Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň ýetip gelýän şanly baýramyna bagyşlanyp Aşgabadyň Maslahat köşgünde däbe öwrülen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly çagalaryň aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň dabaraly konserti boldy. Ony Türkmenistanyň Bilim minstrligi we Medeniýet ministrligi gurady.
Ýaş nesliň arasynda bu döredijilik bäsleşigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” atly umumymilli bäsleşigiň çäklerinde geçirilýär. Gyzykly döredijilik bäsleşigi her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan aýdym -saza ukyply ýüzlerçe çagany ýygnaýar. Ýeňijileriň arasynda geçirilýän konsertden öň ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde, welaýatlarynda bäsleşigiň saýlama tapgyry badalga alýar. Birnäçe tapgyryň netijesi boýunça bu dowamly bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenilýär.
Bäsleşigiň Aşgabatda geçýän jemleýji tapgyryna gatnaşmak welaýatlar boýunça saýlama tapgyrlaryň ýeňijileriniň arzyly maksadydyr. Çünki bu çagajyklaryň her biri milli aýdym-saz sungatynyň dogup gelýän ýyldyzjyklary hökmünde ýurdumyzyň iň esasy sahnasynda çykyş etjek pursatlaryna tolgunmak bilen, sabyrsyzlyk bilen garaşypdylar. Şonuň üçin hem olar Watana bolan çäksiz söýgüsini, çagalygyň bagtyýar döwrüni bagyşlan milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, tutuş ýurdumyzyň öňünde abraý bilen çykyş etmäge uly şatlyk we ruhubelentlik bilen taýýarlandylar.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň dabaraly konsertine gatnaşan zehinli çagalar jemleýji çykyşlaryň öňüsyrasynda türkmen tebigatynyň ajaýyp künjegi bolan Gökderede bolup, bir-birek bilen tanyşdylar we dostlaşdylar. Şol ýerde amatly we giň otaglary bolan, dynç almak we dürli oýunlar, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri bolan “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş merkezi gapysyny giňden açyp, çagalary myhmansöýerlik bilen garşylady.
Bäsleşigiň öňüsyrasyndaky günler oňa taýýarlyk hem-de döredijilik bäsleşiginiň guramaçylary tarapyndan taýýarlanan beýleki gyzykly çäreler bilen gurşaldy. Şol çäreleriň dowamynda çagalar ak şäherimiz Aşgabadyň gözel ýerlerine, çagalaryň oýun we göwün dynç merkezlerine, muzeýlere gezelenç etdiler. Çagalaryň her agşamy döredijilik ruhunda geçdi. Ýaş zehinler Watana çyn ýürekden söýgüsini, çagalygyň bagtyýar ýurduna bolan buýsanjyny beýan edýän aýdymlar, goşgular bilen çykyş etdiler.
Ahyrsoňy çagalar üçin köp garaşdyran iň tolgundyryjy gün - olaryň bu dowamly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri hökmünde çykyş etmeli güni gelip ýetdi. Bu gün ýurdumyzyň zehinli çagalary jemleýji dabaraly konserte gatnaşmak üçin paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüne ýygnandylar.
Döredijilik bäsleşiginiň dabaraly açylyşynda oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Döwlet senasyny bilelikde ýerine ýetirmegi dabara watançylyk ruhuny çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşýan zehinli çagalara iberen Gutlagy okaldy. Gutlag dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Milli Liderimiziň “Garaşsyzlyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijilerine Gutlagynda belleýşi ýaly, çagalaryň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde bu aýdym-saz bäsleşigine uly orun degişlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Zehinli, başarnykly, beden taýdan sagdyn we belent ahlakly nesiller Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň güýji- kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir.
Döwlet Baştutanymyz bäsleşige gatnaşýanlara ýüzlenip, merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer däplerine eýerip, milli medeniýetimize, çuň many-mazmunly aýdym-saz sungatymyza bolan söýgüleri we yhlaslary bilen agzybirligi, ynsanperwerligi we bagtyýarlygymyzy wasp etjekdiklerine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan jemleýji konsert bäsleşige gatnaşan çagalar toparynyň ýerine ýetirmeginde hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilen ýurtda ösüp barýan ýaş nesle döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladasyny we ünsüni wasp edýän, gyzykly, şahyrana – sazly çykyş bilen açyldy. Çagalaryň çykyşy bagtly çagalygyň, parahatçylygyň, dostlugyň we tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň waspnamasy boldy.
Dabaraly konsert bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalaryň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Täsirli çykyşlar Maslahat köşgüniň uly konsert zalynda çagalaryň çäksiz bagtyýarlygy bilen baýramçylyk ruhuny döretdi. Oňat bezelen sahnada bäsleşige gatnaşan çagalar tarapyndan çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduny belent wasp edýän çykyşlaryň onlarçasy ýaňlandy.
Belent owazly aýdymlarda, joşgunly tanslarda, edebi-sazly we folklor çykyşlarynda ýurdumyzyň durmuşyň ähli ulgamlarynda - medeniýetde, ylymda, bilimde, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, ak mermerli paýtagtymyzyň we Hazar deňziniň kenarynyň haýran galdyrýan dürdänesi - "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmekde, türkmen halkynyň ruhy-taryhy mirasynyň aýawly saklamakda gazanylan üstünlikler beýan edildi. Çagalar sahna sungatynyň dilinde tomaşaçylara geljekde eýe bolmak isleýän hünärleri hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegine işjeň gatnaşmak baradaky arzuwlaryny ýetirdiler. Uly baýramçylyk konserti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösýän çagalygyň bagtyýar ýurdy - Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimize, bagtly çagalygyň ýurduna, mähriban Arkadagymyza çagalaryň hoşallygyny beýan edýän jemleýji aýdym bilen tamamlandy. Bäsleşige gatnaşan çagalaryň topar bolup ýerine ýetiren bu watançylyk aýdymy tomaşaçylyaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Bu gyzykly döredijilik bäsleşigine gatnaşanlaryň hemmesi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldy.