Ï Türkmenistanda Hytaýyň iri şäheriniň Medeniýet hepdeligi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Hytaýyň iri şäheriniň Medeniýet hepdeligi geçirilýär

view-icon 877
Şu gün Hytaýyň doganlaşan Sian şäheriniň Maryda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat wekilleriniň döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi geçirildi.

Irden myhmanlar Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde garşylandy, şol ýerde hytaý şäheriniň gadymy taryhyna we medenýietine, tebigy goraghanalaryna hem-de binagärlik ýadygärliklerine, şeýle hem şäheriň häzirki gününe bagyşlanan “Ajaýyp şäher Sian” atly sergi açyldy. “Sian – hytaý milletiniň kemala gelmegi”, “Sian –Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady”, “Şygryýetiň, etiketiň we sazyň gülläp ösýän mekany” atly surat diwarlyklar özüne çekijidir.

Muzeýiň eýwanyndaky diwarlyklarda gadymy budda ybadathanalarynyň, imperator köşkleriniň, köp gatly ybadathanalaryň suratlary ýerleşdirilipdir. Bu ymaratlar häzirki Sianyň belent binalary hem-de söwda-dynç alyş merkezleri bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Fotosuratlar dünýädäki iň uly arheologiki açyşlaryň biri – imperator Sin Şihuandiniň köp müňlük terrakot goşuny barada gürrüň berýär. Häzirki wagtda ol dünýädäki iň meşhur gymmatlyklaryň biridir. Ol Hytaýyň döwlet derejesindkäi desgalarynyň sanawyna hem-de UNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hytaý esgerleriniň hem-de bedewleriň palçykdan ýasalan uly şekilleri Sinlin şäherçesinde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde açylan ägirt uly muzeýiň ekspozisiýasyny düzýär.

Sergi bu ýere gelýänleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäheriň taryhy, onuň täsin tebigy desgalary – Sinpin dagy, Huasin termal çeşmesi hem-de meşhur Banpo muzeýi we beýleki täsinlikleri bilen tanyşdyrýar. Sianyň häzirki güni baradaky suratlar bolsa ylmyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň, şäher düzüminiň ösüşi, sianlylaryň sport bilen işjeň meşgullanyp, saglygyny berkidişi, olaryň dünýäniň dürli ýurtlarynyň şäherleri bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürişi barada gürrüň berýärler.

Hytaý sergisi bilen tanyşmak üçin ýurdumyzyň iri muzeýleriniň biriniň seçilip alynmagy tötänden däldir. Bu muzeýde türkmen halkynyň gadymy taryhy, sebitiň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, baý medeni däp-dessurlar hem-de Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda gazanan ägirt uly üstünlikleri barada gürrüň berýän köpsanly gymmatlyklar jemlenendir.

Bu ýerde gadymy medeni ojaklara eýe bolan, gadymy däp-dessurlaryna uly sarpa goýýan türkmen we hytaý halklarynyň arabaglanyşygy aýratyn duýulýar. Munuň özi muzeý gymmatlyklaryna uly gyzyklanma bildiren myhmanlaryň beren ýokary bahasynda hem öz aýdyň beýanyny tapdy.

Bir söz bilen aýdylanda, doganlaşan şäherleriň wekilleriniň birek-birek baradaky bilimlerini giňeltmäge hem-de täze netijeli döredijilik hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam edýän maglumatlar alşyldy.

Sianyň döredijilik wekiliýeti ýurdumyzyň iň köne kitaphanalarynyň biri bolan Marynyň welaýat kitaphanasyna baryp görüp, gadymy Murgap derýasynyň boýundaky şäheriň ruhy hem-de medeni däp-dessurlary barada maglumatlary aldylar. Myhmanlara türkmen halkynyň umumadamzat ruhy gymmatlygy, pähim-paýhasyň genji-hazynasy hökmünde kitaplary we golýazmalary aýawly saklamak däbi barada gürrüň berildi. Olar şeýle hem bu ýerde ýaýbaňlandyrylan, Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine, şu ýyl bellenilip geçiljek ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan mowzuklaýyn sergi bilen tanyşdylar. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň köp dillerinde, şol sanda hytaý dilinde neşir edilen işlerine aýratyn orun berlipdir.

Medeni gymmatlyklary alyşmak Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda dowam etdirildi, şol ýerde hytaý artistleriniň uly konserti boldy.

Köp öwüşginli şüweleňde hytaýly sungat ussatlary özleriniň şäheriniň taryhy we häzirki gazananlary barada gürrüňi dowam etdiler. Özboluşly milli lybaslaryň ajaýyp öwüşgini, tansçy zenanlaryň milli saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazyň astynda sazlaşykly tans hereketleri tomaşaçylara gadymy hem-de baky juwan Hýtaýyň ruhy dünýäsine aralaşmagyna mümkinçilik berdi.

Zala ýygnananlar zenanlaryň ýekelikde ýerine ýetiren aýdymlaryna haýran galdylar. Tomaşaçylar “Uzyn ýeňli” atly gadymy tansy ýerine ýetiren zenanlaryň çykyşyny, “Knýaz Sin esgerleri ýygnaýar” atly tans kompozisiýasyny, Tan imperatorlar neberesiniň kögüniň meşhur aýdymlaryny we tanslaryny hem-de konsert maksatnamasynda sazlaşykly görkezilen hytaý söweş sungatynyň tilsimlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Sian şäheriniň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dostlukly ýurduň sungaty bilen duşuşyk ertir Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda dowam etdiriler, şol ýerde dostluk konserti hem-de döredijilik çäresiniň ýapalyş dabarasy bolar.