Ï Hakymyzyň “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hakymyzyň “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

view-icon 2680
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti Namibiýada geçirilen mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň ýüz tutmagy bilen hödürlenen “Görogly” şadessanyny girizdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu wakany teswirläp, dil üstünden geçip gelýän türkmen halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasynyň diňe bir taryhy-medeni gymmatlygyny däl, eýsem onuň biziň günlerimizdäki örän uly watançylyk ähmiýetini belledi.

ÝUNESKO-nyň komitetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda “ “Görogly” şadessanynyň ady rowata öwrülen edermen Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň batyrlygyny beýan edýän dilden gürrrüň bermek däpleridigi düşündirilýär. Epiki eseriň aýdyjylary, ýagny dessançylar Türkmenistanda bu däpleri saklaýjylar bolup durýar. Onuň ýerine ýetirilmegi gürrüň bermegi, aýdym aýtmagy we saz çalmagy özünde jemleýär. Bu däp türkmen halkynyň oňat durmuşa ymtylşyny şöhlelendirýär hem-de häsiýetiň edermenlik, dogruçullyk, dostluk hem-de wepalylyk ýaly taraplaryny şöhratlandyrýar. Bu däp ussatlar tarapyndan resmi däl görnüşinde öwretmek hem-de köpçüligiň öňünde çykyş etmek arkaly nesilden-nesle geçirilýär”

Dogrudan-da, türkmen bagşylary Görogly baradaky rowaýata öwrülen aýtgylary asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirdiler. Olar bagşyçylyk sungatynyň ajaýyp usullary bilen timarlanyp, Türkmenistanda dessançylyk ussatlygynyň ýerine ýetirijilik mekdebini aýdyň häsiýetlendirýär.

Türkmenlerde Görogly hakyndaky rowaýat peýda bolan pursatyndan deňsi-taýsyz meşhurlyga hem-de Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň, Sibiriň, Ýakyn Gündogary we hatda Ýewropanyň köp sanly halklarynyň arasynda giň ýaýrawa eýe boldy. Munuň özi ozal epiki mazmunly, söýgi mazmunly, halk döredijiligiň hiç birinde-de ýüze çykmandy. Şadessanynyň ençeme asyrlaryň dowamynda halk arasynda täsirini ýitirmän gelmegi eseriň uly çeperçilik we gözellik ähmiýeti barada aýtmaga mümkinçilik berýär.

Rowaýatyň şeýle giňden ýaýramagynda onyň ikileýin görnüşi: epiki we aýdym aýtmak usuly uly orun tutýar. Munuň özi gahrymanyň köptaraply şahsyýetini hem äşgär edýär. Gürrüň berilýän böleginde Görogly serkerde, adalatyň tarapdary, ygtybarly, şadyýan, kämahallar bolsa göwünaçyk alçak adam hökmünde, aýdym-sazly böleginde bolsa ol inçe we ýürekden duýýan şahyr, aýdymçy, sazanda hökmünde göz öňüde janlanýar. Aýdymlaryň gürrüň berilýän bölek bilen bir umumylylygy emele getirýänligi sebäpli, eseriň mazmuny gahrymanyň bütewliginde jemlenýär. Ol halk bilen bile göreşýär hem-de halk üçin onuň ene dilinde aýdym aýdýar.

Türkmen halky gahrymançylykly eposlary we şadessanlary asyrlaryň jümmüşinden geçirdi. Olarda bagtyýarlyk, azat durmuş baradaky arzuw-hyýallar beýan edilýär, ol eserler çuňňur paýhasa, ajaýyp durmuşa bolan söýgä ýugrulyp, häzirem adamlaryň kalbyny şatlandyrýar. Muňa halkymyzyň “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem şaýatlyk edýär.