsa halkara brendi boldy diýip, ýurt baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistanda hem bu ulgamda giň mümkinçilikler bardyr. Hazar deňziniň türkmen kenarynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyny döretmekde iri göwrümli we gelejegi uly bolan taslama amala aşyrylýar. Bu günki gün gadymy Hazaryň kenarynda müňlerçe adamlaryň dünç alýan myhmanhanalar toplumyny we sagaldyş merkezlerini öz içine alýan infrastruktura toplumy işleýär.

Bu gelejegi uly bolan ugurda özara hyzmatdaşlyk etmage Türkmenistanyň taýýardygyny beýan etmek bilen, milletň baştutany Yssyk Köl oblastynda bäş ýyldyzly myhmanhanany gurmaklygy teklip etdi. Bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe taslamany amala aşyrmak üçin ýerinde şertleri we mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyryk berdi. Şeýle hem türkmen döwletini baştutany gyrgyz hyzmatdaşlaryna “Awazada” dynç alyş desgasynyň gurluşygy üçin mümkiçiliklere garamagy teklip etdi.

Şunuň bilen baglanyşykda gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 15-niň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk Köl oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi.