Ï Maryda HHR-iň Sian şäheriniň medeniýet hepdeligi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maryda HHR-iň Sian şäheriniň medeniýet hepdeligi tamamlandy

view-icon 940
Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde döredijilik baýramçylygy—Hytaýyň Sian şäheriniň—Marynyň doganlaşan şäheriniň medeniýet hepdeligi tamamlandy. Şu gün gadymdan bäri ykdysadyýet we medeniýet ulgamlarynda özara gatnaşyklary saklap gelýän, dostluk we özara hormat gatnaşyklary bilen bagly bolan iki halkyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ugur edinen forumyň jemleýji çäreleri geçirildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklara häzir tutuş dünýäde halklaryň dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny, olaryň syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyny saklamak üçin möhüm gural hökmünde garalýar. Türkmenistan belent ruhyýetligiň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy hökmünde çykyş etmek bilen ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ýokary halkara derejesinde ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Türkmenistan we Hytaý baý mazmunly aň--bilim mümkinçiliklerine eýe bolup, olar ylym we medeni ulgamlarynyň ösmegine esaslanýar. Bu öz nobatynda hähirki döwürde iki döwletiň ynamly we durnukly ösmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bu waka doganlaşan şäherleriň, olaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda gol çekilen ylalaşyklary, şeýle hem doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan medeniýet we sungat wekilleriniň häzirki duşuşygynda hem öz subutnamasyna eýe boldy.

Forumyň geçirilen günleri Marynyň ýaşaýjylary Sian şäheriniň aýdymlary we tanslar teatrynyň döredijilik toparynyň konsertlerine, onuň gadymy taryhyna, medeniýetine we dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisine baryp görmek bilen, öz doganlarynyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdylar.Şonuň bilen birlikde bu döredijilik çäresi myhmanlary gadymy Merwiň mirasdüşeri bolan Mary şäheriniň beýik geçmişi hem-de bu ýerde häzir bolup geçýän özgerişlikler bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Iri forumlary guramakda we onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmekde doganlaşan şäherleriň döredijilik duşuşygy uly ähmiýete eýe boldy.

Ýer eýeleri myhmanlary öz şäheriniň buýsanjy hasaplanýan—medeniýetiň gadymy merkezleriniň mirasdüşerleri—Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Mary welaýat kitaphanasy bilen tanyşdyrdylar.

Şu gün irden hytaýly dostlarymyzyň wekiliýeti bütindünýä medeni mirasyň genji hazynasynyň esasyny düzýän “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar.

Myhmanlar bereketli ülkäniň gaýtalanmajak tebigatynyň gözelligine we welaýatyň duz-çörek bilen garşylan ýajaýjylarynyň myhmansöýerligine ýokary baha berdiler. Taryhy ýadygärlikleriň golaýynda sahnalaşdyrylan milli türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Ak öýlerde dostlukly ýurduň sungat wekilleri türkmen halkynyň durmuşy, gadymy senetleri, milli lybaslary bilen tanyşdylar, şeýle hem bereketli türkmen topragynyň miwelerinden dadyp, bagşylaryň ýerine ýetirmeginde dutaryň owazyny diňlediler. Hytaýly dostlar gök çaý içip, türkmen tamdyrlarynda bişirilen mele myssyk nandan aýratyn kanagatlama duýgusy bilen datdylar.

Sian şäheriniň Marydaky medeniýet hepdeligi iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň netijeli gatnaşyklaryna, doganlaşan şäherleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga uly itergi berdi. Şol gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda türkmen we hytaý halklaryny baglanyşdyrýan dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.

Hytaýly dostlaryň myhmansöýer türkmen topragynda, taryhyň we hormatly garaýşyň beslenen şäherinde ýene-de duşuşmaga bolan islegi bu ýerde geçirilen döredijilik çäresiniň üstünlikli we netijeli geçmeginiň iň gowy subutnamasydyr.

Bu barada HHR-iň Şensi welaýatynyň Sian şäheriniň Marydaky medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasynda hem aýdyldy. Bu dabara Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda geçirildi. Bu ýere welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaşaýjylar ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylar iki döwletiň Baştutanlaryna--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine iki halkyň dostlugy we doganlygy babatda ýöredýän syýasaty, dürli ugurlarda netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek, döredijilik forumyny ýokary derejede geçirmek mümkinçiligine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Myhmanlar şäheriň ilatyna myhmansöýerligi hem-de türkmen medeniýetiniň uç-gyraksyz dünýäsini açmak şatlygyny pesgeş beren ajaýyp baýramçylyk üçin minnetdarlyk bildirip, täze duşuşyklaryň geçirilmegine umyt--arzuwlaryny beýan etdiler.

Geljegiň, geçmişiň ruhy we medeni mirasy bilen üznüksiz arabaglanyşygy bolan mesele döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasyndan soň geçirilen dostluk konsertiniň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Dostluk we özara gyzyklanma ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda döredijilik ylhamy babatda tejribe alşyldy. Zehinli artistleriň çykyşlarynyň her biri halklaryň paýhasyny, umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan özboluşly milli däp--dessurlary şöhlelendirdi.

Teataryň sahnasynda halk aýdymlary we döwrebap sazlar, liriki wokal eserler ýaňlandy. Hytaýly artistleriň ýerine ýetirmeginde özboluşly tanslar saz şüweleňine bezeg berdi.

Teatryň sahnasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Il günümiň Arkadagy” diýen aýdym belent we joşgunly ýaňlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli üstünlikleri hut döwlet Baştutanymyzyň ady we il-ýurt bähbitli işleri bilen baglyldyr.

Türkmen we hytaý halklarynyň dostugyna bagyşlanan aýdym iki ýurduň artistleriniň konsertini jemledi. Onuň dabaraly owazy astynda konserte gatnaşyjylaryň hemmesi sahna çykdylar. Bu aýdym iki halkyň dostlugynyň we doganlygynyň beýik güýjüne, sungatyň birleşdiriji güýjüne sena bolup ýaňlandy.