Ï Puşkin teatrynyň ýaş artisti ýurduň esasy döredijilik baýragy bilen sylaglandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Puşkin teatrynyň ýaş artisti ýurduň esasy döredijilik baýragy bilen sylaglandy

view-icon 717
A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň hemişelik tomaşaçylary bu ýaş aktýory ilkibaşdan haladylar. Kerimiň daşky keşbi we aýdyň harizmliligi oňa sahnada aýratyn mähremliligi berýär hem-de onuň her bir ýerine ýetirýän keşbiniň ýatdan çykmazlygyna itergi berýär. Eger-de oýnalýan oýnda tans etmek mümkinçiligi bar bolasa, onda tansçy Kerim Ataýew öz ussatlygy bilen tomaşaçylary haýran galdyrýar hem-de oýun bolsa şonuň bilen şowly we ýatdan çykmajak oýna öwrülýär. Biziň habarçymyz ony gutlamak maksady bilen we tomaşaçylara özi barada gürrüň bermegini sorap, “Türkmenistanyň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Kerim Ataýew bilen duşuşdy.

- Kerim, siziň durmuşyňyzda hünär sizi saýlap aldymy, ýa-da siz hünäri? Şu barada aýdyp beräýseňiz!

- Megerem bularyň ikisem bir wagtda bolup geçendir. Sebäbi, men özümi bilenim bäri aktýor bolasym geldi. Haçan-da bu täsinlik öz-özünden bolup geçer hem-de bu öz-özünden amala aşar diýip, garaşyp ýatmadym. Dördünji synpda okaýarkam – men Aşgabadyň 45-nji mekdebinde okadym, synpdaşlarym bilen konsertlerde çykyş etmek bilen, türkmen ýomakçylaryna meňzemäge çalyşýardym. Aýratyn hem meniň halaýan ýumakçylarym marly Tikki bilen Potdyşdy. Bizň oglanlarymyzyň çykyşlarynyň haýran galdyryjylygy bizi ganatlandyrýardy. Altynjy synpda bolsa men Jemal Saparowanyň folklor toparyna tansçylaryň alynýandygyny eşitdim. Saýlama tapgyryndan kynçylyksyz geçdim. Meniň pikirimçe horeografiki başarnyk maňa kakamdan galandyr diýip, pikir edýärin. Men özüm üçin köp zatlary öwrendim. Eger-de iki ýyldan soňra Baş drama teatrynda köpçülikleýin sahna topary gerek bolmasady, mümkin, men meşhur tansçy bolardym. Men tansymy goýup, onuň agzasynyň biri boldum.

Soňra men Puşkin teatryndaky ajaýyp mugallym Naralýa Laukertiň mekdep-studiýasyna girdim. Aktýor bolmak baradaky meniň arzuwym hasyl boldy. Mekdep-studiýasyny tamamlanymdan soňra meni teatra işe aldylar. Şondaky begenjim meniň ömrümde baky galar. Ykbal maňa üstünlikleri gazanmaga ak ýol açdy. Men munuň üçin örän minnetdardyryn.

Söýgüli kärim meni tutuşlaýyn gurşap aldy: 20-den gowrak keşbi - “Ýusup-Züleýha” spektaklynda şanyň agtygynyň, “Zöhre-Tahyrda” Hasan bagbanyň, “Hanumede” Akopyň, “Derňewçide” Hlestakowyň, “Biz ýene-de duşuşarysda” elguşçy Amanyň, “Buratinonyň başdan geçirmelerinde” Karlo papanyň we beýleki keşpleri ýerinen ýetirdim. Baş ýolbaşçy Aşyrmuhammet Rahmanowyň goldaw bermegi netijesinde Puşkin teatrynda her bir aktýora baş keşbi ýerine ýetirmäge mümkinçilik berilýär. Meniň üçin baş keşp bolsun ýa-da adaty keşp, komediýa ýa-da drama spektakly bolsun, çagalar üçin erteki ýa-da ulular üçin filosofiki oýlanmalar bolsun tapawudy ýokdy. Meniň üçin esasy zat sahna çykyp, ynanylan keşbi başardygymdan gowy oýnamakdan ybarat.

- Mundan başga hem Moskwada hünär kämilleşdirişi boldy. Ol siziň aktýorlyk ussatlygyňyza nämeleri berdi?

Örän täsin galdyryjy zat! Moskwanyň teatr işgärleri birleşigi (TIB) bilen bolan duşuşykdan ozal Natalýa Andreýewna Laukert bize-studiýaçylara aktýorluk hünäri üçin artyk zat berendir öýdýärdik. Ýöne, başga bir ýagdaýlarda we şertlerde bolmak bilen, men aktýorluk ussatlygynyň beýan edilşiniň başga çemeleşmeleri bilen tanyş boldum hem-de ussat mugallymyň edil manyly kitap ýalydygyna düşündim. Meniň döredijilik ýolumda hakyky mugallymlar näçe köp duş gelse meniň hem bu ugurda berjek gaýtargym şonça ýoakry boler.

TIB-iň okuwçylaryna drama, komediýa, gurjak, plastiki spektaklaryna we perfomansa gatnaşmak teklip edildi. Men plastiki “8-njiň mümkinçilikleri” diýen spektakly saýlap aldym. Haçan-da men tansda özümi görkezemde, höreograf maňa meniň işimiň esasysy tans bolmalydygyny aýtdy. Ýöne men, teatrda tansy giňden oýnamandym! Mümkin, men soňra tans bilen doly meşgullanaryn, häzirlikçe bolsa ol meniň üçin diňe höwes bildirýän zadym.

Kerim, siz düýbünden bagtly adam hökmünde özüňizi görkezýärsiňiz. Bu hakykatdan hem şeýlemi ýa-da bu biziň göwnümimizemi?

- Bu hakykatdan hem şeýle. Aýratyn hem soňky üç ýylda. Özüňiz oýlanyp görüň: 2013-nji ýylda men öýlendim, 2014-nji ýylda bolsa kaka boldum we teatrda ýylyň iň gowy aktýory diýen derejä mynasyp boldum, 2015-nji ýylda bolsa “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Men Hormatly Prezidentimize meniň döredijiligime beren ýokary baýragy üçin, şeýle hem ýurtda ýaşlar üçin arzyly arzuwyny amala aşyrmaga mümkinçilikleri döredendigi üçin örän minnetdar.