Ï 60 ýaşdan ýokary ýaşly küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň Çempionaty boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

60 ýaşdan ýokary ýaşly küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň Çempionaty boldy

view-icon 1006
Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde klassiki küşt boýunça ussatlaryň we küşt söýüjileriň 60 ýaşdan ýokary ýaşlylaryň arasynda Türkmenistanyň Çempionaty geçirildi. 22-30-njy sentýabr aralygynda dowam eden bu ýaryş ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan iň güýçli 12 sany küştçilerini toplady.


On bir turdan soň ilkinji üç ýeňiji kesgitlendi. Birinji orna 10,5 utuk toplan Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony bolan Amanmyrat Kakageldiýew (Aşgabat), ikinji orna 8 utuk gazanan, FIDE-niň ussady Muhtar Temirow (Lebap), üçünji orna bolsa 7 utuk toplan Şanyýaz Annanyýazow (Aşgabat) mynasyp boldular. Çempionatyň ýeňijilerine bu çempionatyň hemaýatkäri “Akdaş” hususy kärhanasynyň gymmatly baýraklary gowşuryldy.

Birinji we ikinji orna mynasyp bolanlar Ýer şarynyň ähli ýerinden 60-dan ýokary ýaşly küştçileri ýygnajak, Italiýada küşt weteranlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.