Italiýanyň «НРQ» topary Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda ussatlyk sapagyny geçdi. Mandolina saz guralyny çalmagy söýýän sazandalardan ybarat bolan bu topar 2008-nji ýylda döredildi. Olar gadymy halk saz guralyny meşhurlyga eýe etmek bilen, ýer ýüzüni aýlanyp çykdylar.
Italiýaly sazandalar “Tarantellany” ýerine ýetirdiler. Ussatlaryň elinde mandolinanyň näzikden özüne çekiji owazy diňe bir Italiýanyň günortasynda däl, eýsem bütindünýäde hem meşhur bolan joşgunly tans sazyny diňleýjilere ýetirdi.
Konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary üçin Antonino Wiwaldiniň “Sol mažer konsert”, Wolfgang Amadeý Mosertiň “Don Žuan” operasyndan “Serenada”, Juzeppe Werdiniň “Rigolleto” ýaly dünýä saz hazynasyna giren iň gowy eserlerinden bölekler, şeýle hem “Ajaýyp durmuş” we “Aý” kinofilmlerine ýazylan sazlar ýaňlandy.