“Aşgabat” köpugurly sport toplumynda geçen taý boksy boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri belli boldy. Paýtagtly türgenler ýaryşa has taýýarlykly gelendiklerini görkezip umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hem-de taý boksy milli federsiýasy tarapyndan guralan ýaryşa ýurdymyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bu söweş sungaty bilen meşgullanýan türgenleriň 120-ä golaýy gatnaşdy. İki ýetginjek toparlarynda, ýagny 16 ýaşa çenli we 18 ýaşa çenli toparlarda geçen ýaryşda türgenler, baýraklaryň jemi 22 toplumy ugrunda güýç synanyşdylar.
Paýtagtymyzyň türgenleri ýaryşda doly artykmaçlyk gazandylar. Olar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna 16 gezek çykdylar. Umumy toparlaýyn hasapda daşoguzly ýaşajyk taý boksçylar ikinji orna mynasyp boldular. Olar altyn medallaryň 3-sini gazandylar. Hormatly üçünji orna agram derejeleriniň birinde ýeňiş gazanan Mary welaýatynyň topary mynasyp boldy.
Sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýänligi bellärliklidir. Hut şu sebäpli hem ýurdymyzyň birinjiligi ugrunda ýaryşa gatnaşan türgenleriň, hususan-da, 18 ýaşa çenli toparda çykyş eden taý boksçylaryň birnäçesiniň ýene 2 ýyldan milli ýygyndymyzyň düzüminde ýurdymyzyň sport abraýyny goramaga uly mümkinçiligi bardyr. Şonuň üçin hem olaryň her biri ýaryşda özlerini gowy tarapdan görkezmäge çalyşdylar.
Dekabr aýynyň 18-den 20-sine çenli Mary şäherinde taý boks boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler.