Türkmenistanda bag ekmek möwsümi badalga aldy. Onuň dowamynda dekabr aýyna çenli ýaprakly we pürli baglaryň bir ýarym milliony ekiler.
Şäherleri we ilatly nokatlary gür baglyga öwürmek boýunça köp ýyllyk tejribe “Ýurdy gülläp ösýän baglyga öwüreliň” çagyryş bilen döwlet ekologiki syýasaty esasynda geçirilýär. Bu babatda 2013-nji ýylda Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy.
Alymlaryň ylmy gözleglerine we tokaý işgärleriniň tagallalaryna esaslanýan biziň ýurdumyzda bag ekmekligiň köp ýyllyk tejribesi diňe bir medeni zolakda bolman, eýsem tebigy zolaklarda hem geçirilýär. Goraghanalaryň zolaklarynda, rekreasion çäklerde, gymmatly tebigy desgalarda her ýylda bag ekmek üçin Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý tohumçylyk we tebigy baglar boýunça gullugynyň işgärleri tarapyndan ösümlikleriň on müňisi, seýrek duş gelýän we gyzyl kitaba girizilenleri hem, ösdürilip ýetişdirilýär. Ekologlar ýerli tokaý hojalyklarynyň goldamagynda Köpetdagyň syýahatçylyk zolagynda ýabany ösümlikleri ekmek boýunça jemgyýetçilik çärelerini hem geçirýärler.
Güýzki bag ekmek möwsümi şu gün Hazaryň kenarynda, ilkinji nobatda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde, hem badalga aldy. Bu çäreler topragy öwrenijileriň we bagbanlaryň, botanikleriň we foto bezegçileriň, şeýle hem Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri tarapyndan hemişe gözegçilikde saklanylýar. Bu ýerde deňiz şypahana zolagyny bag bezegçiligine, landşaftyny özgertmek we myhmanhanalara ýakyn ýerleşýän ýerleri baglyga öwürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Uzynlygy bir-näçe kilometre uzap gidýän giň tokaý zolagyna aýratyn üns beriler. Bu ýerde ekilen pürli baglaryň onlarça hatary Awazada aýratyn howa şertlerini döretmäge, ony ýelden goramaga, ýer suwlarynyň derejesini sazlaşdyrmaga we topragyň çyglylygyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Aşgabady we biziň ýurdumyzyň beýleki şäherlerini gök baglyga öwürmek, ösümlik materiallaryny saýlap almak, biologiki we bezeg-hojalyk aýratynlyklaryna eýe bolan ösümlikleriň dürli görnüşlerini saýlap almak esasynda geçirilýär. Şunlukda ýerli howa-toprak şertlerine laýyk gelýän ösümlikler, olary mundan beýläk hem täze dörediljek tokaý zolaklarynda ulanmak maksady bilen başga ýurtlardan getirilýän ösümlikler möhüm ähmiýete eýedir.
Dürli howa şertlerinden getirilýän ekzotiki ösümlikleri synag etmek, olary Türkmenistanyň şertlerinde ekmekligi ornaşdyrmak ösümlikleriň tohumlaryny halkara alyş-çalyşyny etmäge we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagynyň nahalhanalarynyň introduksion mümkinçiliklerine şertleri döredýär.