Paýtagtyň kitap dükanlaryna Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Meniň Bitarap Watanym” atly owadan bezelen kitap gelip gowuşdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu kitap Watanyň gazanýan üstünliklerine bagyşlanyp, ol dürli ýaşdaky mekdep okuwçylarynyň çeken suratlaryndan we düzmelerinden ybaratdyr.
Türkmenistan üçin ýubileý ýylynyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýylynda umumy bilim berýän mekdepleriň, ýurduň çeperçilik mekdepleriniň mekdep okuwçylary “Bitaraplyk çagalaryň gözleri bilen” atly döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet ministrlikleri bu bäsleşigi guraýjylar bolup çykyş etdiler.
Okuwçylar öz işlerinde döredijilikli işlemek we okamak üçin ähli şertleriň döredilendigi, halklaryň arasyndaky dostluk, türkmenistanlylaryň açyk göwünliligi, ýurduň bagtly durmuşyny çyn ýürekden beýan edýärler.
Umumylykda, Bitarap, Garaşsyz Türkmenistan barada gürrüň bermek bilen, bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri özüniň önüp-ösen dogduk mekanyny – şäherçäni, şäherine aýratyn üns beripdir. Her bir setirde, her bir suratda mähriban ojaga, topraga bolan uly söýgi we giň watanyňa bolan buýsanç duýulýar.