Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri baý gazna toplumyndan taryhy-medeni gymmatlyklary toplamaga girişdiler. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Metropoliten-muzeýinde “Beýik Seljuklar eýýamy” sergisinde görkeziler. Welaýatyň we biziň ýurdumyzyň medeni durmuşynda boljak öňde duran waka taýýarlyk görmek barada geçirilýän işler barada Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Ýazgül Tirkeşowa gürrüň berýär:
– Mälim bolşy ýaly, Merw – Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri. Ol XI-XII asyrlarda, Seljuk Türkmenleriniň, aýratyn hem soltan Sanjaryň (1118-1157 ý.ý.) dolandyran döwründe özüniň gülläp ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetipdir. Şonda şäher hökümdarlygyň paýtagty bolupdyr. Merw uzak wagtlap musulman düýäsinde Bagdatdan soňra ylmyň we medeniýetiň ikinji paýtagty bolupdyr. Eger-de halifatyň paýtagty Bagdady hasap etmeseň, asyryň ortalarynda Yragyň, Eýranyň, merkezi Aziýanyň we Owganystanyň iri ylmy we medeni merkezlerinde, Reýde (häzirki Tähran) , Nişapurda, Balhda, Hyratda, Gaznada, Buharada, Samarkantda, Köneürgençde Merwiňki ýaly köp sanly kitaphanalar bolmandyr. XI asyrda bu ýerde kitaphanalaryň 11-si işläpdir, olaryň ikisi metjidiň ýanynda, galanlary bolsa medresäniň ýanynda işläpdir. Olar “Ezizýe”, “Kemaliýe”, “Nizamiýe”, “Samaniýe”, “Amidiýe”, “Hatuniýe”, “Dumaýriýe”, “Zamiriýe” ýaly arap atlary bilen belli bolupdyr. Kitaphanalaryň iksiniň seljuk türkmenleriniň beýik soltanlary Alp Arslana, Mälik şa, Barkiýaruka ýakyn bolan,kitaphanalary esaslandyryjylaryň hatyrasyna atlandyrylypdyr.
Asyryň ortalarynda Gündogaryň iň meşhur alymlary Merwe barypdyrlar. Olary bu ýeriniň köp kitaphanalary özüne çekipdir. Bu bolsa şäherde ylmyň ösendigine şaýatlyk edýär. Musulman alymy we ýazyjysy, filolog, syýahatçy, taryhçy we geografiýaçy Ýakut ibn Abdullah al-Hamawi Merwde iki ýyl ýaşamak bilen, ýerli baý kitaphalarda öz ylmyny artdyrypdyr. Ýakut bu ýerde toplan maglumatlary esasynda özüniň meşhur geografiki sözlügini döredipdir. Mundan hem başga ol Merwiň baş metjidinde on alty sahypadan ybarat bolan Biruniniň işlerini ele alypdyr. Sebäbi şäher şol döwrüň meşhur alymlarynyň diňe bir işlän ýeri bolman, eýsem birnäçe asyryň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ruhy gymmatlyklarynyň toplanan ýeri hem bolupdyr.
Bu ýerde lukmançylyk örän ösüpdir.IX asyrda Merwiň nesilden-nesle geçip gelýän lukmany hem Ali ibn Sahl Rabbanidir. Onuň alty sany uly işleriniň arasynda “Jennet hikmeti” traktatasy aýratyn tapawutlanýar. Bu naturfolosowiki ensiklopediýa lukmançylyk ugrundan bolup, ol filosofiýanyň, psihologiýanyň, zoologiýanyň, embrologiýanyň we meteorologiýanyň meselelerine hem degip geçýär. Merw lukmany Ibn Masa (IX asyr) hem bütin Gündogara meşhur bolan lukmandyr. Ol iýmitlenmegiň kadalary hakynda, birnäçe iýmitleriň ynsan bedenine ýetirýän täsiri, saglyk üçin suwuň ähmiýeti, gan aýlanyşynyň kadalary hakynda ýaly köp sanly işleriň awtorydyr. Ibn Masa farmasewtika we botanika ugurlary boýunça hem bilimli adam bolupdyr.
XI-XII asyrlaryň lukmançylygynda dürli gurallar giňden ulanylypdyr. Olaryň iň irkileri kremniýden, misden, demirden aýnadan, piliň süňkünden we agaçdan taýýarlanylypdyr. Az soňra bürünçi, polady, sinki, kümüşi, hatda gyzyly hem ulanyp başlapdyrlar.
Muny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni miras sanawyna girizilen “Gadymy Merw” ýadygärlinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan köp sanly artefaktlar hem tassyklaýar. Olaryň bir bölegi, esasan hem XI-XII asyrlara degişli bolan bürünçden ýasalan önümler ABŞ-da geçiriljek sergide görkeziler. Hususan hem ol – togolak görnüşdäki ok bolup, onuň beýleki ujyndaky halka ujy ýiteldilen şup kebşirlenendir. Şunuň ýaly gural hirurgiki operasiýalarda ulanylypdyr.
Bürünçden “biz”, “zond” we ýarany öwrenmek we ýakmak üçin uly bolmadyk çemçejigi ýasapdyrlar. Uzynlygy 28,5 sm bolan we beýleki ujunda çemçejik, beýleki ujunda bolsa süzgüçjik bolan sekiz gyraňly guralda bolsa derman ýasaýjylar derman serişdelerini taýýarlanlarynda ulanypdyrlar.
Sergileriň arasynda arap ýazgyly möhür hem bolar. Şular ýaly guraly gadym döwürlerde hemme ýerlerde ulanypdyrlar. Olar birnäçe işleri: resminamanyň hakykylygyny tassyklapdyr, bezeg we gözden-dilden goramak üçin hem hyzmat edipdir.Jaýlaryň gapylary, harytlary saklamak we daşamak üçin niýetlenen gaplar möhürlenipdir. Bu artefaktlaryň emläk differensiasynyň, jemgyýetiň we döwletiň synplarynyň, gadymy jemgyýetleriň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň döremegi baly meseleleri öwrenmek üçin örän uly taryhy gymmatlyklara eýedir.
Eksponatlaryň arasynda göwrümi uly bolmadyk, boýy 30 sm-de çala uzyn bolan keramiki küýze hem bar. Onuň aşaky we ýokarky bölekleri aýratynlykda dürli gaplarda taýýarlanypdyr, soňra olar özara birleşdirilipdir. Merw şular ýaly syrçalanmadyk keramikalary taýýarlamagyň merkezi bolupdyr. Onuň bezegi üçin ösümlikleriň we geometriki şekilleri ulanylypdyr. Şeýle hem gowy arzuwlar edilýän ýazgyly hem-de sýužet kompozisiýalary giňden ulanylypdyr. Bu küýzede üç sahnadan ybarat bolan sýužet görkezilýär. Olar üç sany nagyşly tumar bilen bölünipdir. Merwiň keramikadan taýýarlanan şekillendiriş sungaty gadymy küýzegäriň ýokary ussatlygyny we täsirliligini beýan edýär.
Sergi üçin saýlanyp alynan eksponatlar diňe bir şekillendiriş sungatynyň ýokary derejesini görkezmän, eýsem Gadymy Merwiň ýaşaýjylarynyň baý ruhy dünýäsine aralaşmaga hem kömek edýär.