Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçen dzýu-do boýunça “Gran-pri” iri halkara ýaryşynda 52 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiş gazanyp, diňe bir ýaryşyň baş baýragyna hem altyn medala mynasyp bolman, geljek ýyl Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçjek tomusky Olimpiada ýollanma hem gazanan Gülbadam Babamгraеowany gazanan üstünligi bilen gutlamak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, dürli ministrliklerden we pudak edaralaryndan, Sport baradaky döwlet komitetinden, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetinden, Milli olimpiýa komitetinden wekiller, talyplar, ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenleri we tälimçileri ezber türgeni gutlamaga geldiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan G. Babamuratowa 10 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagynyň gowşurylmagy gutlag dabarasynyň esasy wakasy boldy.
Dünýäniň ähli künjeginden iň güýçli dzýudoçylaryň gatnaşýanlygy üçin sport durmuşynda kiçi dünýä çempionatyna deňelýän “Gran-pri” halkara ýaryşyna 50-den gowrak döwletden 340-a golaý türgen gatnaşdy. 2016-njy ýylda geçjek Olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar üçin göreş bu ýaryşa aýratyn ähmiýetli dereje berdi. Şu sebäpli hem ildeşimiz, Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowanyň ýiti we barlyşyksyz göreşde olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hormatyna eýe bolmagy has-da guwandyryjydyr.
Türkmen türgeni göreş düşekçesinde dört tutluşyk geçirdi. Ildeşimiz ol tutluşyklaryň hemmesinde arassa ýeňiş gazandy. Ýarym finalda belarusly türgen bilen G.Babamuratowanyň tutluşygy has hem bellärliklidir. Bu “Gran-pri” ýaryşynyň öňüsyrasynda, Gazagystanyň paýtagtynda dzýu-do boýunça dünýä çempionaty geçdi. Ol ýaryşda ildeşimiz baýrakly orna mynasyp bolmaga örän golaý bardy. Bürünç medal üçin göreşde Gülbadam özüne baýrakly orna düşmäge mümkinçilik bermedik, şu belarusly türgen bilen duşuşdy. İne olar ýene-de dünýä derejesindäki ýaryşda, finala çykmak ugrunda tutluşyga çykdylar. Bu tutluşykda G.Babamuratowa owadan ýeňiş gazanyp, ozalky şowsuzlygynyň öwezini doldy.
Aýgytly tutluşykda onuň garşysyna Germaniýaly dzýudoçy çykdy. Final tutluşyklary köplenç halatda owadan emellere baý bolmaýar. Sebäbi, türgenler finalyň ýolunda ähli gujur-gaýratlaryny sarp edip, finalda seresap göreş tutýarlar. Ýöne, G. Babamuratowanyň ýaryşa diýseň ajaýyp taýýarlygy oňa final tutluşygynda hem ajaýyp emel bilen wagtyndan öň ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berdi!
Onuň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri diňe bir sportyň dzýu-do görnüşi boýunça däldir. Meselem, ol geçen ýyl Türkmenistanyň paýtagtynda geçen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol sport sambosy boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda we dünýä çempionatlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazandy. G.Babamuratowanyň 2014-nji ýylda Taýlandda geçen Aziýanyň kenarýaka oýunlarynda ýaragsyz goranmagyň kenarýaka görnüşi boýunça altyn medal gazananlygyny hem bellemek gerek.
Onuň dzýu-do boýunça gazanan üstünlikleri hem az däldir. Geçen ýyl Gülbadam Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda kümüş medaly eýeläp, özüniň olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mynasypdygyny subut etdi. Bu ýyl bolsa ol tomsuň başlarynda Taýpeýde geçen dzýu-do boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. İndi bolsa ol abraýly “Gran-pri” ýaryşynyň ýeňijisi bolmagy başardy.
Bu ýeňiş onuň türgenleriň dünýä boýunça sanawyndaky ornuny ep-esli ýokarlandyrdy. Indi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Çemengül Gedibaýewanyň we Gapur Babakulyýewiň şägirdi öz agram derejesi boýunça 14-nji orunda durýar. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uçurymy olimpiýa sanawynda has hem ýokary orna çykdy. Ol 762-utuk toplap, ilkinji onluga girdi.
Oktýabr aýynyň 15-19-y aralygynda Fransiýada ýene bir iri halkara ýaryşy bolan “Gran-slam” dzýu-do ýaryşy bolar. Ol ýaryşda Gülbadam dünýä we olimpiýa sanawyndaky ornuny hasam ýokarlandyryp biler. Türgenleriň bu sanawlarda eýeleýän orny Olimpiýa oýunlarynda olara käbir artykmaçlyklary berýär. Bu ýaryşda Türkmenistanyň dzýy-do boýunça ýygyndysy beýleki agram derejeleri boýunça olimpiýa ýollanmalaryny eýelemäge synanyşar.