Ï Halkara ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

view-icon 878
Şu gün türkmen paýtagtynda alyş guşakly göreşi boýunça dünýä çempionatynda we dzýdo boýunça Aziýanyň birinjiliginde jemi 8 medal eýelän türgenlerimizi sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, Sport baradaky döwlet komitetiniň we onuň düzüm bölümleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary hem-de ýurdumyzda soňky döwürde has hem köpelýän sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklary Ildeşlerimizi iri halkara ýaryşynda gazanan ajaýyp üstünligi bilen gutlamak üçin ýygnandylar.

Polşa Respublikasynyň Belostok şäherinde geçen alyş göreşi boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 7 medala (4 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç) mynasyp boldy hem-de toparlaýyn hasapda 24 döwletiň ýygyndy toparyndan öňe geçip, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Şol dünýä çempionatynyň iň ýokary baýragyna lebaply türgenler guşakly göreşiň nusgawy görnüşinde – Gylyç Jumaýew (90 kilograma çenli agram derejede) hem-de Myrat Jumaýew (100 kilogramdan ýokary agramda), erkin usulda – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Allanur Goçow (60 kilogarma çenli agram derejesinde) hem-de Türkmensmtanyň Milli sport we syýa1hatçylyk institutynyň talyby Rejebaly Orazalyew (100 kilogramdan ýokary agramda) mynasyp boldular. Bu görnüşde kümüş medaly Pirguly Gurbandurdyýew (80 kilogram agram derejesinde), bürünç medaly bolsa Medet Hallygurbanow (70 kilograma çenli agram derejede) we Seýdi Batyrow (90 kilogram çenli agram derejede) eýelediler. Bu türgenleriň üçüsi hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda bilim alýarlar.


Bu ýokary okuw mekdebiniň ýene bir talyby Batyr Hojamuhammedowyň Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçen sportuň olimpiýa gornüşi bolan dzýudo boýunça ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda gazanan üstünligi hem bellärliklidir. Ildpeşimiz 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 23 döwletden örän güýçli dzýudoçylaryň arasynda kümüş medala mynasyp boldy.

Sport jemgyýetçiliginiň wekilleri iri halkara ýaryşlarynda gazanan şeýle üstünlikleri bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe - sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemeginiň miwesidigini bellediler. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazananýan üstünlikleri Türkmenistanda ezber tälimçileri we ýokary derejeli ussatlary taýýarlamak boýunça işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir.

Golaýda Daşkentde geçen dzýudo boýunça “Gran Pri” halkara ýaryşynda ýeňiş gazanan Gülbadam Babamyradowanyň Türkmenstanyň Prezidentiniň adyndan pul sylagy gowşuryldy. Milli Liderimiz tarapyndan türgenlerimize şeýle üns berilmegi sport bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimize başarnygy we erk-islegi terbiýelemäge, iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmaga, durmuş ýolunda belent sepgitlere ýetmäge höwes döredýär.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhampedowa sporty ösdürmäge berýän ünsi we aladasy üçiň tüýs ýürekden hoşallyk bilidrip, Türkmenstanyň halkara sport äleminde abraýyny artdyrmak üçin ähli güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.