Ï Aşgabatda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

view-icon 840
Şu gün paýtagtymyzdaky “Arkadag” seýilgähinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Sungata höwesli ýaş zehinleriň bu döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Medenýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri guradylar.

Bu bäsleşik ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaş ýerine ýetirjileriň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Oňa dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medenýet edaralarynyň we beýleki ulgamlaryň işgärleri höwes bilen gatnaşýarlar. Telebäsleşige gatnaşýan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy ýyl geldigiçe kämilleşýär. Bu bolsa aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösüşini wasp edýän ýerine ýetirijileriň arasyndan iň ökdesini, iň zehinlisini saýlamakda emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk wezipe goýýar.

Ýaş höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!”-2015 telebäsleşiniň jemleýji tapgyry hem munuň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna guralýan däbe öwrülen bu telebäsleşik köp dürli öwüşgini bilen özboluşly milli saz sungatymyzyň, ýerine ýetirijilik ussatlygynyň hakyky dabaralanmasy boldy.

Telebäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaly iň mynasyp aýdymçylar, Aşgabatda we ähli welaýatlarda geçirilen deslapky saýlama tapgyrlaryň netijeleri esasynda kesgitlendi. Deslapky tapgyrlaryň ýeňijileri “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji dabaraly konsertinde çykyş etmäge hukuk gazandylar.


Ýaş ýerine ýetirijileriň jemleýji bäsleşige çykmak ugrundaky çykyşlaryna, ses aýratynlyklary, ýerine ýetirijilik ussatlygy we özboluşlylygy, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň sahnada özüni alyp barmak endikleri ýaly görkezijiler boýunça baha berildi.

Ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmaga, ussatlygy bilen meşhur bagşy-sazandalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam edip, türkmen aýdym-saz sungatynyň abraýyny artdyrýan aýdymçy sazandalaryň ýüze çykmagyna ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ”Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlamagynda belleýşi ýaly, Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitlerde medenýet we sungat ussatlarynyň hem mynasyp goşandy bardyr. Ýurdumyzyň medenýet we sungat ussatlarynyň döredijilikli işlemegi, täze, döwrebap, kämil eserleri döretmegi üçin ähli şertler üpjin edilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýaş ýerine ýetirijileriň sungat äleminde mynasyp orunlaryny tapyp, döwrebap aýdym-sazlar bilen milli sungatymyzyň ösmegine geljekde hem mynasyp goşant goşjakdyklaryna, ýaş kalplaryndan joşup çykýan ýakymly aýdymlar bilen bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrjakdyklaryna pugta ynanýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik äleminde täze sepgitlere eýe bolmagy üçin güýçli itergi bolýar. İne, bu gün hem baýramçylyk konsertine gatnaşýan ýaş aýdymçylar milli Liderimiziň döredijiliklerine şeýle ýokary üns berýänligine ruhlanyp, paýtagtymyzdaky sahnada halk aýdymlaryny we häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň eserlerini aýratyn inçelik we buýsanç bilen ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylary özleriniň ruhubelent çykyşlarynda mähriban Watanymyzy, halkymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini hem-de täze taryhy eýýamda-Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň aladalary bilen gazanylan ägirt uly özgertmeleri buýsanç bilen wasp etdiler. Telebäsleşige gatnaşýan aýdymçylaryň däp boýunça bilelikde ýerine ýetirýen “Ýaňlan, Diýarym!” aýdymy hem tomaşaçylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Telebäsleşigiň jemleýji tapgyry oňa gatnaşýan her bir aýdymçy üçin arzyly ýeňşiň ýolunda iň köp garaşdyran we togundyrjy pursat bolup, ussat türkmen aýdymçylarynyň hataryna goşulmaga hem-de meşhurlyk gazanmaga we ýurdumyzyň esasy sahnasyna çykmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Şonuň bilen birlikde hem, jemleýji konserte gatnaşmak ýaş aýdymçylar üçin olaryň taýýarlyk derejesini, zehinleriniň täze taraplaryny, ukyplaryny açyp görkezýän, ýeňiş üçin egsilmez gaýrat, sabyr-takat talap edýän jogapkärçilikli döredijilik synagydyr. Bu synag ýaş aýdymçylaryň aglabasy üçin şowly geçdi. Çünki aýdymçylara mahsus bolan ynamly çykyş etmek we elbetde, olaryň ýiti zehinleri we başarnyklary arzyly ýeňşe ýetmegiň girewi boldy.

Telebäsleşigiň iň tolgundyrjy pursady-onuň netijelerini jemlemek we ýeňijileri yglan etmek dabarasy döredijilik bäsleşiginiň tolgundyryjy pursaty bolup durýar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda telebäsleşigiň guramaçylary, milli Liderimiziň üns we goldaw bermegi netijesinde bu uly döredijilik bäsleşigine gatnaşýan zehinli ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny aýratyn bellediler. Bäsleşige gatnaşýan ýaş aýdymçylar ata Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten sepgitlerini buýsanç bilen wasp edýärler. Bäsleşikde çykyş edýän ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň kämilleşýändigi örän guwandyryjydyr. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň zehinli ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin edýän aladasynyň ýene bir gezek aýdyň ýüze çykmasydyr.

Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörüte diplomlara we baýraklara mynasyp boldular.

Ýaş höwesjeň aýdymçylar döwlet Baştutanymyza özleriniň ruhubelentlikli döredijilik işlerinde mundan beýläk hem mähriban Watanymyzy şöhratlandyrjakdyklaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.