Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi netijesinde Türkmenistanda sportuň täze görnüşleri meşhurlyga eýe boldy. Ýurdumyzda sazlaşykly ösýän sportuň görnüşleriniň hatarynda köpugurly söweş sungatynyň bardygyny we onuň bilen meşgullanýan türgenleriň diňe bir içerki ýaryşlarda däl, eýsem halkara sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanýandygyny bellemeli.
Köpugurly söweş sungaty sportuň toplumlaýyn görnüşi bolmak bilen, ol dürli görnüşdäki päsgelçilikli ýörite zolagy ýeňip geçmek we ringde bäsleşmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Şu ýylyň 21-26-njy sentýabrynda Russiýanyň Medyn şäherinde ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda geçirilen köpugurly söweş sungaty boýunça dünýä ýaryşlaryna 23 ýurtdan saýlama türgenler gatnaşdylar. Şonda Aşgabadyň mekdpleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçylaryň 5-si Türkmenistana wekilçilik etdiler. Olaryň her biri “laýt” we “nusgawy” bölümlerinde çykyş edip, kümüş we bürünç medallary eýelediler.
Şeýlelikde, pýatagtymyzdaky 6-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Amirşa Kabulow 50 kilogram agram derejede, “laýt” ugry boýunça dünýäniň güýçli türgenleri bilen göreşip, üçünji orny eýeledi. “Nusgawy” görnüşinde bolsa ol ikinji orna mynasyp boldy. Şol mekdebiň ýene bir okuwçysy Ylýas Berdigylyjow 55 kilogram agram derejede çykyş edip, “laýt” bölüminde ikinji, “nusgawy” bölüminde bolsa üçünji orna düşüp, degişlilikde kümüş we bürünç medallara mynasyp boldy. 69-njy orta mekdebiň 11-nji syn okuwçysy Meýlis Kiçikakaýew 60 kilogram agram derejede çykyş edip, edil şunuň ýaly netije gazandy.
70-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 65 kilogpam agram derejede çykyş edýän Enwer Kiçikakaýew we 70 kilogram agram derejede çykyş edýän Begençmyrat Myradow dünýä çempionatynda sport hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Olaryň birinjisi “laýt” görnüşinde kümüş medala, “nusgawy” görnüşde bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Ikinji türgen “laýt” görnüşinde bürünç, “nusgawy” görnüşde bolsa kümüş medallary eýeledi.
Dünýä brinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda biziň türgenlerimiz jemi 10 medal- 5 kümüş we 5 bürünç medal eýelediler.
...Kikboksing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlar hem türkmen türgenleri üçin netijeli boldy. Bu iri halkara bäsleşigi şu ýylyň 22-27-nji sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Anapa şäherinde geçirildi. Oňa 23 döwletden saýlama türgenler gatnaşdy. Biziň ýurdumyzdan bu ýaryşa 8 türgen gatnaşdy we olaryň her biri Watanymyzy medally dolandy.
Şunlukda, kikboksing boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň türgeni 60 kilogram argam derejede çykyş edýän Pygy Sylabow “ful-kontakt” bölümi boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň “Rysgal” şahamçasynyň baş hünärmeni Rejepguly Ataýew 63,5 kilogram agram derejede çykyş edip, şeýle netijäni gazandy. 91 kilogramdan ýokary bolan agram derejede çykyş edýän harby gullukçy Ylam Geldimämmedow, lou-kik, bölüminde çykyş edip, ikinji ýere mynasyp boldy.
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi, 54 kilogram agram derejede çykyş edýän Agamyrat Amangeldiýew we 57 kilogram agram derejede çykyş edýän, ýurdumyzyň Kikboksing boýunça milli toparynyň türgeni Sylap Sylabow bürünç medallary eýelediler. Türgenleriň ikisi hem “ful-kontakt” görnüşinde bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary hem bu ýaryşlarda gowy netije gazandylar. Şeýlelikde, institutyň 4-nji ýyl talyby, 63,5 kilogpam derejede çykyş edýän Ysmaýyl Ataýew K-1 bölüminde göreşip, üçünji orna mynasyp boldy we bürünç medala eýeledi. Şeýle hem 81 kilogram agram derejede çykyş edýän institutyň 5-nji ýyl talyby Begenç Ýarymow we ikinji ýyl talyby, 75 kilogram derejede çykyş edýän Begjan Annagylyjow “ful-kontakt” bölüminde bürünç medallara mynasyp boldular.
Netijede ýurdumyzyň türgenleri 3 kümüş we 5 bürünç medal eýeläp, Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň üstüni ýetirdiler.
Şeýlelikde, geçen hepde söweş sungaty bilen meşgullanýan türkmen türgenleri üçin baýraklara baý hepde boldy. Türgenlerimiziň köpugurly söweş sungaty we kikboksing boýunça dünýä ýaryşlarynda şowly çykyş edip, medallaryň 18-sini eýeläp, Watanymyza dolanmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr.