Ï Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde estetiki terbiýe studiýasy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde estetiki terbiýe studiýasy açyldy

view-icon 1368
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Akpamyk” estetiki terbiýe studiýasy açyldy. Ol çagalarda we ýetginjeklerde bilesigelijilik dynç alyşyny guramagy hem-de olarda çeperçilik duýgyny we döredijilik taýdan pikirlenmäni oýarmagy maksat edinýär.

Meselem, çagalary sungatyň köp sanly žanrlary we ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin “Erteki we muzeý” temasy meýilleşdirildi. Çagalar muzeýe aýlanyp görerler, olar onuň dowamynda muzeýde goýlan işlerden ertekileriň gahrymanlaryny özlerine belläp alarlar. Esasan hem bu babatda hytaý žiwopisi örän baýdyr. Ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri hakyky şekillerden nähili tapawutlanýar? Türkmen hudožnikleriniň döreden şekilleri hytaýyň we ýewropanyň ertekiçileriniňkiden nähili tapawutlanýar? Şonuň üçin hem ony gowy duýmak üçin studiýa gatnaşyjylara hytaýyň ýa-da ýewropanyň ertekileriniň gahrymanlaryny şekillendirmäge özleriniň synanyşmagy teklip edildi. Çagalar haýsydyr bir usuly duýmagy başarmalydyrlar.


Ekspozisiýa zallary boýunça aýlanyp görenlerinde studiýa gatnaşyjylar meşhur türkmen we ýewropa žiwopis ussatlarynyň işleri bilen tanyş bolarlar. Muzeýiň hünärmenleriniň berýän gürrüňlerinden olar hudožnikleriň ömri we döreijiligi, birnäçe eksponatlaryň syrly taryhy bilen tanyş bolarlar.

Şeýle hem studiýa gatnaşyjylaryň surat çekmek we şekil ýasamak sapaklaryndan başga hem, olar çeper eserleriň manysyna düşünmek boýunça hem okadylýar. Çagalar hudožnik öz eserinde nämäni aýtmak isländigine jogap bermäge synanyşmalydyrlar. Studiýa gatnaşyjylara diňe bir görmek boýunça sapak berilmän, eýsem özbaşdak pikirlenmek, şeýle hem öz pikirlerini, çaklamalaryny erkin beýan etmek boýunça hem okadylýar.

Şeýlelikde, oglanjyklar we gyzjagazlar özleri üçin ädimsaýyn ajaýyplyklar dünýäsiniň gapysyny açýarlar. Munuň bolsa bir häsiýetli aýratynlygy bar – olaryň düşünjeleri näçe giňeldigiçe, şonça hem gyzyklanmalary artýar.