Garagum çöli boýunça iki güniň dowamynda geçen awtoýaryş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zaman daýhan birleşiginde başlan we Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Ýerbent daýan bileşiginde tamamlanan bu ýaryşyň umumy ýolunyň uzaklygy 320 kilometrden hem gowrak boldy.
Türkmenistanyň Sprort baradaky döwlet komiteti we awtosportuň Milli federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryşlara jemi 8 topar gatnaşdy. Ýaryşyň birinji güni türgenler 218 kilometr ýol geçdiler. Deslapky pellehana ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşen Damla obasynda bellenildi. Ol ýerde türgenleri ýüzlerçe sport söýüjiler uly şatlyk bilen garşyladylar.
Awtoýaryşa gatnaşýan sürüjiler ertesi gün Ýerbende pellehana gelenlerinde hem olary mähirli garşyladylar. Netijede Türkmenistanyň awtosport Milli federasiýasynyň toparyna wpekilçilik edýän Gurbangpeldi Daňatarow (sürüji) we Didar Orazmedow (şutrman) ýaryşda ýeňiş gazandylar. Olar “Nissan Patrol” kysymly “polat” atda çykyş etidler. Olaryň çykyş eden awtoulagy saz işläp, ýeňijileriň üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berdi.
Muhammetmyrat Gurbanow bilen Serdar Mollamyradow ýaryşda kümüş medala mynasyp boldular. Doganlar Mekan we Şöhrat Toýlyýewler baýrakly üçünji orny eýelediler. Türgenleriň hemmesi sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan, Arçabil şaýolunyň ugrunda geçirilen birnäçe milli ýaryşlarda ynamly ýeňiş gazanan, awtosportuň ussat türgeni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça döredilen Türkmenistanyň awtosport federasiýasynyň toparyna wekilçilik edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tagllalary netijesinde awtosport bilen meşgullanýan türgenlerimiz awtoýaryşlary we karting boýunça ýaryşlary hem-de türgenleşik işlerini geçirmek üçin 2013-nji ýylda açylan awtosport merkeziniň ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Ýadyňyzda bolsa 2009-nj ýylda milli Liderimiziň başlangyçlary boýunça “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşy geçirilipdi. Ol ýaryşlar dünýäniň iň güýçli awtosürüjileriniň gatnaşmagynda Russiýanyň ýol-ýodasyz ýerlerinden, Gazagystanyň sähralyklaryndan we türkmeniň Garagum çölüniň çägeliklerinden geçipdi.
Häzirki wagtda türkmen türgenleri dürli halkara ýaryşlaryna, şol sanda Dakar derejeli ýaryşlara taýýarlyk görýärler.