Ï “Arirang” üçlügi we “Güneş” topary aşgabatlylara roždestwo şatlygyny paýlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Arirang” üçlügi we “Güneş” topary aşgabatlylara roždestwo şatlygyny paýlady

view-icon 1026
Paýtagtyň “Watan” kinokonsert merkezinde Germaniýadan gelen “Arirang” üçlügi Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň “Güneş” topary bilen bilelikdäki konserti bolup geçdi.


Aşgabatly saz söýüjiler üçin Fredrike Timmermann (goboý), Şteffen Dillner (klarnet), Ýakob Karwat (fagot) Ýozef Gaýdanyň, Ange Flegiriň, W.A. Mosartyň, Žak Iibertiň eserlerini ýerine ýetirdiler.

“Güneş” hor topary “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň dört sapar ýeňijisi boldy, geçen ýyl bu topar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başardy. Ýöne, bu topara henize çenli daşary ýurtly sazandarlar bilen bilelikde çykyş etmek miýesser etmändi. Çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe roždestwo aýdymlary nemes dilinde ýaňlandy, özi hem olaryň bir bölegi kapelladyr. “Asuda gije” nemes halk aýdymy bilelikdäki çykyşyň jemleýji sany boldy.


Konsert nemes halky üçin belli günleriň biri bolan Adwentanyň birinji gününde geçirildi. Şol gün roždestwo çemenindäki dört şemiň ilkinjisi ýakylýar. Bezelen arçaly zaly dabaraly we şowhunly ýagdaý gurşap aldy. Aýaz baba bolsa, aýdymçylaryň ählisine we sazandalara ýadygärlik sowgadyny gowşurdy.

Aşgabatlylar üçin roždestwo sazly sowgady Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.