Biziň pälwanlarymyzyň türkmen göreşi boýunça II dünýä çempionatynda we guşakly göreş boýunça dünýäniň Kubogy ugrunda Russiýa Federasiýasynda geçirilen ýaryşlarda üstünlikli çykyşlaryndan soň, türkmen türgenleri halkara derejesinde geçirilýän iri ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bilen begendirmegi dowam edýärler. Ine, ýakynda Bahreýn Patyşalygynyň paýtagtynda – Manama şäherinde geçirilen gylyçlaşmak býounça ýaryşda biziň watandaş gyzymyz ýaryşa gatnaşyjylaryň zenanlar toparynda ýeňiş gazanmagy başardy, Pawlodarda (Gazagystan) geçirilen boks boýunça ýaryşlarda bolsa türkmenistanlylar kümüş we bürünç medallaryny gazandylar.
Gylyçlaşmak boýunça bäsleşiklere dünýäniň 12 ýurdundan – Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Iordaniýadan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 100-e glaýy gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Meňli Goýunlyýewa tapawutlanyp, türgenleriň 20-den gowranynyň medallar ugrunda bäsleşiginde oňa taý gelen tapylmady.
Ýaryşyň final tapgyryna çykmak ugrunda Balkanabatdan bolan türgen gyzymyz bäsleşikleriň altysyny geçirip, olaryň bäşisinde ýeňiş gazanmagy başardy. Aýgytlaýjy tutluşyga tarap alyp barýan ýolda M.Goýunlýewa ýaryşyň eýesiniň wekilleriniň ikisini hem-de Hytaýyň toparyndan bir türgeni medallar ugrunda bäsleşikden çykardy. Finalda Meňli öz bäsdeşini 15:9 hasaby bilen ynamly ýeňmegi başardy.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Witaliý Kagramanowyň we Tatýana Ýermolaýewanyň şägirdi her ýyl geçirilýän bu ýaryşa ozal hem gatnaşypdy. Geçen ýyl ol finala ýetip, kümüş medal bilen oňmaly boldy. Türkmen türgeni we onuň halypalary goýberilen ýalňyşlyklary seljerip, türgenleşik işlerini dowam etdiler, bu bolsa netijede häzirki ýeňşe getirdi.
Şu dekabr günlerinde Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşlar badalga aldy. Bu bäsleşikler ýrdumyzyň ähli künjeklerinden ussat türgenleri ýygnady. Olaryň hatarynda Meňli Goýunlyýewa hem bar. Türkmenistanyň Gylyçlaşmak boýunça federasiýasnyda habar berişleri ýaly, Kuboga gatnaşyjylar diňe medallar ugrunda däl-de, eýsem utuklar babatda hem bäsleşýärler. Hut şolar milli ýygyndy topary döretmegiň barşynda esasy şertleriň biri bolup, bu topar geljek ýylda iri halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşar. Şol sanda Hytaýyň Wuksu şäherinde geçiriljek (13-19-njy aprel) saýlama ýaryşlaryna gatnaşar, şol ýerde 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde (Braziliýa) geçiriljek Olimpiada ýollanmalar ugrunda bäsleşiler. Şeýle hem şol ýerde gylyçlaşmak boýunça Aziýa çempionaty geçiriler.
... Boks boýunça Halkara ýaryşy dünýäniň 8 ýurdundan türgenleriň 100-den gowragyny ýygnady. Türkmenistanlylaryň hatarynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary – 64 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyny gazanan Aziz Bebitow hem-de 69 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medaly gazanan Şöhrat Durdyýew tapawutlandylar.
Bu sylag göçme ýaryşlarda Şöhradyň ilkinji medaly bolan bolsa, onda Aziz Bebitow halkara derejesindäki iri ýaryşlara gatnaşyp, gowy netijeleri gazandy. Häzirlikçe onuň iň gowy üstünligi geçen ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda gazanan bürünç medaly bolup durýar. Bu üstünlik ýurdumyzyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Gurbanowyň we Sabir Kseýhanowyň şägirdine 2014-nji ýylda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň güçli türgenleriniň üçlüginde orun eýelemegini üpjün etdi.
2015-nji ýylda Türkmenabatdan bolan boksçy pälwanymyz geçen güýzde Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna ýollanma gazanmagy başardy, netijede ol Aziýa Çempionatynda güýçli türgenleriň sekizisiniň hataryna girdi. Ol Pawlodarda geçirilen Halkara ýaryşynda kümüş medaly gazanmak bilen, Türkmenistanyň ussat türgenleriniň biri bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.
Braziliýada geçiriljek Olimpiadanyň öň ýanynda biziň boksçylarymyz sport dünýäsinde esasy ýaryşlara ýollanmalar ugrunda çekeleşikli bäleşikleri geçirerler. Bahar paslynda Hytaýyň Szinan şäherinde Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň saýlama ýaryşlary geçirilip, olarda “olimpiýaçy” diýen homratly ada eýe bolmak üçin ýeňijileriň üçlügine girmek zerur boup durýar. Iýun aýnyda bolsa Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Bütindünýä saýlama ýaryşy geçiriler. Olimpiýa ýollanmasyny gazanmak üçin dünýäniň güýçli boksçylarynyň bäşisiniň hatarynda orun eýelemek zerur bolup durýar. Şunda biziň watandaşlarymyzyň şol netijäni gazanmak üçin ähhli mümkinçilikleri bar.