Şu gün 2018-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy Guamyň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Biziň futbolçylarymyz “D” toparda Eýranyň, Omanyň, Guamyň we Hindistanyň ýygyndylary bilen çykyş edýär. Şu günki duşuşyga çenli biziň ýygyndymyz dört oýundan soň 4 utugy bilen dördünji orny eýeläp geldi. Şoňa görä-de, toparyň öňdebaryjylaryna golaýlaşmaga şu duşuşygyň netijelerine bagly bolup durýardy.
Aziýa saýlama tapgyryna häzirki wagtda 8 topara bölünen ýygyndy komandalaryň 40-a golaýy gatnaşýar. Diňe toparlarda ýeňiş gazanan komandalar ýaryşyň üçünji tapgyryna çykmaga mümkinçilik gazanýarlar. Ikinji ýeri eýelän ýygyndylaryň ene-de dördüsi utuklaryň, geçirilen we goýberilen pokgüleriň gatnaşygy boýunça seçilip alnar.
Şundan ugur alyp, biziň komandamyza Guamyň ýygyndysyndan üstün çykmak örän zerur bolup durýardy, galyberse-de, türkmenistanlylar birinji duşuşykda myhmançylykda garşydaşlaryndan asgyn geldiler. Ine, indi bolsa durky täzelenen “Köpetdag” sport toplumynyň futbol meýdançasynda ýeňiş gazanmak zerurdy.
Duşuşyk komandalaryň ikisiniň hem hüjümlerinden başlandy. Ýöne hasaby açmak diňe Türkmenistanyň ýygyndysyna başartdy. Bu duşuşygyň 16-njy minutynda boldy, şonda biziň futbolçylarymyz meýdançanyň merkezinden garşylyklaýyn hüjümi başlap, garşydaşlaryň jerime meýdançasyna okduryldylar we ýarym goragçymyz Guwanç Abylow güýçli we dürs urgy bilen Guamyň ýygyndysynyň derwezesinden pögini geçirdi. Ýeri gelende aýtsak, G.Abylow 8-nji oktýabrda hut şu ýerde, “Köpetdag” sport toplumynyň meýdançasynda Hindistanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda birinji pökgini derwezeden geçirmegi başarypdy, şonda türkmenistanlylar 2:1hasabynda ýeňiş gazandylar.
Geçirilen pökgüden soň, Guamyň ýygyndysy çaltlyk bilen hasaby deňlemek üçin bada-bat hüjüme geçdi. Ýöne, olaryň hüjümi uzaga çekmedi. Biziň garşydaşlarymyz oýnuň birinji ýarymynyň iň soňky sekundlarynda howply pursat döretdiler, şonda pökgi derwezäniň sütüninden bary-ýogy birnäçe santimetr sowa geçdi.
Beýik Britaniýaly tälimçi Gerri Uaýtyň ýolbaşçylyk edýän komandasynyň soňky ýyllarda ussatlygyny has-da artdyrandygyny we dünýä çempionatynyň şu saýlama tapgyrynda garaşylmadyk ýagdaýda oňat oýun görkezendigini bellemelidiris. Toparlaýyn ýaryşda olar ilkinji iki oýnuny ýeňiş bilen tamamlap, özleriniň dünýä derejesindäki görkezijisini ep-esli ýokarlandyrdylar. Häzirki wagtda olar bu reýtingde 150-nji orny eýeleýärler. Bir döwür Guamyň ýygyndysy hatda “D” toparda öňdeligi hem eýeledi, ýöne häzir ýagdaý düýpden üýtgedi.
Şu günki duşuşykdan soň Türkmenistanyň ýygyndysynyň 7 utugy bar, munuň özi biziň komandamyza toparda üçünji ýere çykmaga mümkinçilik berdi. Birinji we ikinji orunlary birmeňzeş utuk toplan (8) Eýran Yslam Respublikasynyň we Omanyň komandalary eýeleýärler. Türkmenistanlylarda öňdäki orna çykmaga oňat mümkinçilik bar: 12-nji noýabrda olar myhmançylkda Eýranyň ýygyndysy, 17-nji noýabrda bolsa Aşgabatda Omanyň futbolçylary bilen duşuşarlar. Bize bolsa ildeşlerimize üstünlik arzuw etmek galýar.