Ï TMK P.Çaýkowskiniň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasibetli konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TMK P.Çaýkowskiniň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasibetli konsert geçirildi

view-icon 741
Türkmen Milli konsewatoriýasynda beýik rus kompozitory Pýetr Ilýiç Çaýkowskiniň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasibetli konsert geçirildi

Konsert “Mukam” eseri bilen açyldy. Kompozitoryň uly bolmadyk bu eserinde omuň döredijiligine mahsus bolan mylaýymdan liriki oý-pikirler we intelligentlik ýitiligi has aýdyň beýan edilýär. Bu eseri ýaş skriplaçy Mähri Agajanowa ýerine ýetirdi, roýaly bolsa halkara bäsleşiginiň diplomanty Stella Faramazowa çaldy. Sazandarlar bu eseriň baý bolan heňiniň aýratynlyklaryny diňleýjilere örän takyklyk bilen ýetirdiler.


Konsertde Çaýkowskiniň “Ýewgeniý Onegin”, “Guw köli”, “Garahal gyz”, “Iolanta” operalaryndan ariýalar we ariozo ýaňlandy. Diňleýjilere diňe bir sazdan lezzet alman, eýsem opera aýdymçylary Begenç Gaýypowyň, Näzik Rahmedowanyň, Aýna Seýimkulyýewanyň, Gülnäz Geldiýewanyň, Aman Amanowyň ýerine ýetirmeklerinde opera aýdymlaryndan hem lezzet almaga mümkinçilik boldy.


Ýöne, konsertde dört eliň bilelikde çalmagynda ýerine ýetirilen “Orkestrli fortepýano üçin” konsertiň 3-nji bölegi has özüne çekiji boldy. Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow tupanyň sesini ussatlarça bermegi başardylar. Tebigy hadysa edil suwdaky diriligiň ählisini edil gark eden ýaly. Pianiçalaryň duýgur barmaklary örän takyklyk bilen howsalaly we garaşylmadyk howpuň öňündäki ýagdaýy emele getirdi. Ýöne mälim bolşy ýaly, tupandan soň hemişe güneş parlap çykýar, “konsertiň” 3-nji böleginiň jemleýji tapgyrynda möwç alan tupan öz ornuny gün şöhlelerine berdi.


Konsert Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewanyň çykyşy bilen tamamlandy. Ol özüniň belent owazy bilen “Jadygöý” operasyndan Kumanyň arozasyny ýerine ýetirdi.. Hemişe bolşy ýaly, ol bu gezek hem diňleýjileriň uly sag bolsunyna mynasyp boldy. Konserti guraýjylar - kamera orkestri kafedrasynyň mugallymlary Çaýkowskiniň eserlerini ýerine ýetirdiler hem-de diňleýjileriň uly hormaryna mynasyp boldulr.