Ï Atamyratda täze Medeniýet merkezi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Atamyratda täze Medeniýet merkezi açyldy

view-icon 693
Täze medeniýet merkeziniň açylmagy Atamyrat etrabynyň ýaşaýjylary üçin Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňisyrasynda baýramçylyk sowgady boldy. Bu belent ymarat Lebap welaýatynyň günorta etrabynyň dolandyryş merkeziniň adybyr esasy köçesine özboluşly bezeg berdi. Binany ýurduň telekeçilik gurluşy gurdy.

Täze “medeniýet ojagynda” islegler boýunça dürli gurnaklaryň we bölümleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilendir, bagşylar üçin ýörüte jaý bölünip berildi. Eýýäm ýakyn wagtlarda bu ýerde täze döredijilik toparlary dörär. Giň tomaşaçylar zaly we oňaýly sahna konsertleri, bäsleşikleri we beýleki iri çäreleri geçirmäge, şeýle hem paýtagtdan we welaýatlardan teatr toparlaryny kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Atamyrat şäheri (öňki atlary Zemm, Kerkuh we Kerki) we onuň töweregi ýüzlerçe ýyl mundan ozal hem meşhur bolupdyr. Etrabyň çäklerinde orta asyrlara degişli bolan Astanababa we Allamberdar kümmetleri ýerleşýär. 1991-nji ýylda bu ýerde ÝUNESKO-nyň “Beýik Ýüpek ýoly – gepleşikler ýoly” ady bilen halkara ekspedisiýasynyň ýoly geçdi. Täze Medeniýet merkeziniň muzeýinde toplanan gadymy küýzeler, oba hojalyk gurallary we beýleki köp sanly eksponatlar bu sebitleriň baý taryhynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Bu eýýäm “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini 2020-nji ýyla çenli özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň” çäklerinde Lebap welaýatynda gurlan 15-nji desgadyr.