Ï Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp ýaş žiwopisçileriň bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp ýaş žiwopisçileriň bäsleşigi geçirildi

view-icon 643
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde paýtagtyň häkimliginiň Medeniýet müdirliginiň guramagynda Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanyp, ýaş žiwopisçileriň, skulpturalaryň, zergärleriň döredijilik bäsleşigi geçirildi.


Bäşim Nuraly adyndaky mekdebiň 4-nji synp okuwçylary Näzik Poladowanyň, Mähri Ýazmyradowanyň, 2-nji çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Wýashanal Durdyýewanyň, Merýem Döwletowanyň we Ogulaý Kaşanowanyň žiwopis eserleri, şeýle hem B.Nuraly adyndaky mekdebinden zergär Tagan Taganowyň we skulptor Ogulşat Mämmedowanyň işleri iň gowy işler diýlip ykrar edildi.


Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň mugallymy, emin agzasy Öwez Akmuhammedowyň belleýşi ýaly, çagalaryň işleri kompozisiýany gowy duýmaklary bilen begendirýär– ýeri, hereketi, keşpleri, reňki saýlap almaklary hudožnikleriň zehinini görkezýär. Çagalaryň döredijiliginde biziň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýurduň şu günki güni öz aýdyň beýanyny tapýar. Olar öz şäherleri, onuň adamlary, täze gurluşyklar, baýramçylyklar, türkmen halkynyň däp-dessury barada gürrüň berýärler.


Döwletiň gazanýan üstünlikleri onuň raýatlarynyň gazananlaryndan emele gelýär. Türkmenistanyň ýaşlary ýurduň gelejegini kesgitleýär. Muňa ýaş, zehinli hudožnikleriň işleri doly şaýatlyk edýär.