Şu dekabr günlerinde Hindistanyň paýtagtynda söweş sungaty boýunça VI Halkara oýunlary badalga aldy. Türkmenistanyň taekwondoçylar topary (ITF görnüşi) bu ýaryşlarda eýýäm 4 medal – iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazandylar.
Toplumlaýyn ýaryşlara 30-a golaý ýurtdan birnäçe müň türgen gatnaşýar. Medallar ugrundaky ýaryşlar söweş sungatynyň 20 görnüşinde dowam edýär.
Türkmen türgenleri şu gün şahsy tuli (toplumlaýyn maşyklar) görnüşinde tapawutlandylar. Gara guşagyň eýeleri bolan türkmenleriň toparynda ýeňiş gazanan Orazmyrat Çaryýew hem-de Rüstem Süleýmanow (reňkli guşaklar) hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna galdylar. Goşanyýaz Durdyýew kümüş medala, Gaýgysyz Atabaýew bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Bäşinşi dekabrda taekwondo boýunça ýaryşlar (ITF) başa-baş duşuşyklarda dowam eder. Bu bäsleşikde hem türkmen türgenleriniň ýeňiş gazanmaga oňat mümkinçilikleri bar.