Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konsertine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konsertine gatnaşdy

view-icon 764
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Bitarplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we daşary ýurt sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konsrti boldy. Baýranmçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi örän uly ähmiýetli taryhy wakalaryň biri bolup, ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde alyp barýan syýasy tagallalary netijesinde giň gerimli, ägrt uly durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek mümkin boldy, türkmen döwletiniň dünýänuiň dürli ýurtlary hem-de iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmen Lideriniň işjeň halkara syýasaty, oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň ägrt uly gyzyklanmasyna we goldawyna eýe bolýar.

Şu gün türkmen paýtagtynda geçirilen dabaralar we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde guralan ýokary derejeli Halkara maslahaty munyň aýdyň subutnamasydyr, Maslahata dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriň hem-de iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmagy, Garaşsyz Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruna, türkmen halkynyň häzirki we gerljeki nesilleriniň hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.


Şu gün köpugurly ajaýyp Mejlisler merkezinde aýratyn dabaraly we ýokary rubelentlik ýagdaýy höküm sürýär, bu ýeri ýurdumyzyň Bitraplgynyň şanyna ägrt uly döredijilik baýramçylygyny geçirmek üçin saýlanyp alyndy. Mejlisler merkeziniň zalynda ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçilikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar ýygnandylar. Ýygnananlaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bar, olar baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza geldiler.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we belent mertebeli myhmanlary ör turup, dowamly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar, belent mertebeli myhmanlar dabara gatnaşyjylary mähirli gutlap, özleri üçin ýörüte bellenilen ýere geçýärler.

Bu günki baýramçylyk dabaralary parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar, özara düşünişmek, belent maksatlar hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolmak bilen, halklary Ýer ýüzüniň röwşen geljeginiň bähbine jebisleşdirýär. Konsertiň guralmagynyň maksady onuň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt sungat ussatlarynyň özboluşly, köp öwüşginli çykyşlaryndan ybarat maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

“Dokmaçylar” folklor toparynyň hem-de “Meňli” we “Näzli” tans toparlarynyň ajaýyp ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dünýä dursun parahat” diýen edebi-sazly çykyşy ägrt uly baýramçylyk dabarasynyň özboluşly girişi boldy. Çuňňur mana ýugrylan bu kijijik sahna oýny türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan parahatçylyk we döredijilik, dostluk hem-de myhmansöýerlik däplerini aýdyň açyp görkezdi.

Sungat ussatlarynyň çykyşy häzirki zaman Bitarap türkmen döwletiniň ösüşiniň esasy tapgyrlaryny alamatlandyrýan wideioşekiller bilen bezeldi. Sahnada goýlan giň ekranda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry senesi peýda bolýar, bu gün Bırleşen Milletler Guramasynyň Baş Assableýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Rezalusiýasynyň kabul edilen güni bolup, mähriban Watanmyzyň ýyl ýazgysyna dünýä bileleşiginiň biziň Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyk söýjülik we oňyn başlangyçlary daşary syýasatyny ykrar etmeginiň aýdyň alamaty hökmünde hemişelik girizildi.

Soňra giň monitorlarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn halkara syýasty bilen aýrylmaz baglanşykly Türkmenistanyň iň täze taryhynyň şanly wakalary şöhlelendirýär. Olar Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden yglan eden halkara başlangyçlarynyň, häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde ähliumumy parahatçylygyň we howsuzlygyň bähbidine alyp barýan syýasy tagallalaryny beýan edýär. Ägrt uly ekrandan BMG-niň agza ýurtlarynyň baýdaklarynyň aýdyň öwüşginleri sahnada şekillendirýär, olaryň hatarynda biziň Garaşsyz Watanmyzyň ýaşyl tugy belent pasyrdaýar.

Sahnada şöhratly ahalteke bedewleriniň şekilleri peýda bolýar, ol ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan türkmen döwletini alamatlandyrýar.

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň geljegi bolan ýaşajyk türkmenistanlylaryň aýdyň çykyşy bilen konsert maksatnamasy dowam edýär. “Güneş” çagalar horunyň we “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzyň waspnamasy—“Gülle, Bitarap Türkmenistan!” aýdymy ýaňlanýar, onda türkmen halkynyň özygtyýarly Bitarap Watanmyza çuňňur söýgüsi beýan edilýär.


Belent äheňde badalga alan baýramçylyk konserti türkmen we daşary ýurt artisleriň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýwerine ýetirijiler, tans we saz toparlary öz döredijilik ussatlyklaryny görkezýärler. Konsertiň maksatnamasyne şeýle hem dünýä saz sungatynyň meşhur wekilleriniň hem-de belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri girizildi. Tututşlygyna Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan şu günki konserti dünýäniň ýurtlary we yklymlary boýunça, belent saz sungatynyň tolkunlarynda özboluşly syýahat hökmüne kabul etmek bolar. Ähli çykyşlar özboluşlylygy hem-de aýdyň öwüşgin bilen tapawutlandy. Muňa baýramçylyk sahnasynda häzirki zaman tehniki usullarynyň ýerlikli peýdalanylmagy oňyn täsir etdi.

Düýä belli opera aýdymçylary Wesselina Kasarowanyň (Şweýsariýa) we Nil Şikoffyň (ABŞ) ýerine ýetirmeginde Žorž Bizeniň “Karmen” operasyndan parça tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu baýramçylyk güni türkmen kärdeşi bilen bilelikde biziň ýurdumyzyň dosty awstrýaly driýžor Wolfgang Harreriň öz ussatlygyny görkezmegi aýratyn guwançly ýagdaýdyr, onuň ady bilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestrynyň işi baglanyşyklydyr.

Şu gün Mejlisle merkezinde çykyş eden daşary ýurt aýdymçylarynyň köpsüniň biziň ýurdumyz bilen döredijilik gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýratyn bellemek gerek. Tomaşaçylar Nuraýym Azykbaýewanyň çykyşyna mynasyp baha berdiler. Zehinli aýdymçy we sazanda, Gyzgyz Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň we Hökümetiniň Iş dolandyryş müdirliginiň ýanyndaky “Agym” estrada—folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şeýlelikde artist zenanyň türkmen-gyrgyz medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan şahsy goşandyna, şeýle hem dostlukly halklaryň aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirişine ýokary baha berildi. Nuraýym “Ak güllerim saňa” aýdymyny uly joşgun bilen ýerine ýetirýär, bu aýdym milli Liderimiz tarapyndan döredildi we ilkinji gezek 2011-nji ýylda awtoryň ýerine ýetirmeginde ýaýlymda ýaňlandy.

Belli hindi aýdymçy zenan we kompozitor “Sufi music” folklor toparynyň ýolbaşçysy Raşmi Agarwal türkmenistanlylara döredijilik sowgadyny taýýarlady, onuň ýerine ýetirmeginde şeýle hem Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdymlar hindi dilinde ýaňlandy. Beýik türkmen şahyrynyň 290 ýyllygyna beslenen geçen ýyl Raşmi Agarwal “Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň lukmany” atly Halkara ylmy maslahatynyň maksatnamasynyň çäklerinde Deli şäherinde geçirilen türkmen-hindi bilelikdäki konserte hem gatnaşdy.

Täjigistanyň estrada ýyldyzy Jonibek Murodow ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tomaşaçylary begendirdi, ol hem türkmen sungat işgärleri bilen bilelikdäki konsertlere ençeme gezek gatnaşdy. 2012-nji ýylda Jonibek Murodow GDA agza ýurtlaryň meşhur etrada aýdymçylarynyň uly konsertinde çykyş etdi, bu çäre Mary şäherine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty—2012 derejesiniň berilmegi mynasybetli bu gadymy türkmen şäherinde geçirildi.

“Beýik Mongoliýa” toparynyň artistleri bokurdaga salyp aýdym aýtmak boýunça täsin ussatlygy görkezip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar. Gang Jen we Gao Weýn hytaý saz sungatynyň inçe tärlerini görkezdiler.

Gruzin aýdymçy sazanda Anri Johadzeniň we aýdymçy Nina Baduraşwiliniň bilelikde ýerine ýetiren çykyşy tomaşaçylar tarapyndan el çerpyşmalar bilen garşylandy.

Belli opera aýdymçysy, Azerbaýjanyň halk artisti, Azerbaýjanyň opera we balet döwlet akademiki teatrynyň aýdymçysy Samir Jafarow nusgawy saz eserini ýerine ýetirdi.

Meşhur italýan aýdymçysy, estrada muşdaklarynyň köp nesliniň söýgisini gazanan Toto Kutunýonyň çykyşy aýratyn täsir galdyrdy. Dünýä saz sungatynyň rowaýatyna öwrülen aýdymçylar bilen bir hatarda, eýýäm häzirki zaman etrada sahnalarynda meşhurlyga eýe bolup başlan ýaş aýdymçylar hem çykyş etdiler. Russiýaly aýdymçy, kompozitor, “Ýewrowidiniýe—2015” bäsleşiginde baýrakly orna eýe bolan Polina Gagarina, Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Alýona Lanskaýa, iordaniýaly aýdymçy Toni Katan we türk aýdymçy zenan Sewjan Orhan ajaýyp çykyşlary bilen baýramçylyk konserdini bezediler.

Gadymy we özboluşly “Küştdepdi” aýdymy hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň folklor—tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu çykyşa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşanlaryň ählisi goşuldy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ähli türkmen halkynyň adyna dünýäniň dürli dillerinde mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar ýaňlandy.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dostluk mukamy” aýdymy dabaraly konsertiň aýdyň jemlemesi boldy, ol parahatçylyk we dostluk mekany—Garaşsyz Bitarap Türkmenistana, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine okgunly öňe barýan Watanymyza bagyşlandy.

Konsert tamamalanandan soň ýaşajyk türkmenistanlylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, belent mertebeli myhmanlara ajaýyp gül desselerini goşurdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan artistlere ajaýyp gülli sebet gowşuryldy.

Soňra Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, Mejlisler merkezinden çykdy we bu ýerden ugrady

* * *

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşklanan konsertler şu gün Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hem-de “Älem” medeni dyýç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň iri konsert meýdançalarynda geçirildi.

Agşam Aşgabadyň aýdyň asmanynda ägrt uly feýerwerkler dürli öwüşginde peýda boldy we Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň saýlap alan parahatçylyk, dostluk we abadançylyk ýoluny ýagtylandyrdy.