Şu gün Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Halkara türki medeni guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahatynyň ýapylyş dabarasy boldy.
Döredijilik forumy “Mary—2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” maksatnamasynyň çäreleriniň çäklerinde geçirilip, umumyadamzat ruhy gymmatlyklarynyň, parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ýörelgeler bolsa forumda öz beýanyny tapdy.
Maslahatyň işiniň hem-de onuň çäklerinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň barşynda türki halklaryň teatr sungatynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, milli dilleri hem-de medeniýetleri aýawly saklamakda, taryhy-medeni mirasy geljekki nesillere geçirmekde onuň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara festiwallaryň we forumlaryň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki döredijilik taslamalaryny döretmek, dünýäniň tomaşaçylaryny baý türki medeniýet bilen tanyşdyrmak, tejribe alyşmak we beýleki meseleler teatr sungatynyň wekilleriniň üns merkezinde boldy. Daşary ýurtly myhmanlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda medeniýeti we onuň aýrylmaz bölegi bolan teatr sungatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdyryldy.
Ozal habar berlişi ýaly, forumyň “tejribe” bölegi Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi. Onuň sahnasynda doganlyk halklaryň teatr sungatynyň köp öwüşginleri öz beýanyny tapdy.
Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Sabir Amutbaýew adyndaky Menzelin Tatar döwlet drama teatrynyň, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň Döwlet teatrynyň, Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky Sazly-drama teatrynyň sahna oýunlary üstünlikli geçdi. Sahna oýunlarynyň görkezilişiniň maksatnamasyna Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahna oýny hem girizildi. Şeýlelikde, tomaşaçylar sahnada dürli teatr toparlarynyň artistlik, režissýorlyk we sahna işleriniň aýdyň ýollaryny görmäge mümkinçilik aldylar.
Sahna oýunlarynyň ählisi hakyky döredijilik ussatlygy hem-de duýgulara baýlygy, özboluşlylygy, keşpleriň döredilişiniň täsinligi, islendik dilde düşnükli bolan düşünjeleriň – ar-namys we borç, söýgi we dostluk, ahlak arassalygy, ynsan mertebesi, ýaşaýyş-durmuşyň manysy ýaly düşünjeleriň beýan edilişi bilen tapawutlanýar.
Zehinli artistleriň her biriniň çykyşy dostlukly halklaryň köpasyrlyk däp-dessurlaryna bolan söýgä we hormat-sarpa ýugruldy hem-de myhmanlary kabul eden we şu gün döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasyna gelen köpsanly türkmen sungat muşdaklarynyň kalplarynyň töründe mynasyp orun eýeledi.
Maslahatyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylar parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine döredijilik tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmekde forumyň ähmiýetini nygtadylar.
Maslahata gatnaşan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda teatr toparlarynyň halkara festiwallarynyň we beýleki forumlarynyň meýdançalarynda amala aşyrylýan döredijilik gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsinde teatry ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, medeni alyşmalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, teatr ulgamynda baý türki medeniýeti ösdürmäge goldaw bermekde häzir bar bolan taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de täze taslamalary döretmegiň zerurdygy nygtaldy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli medeniýeti ösdürmek barada ýadawsyz alada edýändigi, medeniýet ulgamynda döredijilik işini hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de halkara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Mähirli duşuşyk we TÜRKSOÝ-a agza böwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahatynyň hem-de sahna oýunlarynyň görkezilişiniň ýokary derejede guralandygy üçin forumyň guraýjylaryna, şeýle hem Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň işgärlerine we şäheriň ähli ýaşaýjylaryna hoşallyk sözleri aýdyldy.
2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen we şöhratly taryhy hem-de baý medeni mirasy bolan Mary şäherinde geçirilen teatr forumynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, tejribe alyşmaga we medeniýet işgärleriniň arasynda dostluk köprüsini pugtalandyrmaga täze kuwwatly itergi berjekdigi, umuman, dünýäniň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir.