Türkiýäniň Antaliýa şäherinde ýakynda tamamlanan taý boksy boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. İldeşlerimiz medallaryň 7-sini-bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar. Ýaryşa dünýäniň 12 ýurdundan ýüze golaý türgen gatnaşdy.
Biziň toparymyzyň düzüminde agramlary 71 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda M.Röwşenow hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. J.Aýnazarowa (57 kilograma çenli agram derejesinde) we M.Saparmyradow (67 kilograma çenli agram derejesinde) kümüş medala, Ý.Bäşimow (71 kilograma çenli agram derejesinde), N.Tekäýew (75 kilograma çenli agram derejesinde) we K.Ilmyradow (81 kilograma çenli agram derejesinde) hormatly 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldular.
Mälim bolşy ýaly, taý boksy 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýär. Şoňa görä-de, Antaliýadaky ýaryş bu jogapkärli bäsleşiklere taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. Türkmen türgenleri gazanan üstünliklerini ýetip gelýän şanly senä-ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşladylar.
Häzir bu şöweş sungaty bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiz noýabr aýynyň 27-28-ne paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda geçiriljek Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşa taýýarlanýarlar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň erkekler we zenanlar düzümi taý boksy boýunça dünýäniň çempionatyna taýýarlyk görmäge girişdiler. Dünýäniň iň güýçli türgenlerini özünde jemlejek bu ýaryş geljek ýylyň maý aýynda Şwesiýada geçiriler.