Ï “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” başlandy

view-icon 3152
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýen şygar astynda geçer.

Biziň mirasymyz uly hem-de dürli öwüşginli bolup, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyňy döwlet muzeýlerinde aýawly saklanýan genji-hazynany, arheologlar tarapyndan açylmagyna garaşýan, medeniýetiň, söwdanyň we senetleriň gülläp ösen, müňýyllyklaryň dowamynda ylham joşgunynyň hem-de bilim baýlygynyň toplanan şäherleri öz içine alýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen uly işler geçirilýär.


Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galasy bar. Bulardan başga-da, dünýäde ilkinji ekerançylyk ýerleri bolan Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly ilatly ýerler, Bezeglidepäniň gaýa çekilen suratlary, Abiwerdde, Sarahsda, Amyderýanyň kenarlarynda hem-de Köpetdagyň jülgesinde, Uzboýuň hanasynyň ugrunda hem-de Sarygamyş kölüniň hanasynda uzak geçmişiň binagärlik toplumlary we aýry-aýry desgalary Türkmenistanyň medeni mirasynyň sanawyna girýär.

Türkmen hünärmenleri halkara we milli toparlaryň düzüminde Mary welaýatyndaky Goňurdepe, Ajyguýy hem-de Gyzgala, Ahal welaýatyndaky Ýylgynlydepe, Ulugdepe, Köne we Täze Nusaý, Guýruklydepe, Topazdepe hem-de Daşlydepe, Balkan welaýatyndaky Maşat-Misserian ýaly dünýä belli ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Olaryň barşynda ýüze çykarylýan türkmenleriň gadymy maddy medeniýetiniň subutnamalary ýurdumyzyň döwlet muzeýleriniň gammatlyklarynyň üstüni yzygiderli ýetirýär. Beýik Britaniýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Polşadan, Russiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan hem-de beýleki ýurtlardan bolan arheologlar eýýäm ençeme ýyl bäri türkmen kärdeşleri bilen egin-egine berip, şol we beýleki ýerlerde iş alyp barýarlar.

Daşary ýurt ylmy merkezleri Türkmenistanda işlemäge gyzyklanma bildirýärler. Olar bu ýerde Gündogaryň siwilizasiýalarynyň taryhyny hem-de türkmenleriň medeni mirasyny öwrenmek bilen bagly ylmy işleri ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görýärler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde geçirilýän halkara ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Her ýylyň ýazynda we güýzünde gadymy dünýäniň arheologiýa we taryhy boýunça belli hünärmenler —Ýewropanyň we Amerikanyň uniwersitetleriniň talyplary we aspirantlary bilen türkmen ýadygärlikleriniň gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Olar öz çykyşlarynda, makalalarynda we söhbetdeşliklerinde ýurdumyzdaky aýratyn amatly ýagdaýy belleýärler. Bu ýerde taryhy-medeni goraghanalarda we muzeýlerde netijeli ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

2012-nji ýylda türkmen halkynyň öz medeni-milli özboluşlylygyny, gadymy mesgenini goramaga we ösdürmäge, medeniýetiň döreýşi we ösüşi hakynda maglumatlaryň çeşmelerini ygtybarly goramaga hukugyny üpjün edýän “Milli taryhy-medeni mirasy goramak hakynda” täze Kanun kabul edildi. Bu resminama 20 ýyl mundan ozal kabul edilen “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakyndaky” Kanuny kämilleşdirdi hem-de gozgalmaýan medeni mirasy goramagyň döwlet ulgamynyň kemala gelmeginde we ösmeginde möhüm orun eýeledi. Täze Kanun halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda neşir edildi hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy we medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasynyň düzgünlerine esaslanýar. Türkmenistan hem bu Konwensiýa goşuldy.

Mundan başga-da, 2012-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti “Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik zolaklary we çeper ýadygärlikleri, tebigy desgalary goramagyň tertibini” tassyklady. Bu resminama aýratyn goralýan çäkleri guramagyň we saklamagyň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň düzüminde 1994-nji ýylda döredilen Taryhy we medeni ýadygärlikleri, goramak hem-de öwrenmek baradaky milli müdirlik degişli ugurda işleri utgaşdyrýar, döwlet taryhy-medeni goraghanalar bolsa onuň garamagyndaky edaralar bolup durýar. Häzir ýurdumyzyň çäginde şeýle goraghanalaryň 8-si bar. Olar has ähmiýetli arheologik we binagärlik ýadygärlikleriniň jemlenen ýerlerinde döredildi. Hut goraghanalaryň hünärmenleriniň üstüne döwlet hasabyna goýlan taryhy-medeni desgalaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek wezipesi ýüklenildi. Goraghanalarda entek mälim bolmadyk hem-de hasaba alynmadyk ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar, çäginde arheologiýa hem-de taryhy desgalar ýerleşen edaralar bilen gorag borçnamalary baglaşylýar.

Häzirki wagtda döwlet hasabynda milli taryhy-medeni mirasyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy durýar we bu sanaw arheologiki gözlegleriň hem-de binagärlik ýa-da inženerçilik pikiriniň ýadygärlikleri hökmünde taryhy ähmiýeti bolan desgalary ýüze çykarmagyň netijesinde täze açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň ähli ýadygärlikleriniň 80 göterime golaýy çölde ýa-da täze suwarymly ýerlerde ýerleşen arheologik gadymy şäher harabaçylyklary, gadymy ýaýlalardaky sany-sajagy bolmadyk depeler düzýär.


Goraghanalara her ýylda daşary ýurtly syýahatçylaryň ýüzlerçesi gelýär. Özgertmeler ýoluna düşen we ägirt uly taryhy-medeni mümkinçilikleri bolan ýurda jahankeşdeleriň gyzyklanmasy ýokarlanýar. Elbetde, şunda ýadygärlikleriň özüne çekijiligi hem-de öz taryhynyň ähmiýetini saklap galan ajaýyp ýerler uly orun eýeleýär.

Häzir Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilýän işleri üç ugra: arheologik, dikeldiş – öňüni alyş hem-de gorag-barlag ugurlara bölünýär. Olardan arheologiýa Internetiň, metbugatyň hem-de telewideniýäniň, ylmy maslahatlaryň we arheologlaryň kitaplary netijesinde belli ugur bolup durýar. Olaryň netijeleri ylmy we döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edilýär. Türkmenistanda diňe soňky 10 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň gadymy maddy medeniýetini öwrenmäge uly goşant goşan hem-de gadymy gündogar taryhynda täze sahypalary açan täsin arheologiki açyşlaryň birnäçesi edildi.

Belli arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan soňky ýyllarda Garagumda – 4 müň ýyla golaý mundan ozal oazis bolan we Marguş ýurdunyň gülläp ösen ýerinde edilen açyşlar uly seslenme döretdi. Bu ýurduň paýtagty bolan, häzir Goňurdepe ady bilen tanalýan şäheriň gazuw-agtaryş işlerinde edilen açyşlar dünýäde ylmy täzelik boldy. Häzir Goňurdepe tutuş Orta Aziýada bürünç eýýamynyň, biziň eýýamymyza çenli ikinji müňýyllygyň ortasynda—üçünji müňýyllygyň ahyrynda iri şäheri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň gözbaşynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bizi ata-babalarymyzyň döreden beýik medeniýetini dünýäniň ähli alymlary ykrar edýär: Merkezi Goňurdepe bolan Marguş ýurdy Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda, dünýä siwilizasiýasynyň ilkinji bäş ojagynyň biridir. Bu ýerde halkara gatnaşyklarynyň söwda we medeni ýollary kesişipdir. Gadymy türkmenleriň--marguşlylaryň binagärlikde hem-de şekillendiriş sungatynda gazananlary, senetçilik işleriniň ýeten derejesi, döreden syýasy ulgamy we dini taglymaty olary adamzadyň ösüşiniň ýoluny açan Gadymy Gündogaryň esasy halklarynyň hataryna goşýar.

Arheologik gazuw-agtaryş işleri ýadygärlige täze ömür berýär, şol işleriň barşynda tapylan zatlar bolsa, ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni ýetirip, Diýarymyzyň we dünýäniň gymmatly medeni baýlygyna öwrülýär. Emma degişli dikeldiş çäreleri bolmadyk gazuw-agtaryş işleri ýadygärlige uly zyýan ýetirip bilýär. Bu aýratyn-da, gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan gadymy binalaryň toýun diwarlaryna degişlidir. Uzak geçmişiň näzik galyndylary ençeme asyrlaryň gizläp saklan ýerleriniň tebigy goragyndan mahrum bolup, ýagyşlaryň we ýelleriň täsiri astynda hemişelik ýitip bilýär. Şonuň üçin Türkmenistanda, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, binagärlik ýadygärliklerini gorap saklamak möhüm mesele bolmagynda galýar. Soňky ýyllarda bu ugurda köp işler edildi we gowy netijeler gazanyldy. Hususan-da, hünärmenleriň tejribesini we şahsy gözegçiliklerini nazara almak bilen öňe sürlen çig diwarlary dikeltmegiň üç görnüşi synagdan geçirildi. Tejribe işleri CRATerre-ENSAG (Fransiýa) toýun binalaryny dikeltmegiň halkara merkezinden hem-de Londonyň uniwersitet kollejiniň arheologiýa institutyndan çagyrylan bilermenleriň gatnaşmagynda Nusaý we Gadymy Merw goraghanalarynda geçirilýär.

Türkmen hünärmenleri halkara tejribesini öwrenmek, ýerli aýratynlyklary nazara almak bilen sanawy ýöretmegiň usulyýetini işläp düzdüler. Ol bibliografik we arhiw gözleglerini geçirmek, arheologik hasabatlaryny we taslama – dikeldiş resminamalaryny, foto we wideo resminamalaryny öwrenmek arkaly zerur bolan ylmy maglumatlaryň toplanmagyny göz öňünde tutýar. Bu maglumatlar her bir ýadygärligiň doly maglumatlaryny öz içine alýan habarlar binýadyny düzüp, onuň üsti yzygiderli ýetirilýär we täzelenýär. Täze kanunlar milli taryhy – medeni mirasyň desgalarynyň bir bitewi sanawynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Ýadygärligiň indeksi boýunça çäginde degişli desga ýerleşen welaýaty, goraghanany we etraby kesgitlemek bolýar.

Her ýadygärlige şol hakdaky gysga maglumatlar ýazylan hasaba alyş resmi kagyzy döredilýär: şonda GPS ulgamynda takyk geografik ýerleşişi, görnüşi, ýaşy, tipologik degişliligi beýan edilýär, pasportynda hem-de goralyş borçnamasynda bolsa umumy beýany, taryhy, fotoserişdeleri, topowideoşekiller, kesilen ýerler we beýleki çyzgylar, gorag we aralyk zolaklar, jemgyýetçilik, ylmy-taryhy hem-de çeper ähmiýetine berlen umumy baha, dikeldiş işleri /eger şeýle işler geçirilen bolsa/ barada maglumatlar, tehniki ýagdaýyna berlen baha, doly bibliografiýasy barada has doly maglumat saklanýar. Bularyň hemmesi barlag geçirijiler hem-de dikeldijiler üçin örän wajypdyr. Mysal üçin, köne fotosuratlar boýunça XIX asyryň aýagyndan bäri biziň günlerimize çenli ýadygärligiň keşbiniň neneňsi üýtgändigini yzarlamak bolýar. Bu resminamalaryň hemmesi gadymy döwrüň ýadygärliklerini gaýtadan dikeltmegiň taslamalary işlenip taýýarlanylanda uly goldaw bolup hyzmat edýär.

Soňky ýyllarda Gadymy Merwde /türk kärdeşleri bilen bilelikde/ Soltan Sanjar ýadygärligini /XII asyr/ dikeltmek ýaly ähmiýetli işler amala aşyryldy, fransuz hünärmenleriniň gatnaşmagynda Köneürgençdäki Gutlug-Teýmir minarasynyň hem-de Akgalanyň diwarlarynyň saklanylmagyna degişli işler geçirildi. On ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda “Medeni mirasyň goralyp saklanmagy” diýen halkara maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde ABŞ-nyň ilçisiniň gaznasynyň serişdelerine 1948-nji ýylyň ýer titremesinde weýran bolan Änew metjidiniň esasy girelgesindäki XV asyryň maýolikoly pannony dikeltmek işleri geçirildi, Köne Nusaýyň parfiýa nagyşlaryny saklamak, Mary welaýatynda bürünç eýýamyna degişli bolan Goňurdepede ýaşalan uly ýerlerde gazuw-agtaryşlar boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi, Ahal welaýatynda Mänebaba ýadygärliginiň hem-de Köneürgençdäki Tekeşiň ýadygärliginiň gümmeziniň gurluş binýady berkidildi. Balkan welaýatynda yslam sungatynyň ajaýyp eseri hasaplanýan täsin mähraby bolan X asyryň Maşat ata metjidi dikeldildi. Köneürgençdäki Nejmeddin Kubranyň ýadygärliginiň XIV asyra degişli maýolikoly guburüstüniň dikeldiş işleri geçirildi, Lebap welaýatynda Amyderýanyň kenarynda meşhur Daýahatyn seljuk kerwensaraýyny bölekleýin dikeltmek boýunça taslama tamamlanyp baryar.

Ýadygärlikleriň işgärleriniň öz tagallalary bilen hem dikeldiş işleriniň uly tapgyry amala aşyryldy. Olar öz ýer böleklerinde geçen döwürleriň köpsanly ýadygärlikleriniň saklanylyşynyň ýagdaýyna yzygiderli esasda gözegçiligi alyp barýarlar hem-de ol ýa-da beýleki desga ýykylmak howpy abananda, dessine onuň öňüni almaga girişýärler. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda şeýle işleriň uly tejribesi toplandy. Goraghanada häzirki wagtda ashablar hem-de Uly Gyzgala ýaly meşhur ýadygärliklerde uly möçberli dikeldiş işleri alnyp barylýar. Şol ýadygärlikler iri halkara taslamalarynyň desgalaryna öwrüldi. Bu taslamalarda köne döwrüň desgalarynyň ikisinde-de düýpli barlag geçirmek hem-de bölekleýin dikeltmek işleri bilelikde utgaşdyrylýar.

Türkmenistanyň örän ähmiýetli arheologik we binangärlik ýadygärlikleri Beýik Ýüpek ýoly bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerde hem-de orta asyrlarda kerwen ýollary boýunça diňe bir harytlar däl, eýsem, dürli halklar barada maglumatlar hem ondan-oňa ýetirilip durupdyr. Munuň özi dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlarda özara gyzyklanma döredipdir. Şeýle gatnaşyk Merkezi Aziýanyň, hususan-da, Türkmenistanyň üstünden geçipdir, çünki geografik ýerleşmegiň täsirinden bu sebitiň daşyndan aýlanyp geçmek asla mümkin däldi. Gatnaşyklar şu topraklarda ýaşan halklaryň medeniýetleriniň häsiýetine täsir etmän bilmedi. Ine, şoňa görä-de, Beýik Ýüpek ýoly gadymy ösüşleriň ajaýyp gazananlarynyň biri bolup, adamzadyň taryhynda Ýewropadan Hytaýa çenli örän uly giňişliklerde dürli halklary ilkinji gezek ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanda bolup gören syýahatçylar häzirki zaman dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine örän uly täsir eden geçen asyrlaryň şunuň ýaly aýratyn ýagdaýlarynyň köpsanly anyk subutnamalaryny görüp bilýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda hem-de Köneürgençde “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara maslahatynyň çagyrylmagy hem tötänden däldir. Alymlaryň bu duşuşygyna gatnaşmak üçin döwletleriň 37-sinden – arheologlar, taryhçylar, medeniýeti we sungaty öwrenijiler hem-de artropologlar, ylmy işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmegiň hem-de hereket etmeginiň ugurlary bilen baglanyşykly pudaklaryň hünärmenleri bu ýere ýygnandylar. Forum dünýä derejeli barlagçylary birleşdirdi. Olaryň köpüsi türkmen kärdeşleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň maddy hem-de ruhy medeniýetiniň täsin ýadygärliklerini öwrenmäge hem-de saklamaga örän işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” hem-de “Ile döwlet geler bolsa...” atly täze kitaplarynyň çap edilmegi geçen ýylyň ähmiýetli wakalaryna öwrüldi. Bu ajaýyp neşirler Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gymmatly sowgat boldy. Bu ulgamyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda her ýylda Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň we köpsanly beýleki döwletleriň döredijilik işgärleri gatnaşýar. “Türkmen medeniýeti” atly kitap milli Liderimiziň türkmen jemgyýetiniň ösüşinde köpasyrlyk medeni mirasyň orny hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakyndaky pikir ýöretmeleri görnüşindedir. Döwlet Baştutanymyzyň eserinde gadymy döwürlerden—irki ýaşaýyşdan, ekerançylygyň hem-de ösüşleriň ojaklarynyň peýda bolmagyndan başlap, milli medeniýetiň taryhy yzarlanýar, Jeýtün, Altyndepe, Goňur, Nusaý, Merw, Köneürgenç... medeniýetleriniň maglumatlary getirilýär. Bu baý mirasyň şu gün bilen genetiki özara baglanyşygy häzirki zaman binagärliginiň hem-de heýkeltaraşlygynyň mysalynda aýdyň ýüze çykýar.

Milli medeniýet halkyň döredijilik zehininiň, gadymy binagärlik we heýkeltaraşçylyk ussatlarynyň kämil däpleriniň nesilden-nesle geçijiliginiň, zergärler, küýzegärler, demirçi ussalar, dokmaçylar, gurluşykçylar, agaç ussalary, halyçylar we tikinçiler hem-de beýlekiler ýaly senetkärleriň binýadynda ösdi. Olaryň her birine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda halk medeniýetiniň baý köpdürlüliginiň häsiýeti hökmünde garalýar.

Döwlet Baştutanymyz türkmenleriň ruhy medeniýetiniň sahypalaryny hem şonuň ýaly uly üns bilen yzarlaýar. Şol medeniýet diňe bir milli nusgawy edebiýatda hem-de ajaýyr pelsepiçileriň işlerinde däl, eýsem-de, halkyň dünýä garaýşynda, onuň ahlak-etiki kadalarynda ýüze çykýar. Halk baýramçylyklary, türkmen toýunyň geçirilmegi bilen baglanyşykly köpsanly däp-dessurlar öz mazmuny taýdan çuňňurdyr. Halk aýdym-sazlary, tanslar, oýunlar we degişmeler, türkmen saçagynyň bereketi, atçylyk hem-de bedewleri terbiýelemek sungaty – bularyň ählisi hem milli Liderimiziň täze kitabynda beýanyny tapan türkmen medeniýetiniň taraplarydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetiň iň oňat däplerini ösdürmek hem-de dowam etdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Milli medeniýetiň iň oňat däpleriniň durnuklylygy netijesinde ol dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orny eýeledi. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler gadymy milli medeniýetiň, döredijilik däpleriniň, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleriniň hil taýdan täze ösüşine, milletiň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berdi.

Milli Liderimiziň “Ile döwlet geler bolsa...” atly beýleki kitaby türkmen halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň taryhynyň sahypalaryna bagyşlanandyr. Türkmen halkynyň saz sungatynyň gadymy taryhy baradaky maglumatlaryň düýpli öwrenilmegi bu kitabyň döremegine getirdi. Mundan başga-da, kitapda milli owazyň hem-de mukamlary düzmegiň aýratynlyklary şöhlelenýär. Awtor asyrlaryň dowamynda türkmen medeniýetinde bagşylaryň tutan ornuny, halypaçylyk däpleriniň dowamlylygyny hem-de dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelşini yzarlaýar. Täze eseriň jemleýji baby häzirki zaman saz sungatyna bagyşlanypdyr. Umumy ugrukdyryjy maglumatlar hökmünde kitapda meşhur türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň arhiw fotosuratlary çap edilipdir, ajaýyp halk sazandalarynyň ömri we döredijiligi, şeýle hem diňe dutar däl, eýsem, gyjak, dilli tüýdük we beýlekiler ýaly dürli milli saz gurallary baradaky maglumatlar getirilipdir.

“Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi 2015-nji ýylyň ýene-de bir wajyp wakalarynyň biri boldy. Bu Kanun mundan beýläk türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär; Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň durmuşa geçirilmegine we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönüukdirilendir. Milli maddy däl medeni miras diýlip türkmen jemgyýetiniň etniki, sosial ýa-da konfessional toparlaryna mahsus bolan ruhy gymmatlyklarynyň jemine düşünilýär, olar estetiki, sosial-medeni, taryhy we başga nukdaýnazarlardan türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin ähmiýeti bolan gymmatlykdyr. Täze Kanunda özboluşlylygyň haýsy ýerlerde ýüze çykýandygy anyk kesgitlendi. Bular maddy däl medeni mirasy göteriji hökmünde dili hem goşmak arkaly, dil üsti bilen aňlatmagyň däpleri we görnüşleri; ýerine ýetirijilik sungatlary; adatlar, dessurlar, baýramçylyklar; adaty kesp-kärler bilen baglanyşykly başarnyklar we endikler, şeýle hem tebigat we älem bilen baglanyşykly başarnyklar we adatlardyr.

Ýakynda ÝUNESKO-nyň komitetiniň “Görogly” şadesanyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek hakynda kabul eden çözgüdi bu ugurda Türkmenistanyň gazanan ilkinji uly üstünligi boldy. ÝUNESKO-nyň komitetiniň metbugat beýanatynda “Görogly” şadessanynyň ady rowaýata öwrülen gerçek Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň edermenliklerini beýan edýän dil üstünden gürrüň berilýän däplerdigi düşündirilýär. Onuň ýerine ýetirilmegi gürrüň bermegi, aýdym aýtmagy, wokal gelşirmäni hem-de sazy özünde jemleýär. Bu däp türkmen halkynyň oňat durmuşa ymtylmasyny şöhlelendirýär hem-de mertlik, dogruçyllyk, dostluk we wepalylyk ýaly häsiýetleri şöhratlandyrýar. Däp resmi däl görnüşde öwretmek hem-de köpçüligiň öňünde çykyş etmek arkaly ussatlar tarapyndan nesillere geçirilýär”.

Dogrudan-da, türkmen bagşylary Görogly baradaky rowaýatlary asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip geldiler. Şol rowaýatlar aýdym aýtmak sungatynyň hemme mümkin bolan usullary bilen timarlanyp, Türkmenistanda dessançylyk ussatlygynyň ýerine ýetirijilik mekdebini aýdyň hjäsiýetlendirýär. Özi-de, Görogly baradaky rowaýat türkmen topragynda peýda bolan badyna deňsiz-taýsyz meşhurlyga eýe boldy hem-de Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň, Sibiriň, Ýakyn Gündogaryň we hatda Ýewropanyň köpsanly halklarynyň arasynda giňden ýaýrady. Munuň özi ozal epiki mazmunly, söýgi mazmunly halk döredijiliginiň hiç birinde-de ýüze çykmandy. Şadessanynyň köp asyrlaryň dowamynda täsirini ýitirmän gelmegi bolsa, eseriň uly çeperçilik we gözellik ähmiýeti barada aýtmaga mümkinçilik berýär.

Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň, onuň özgerdijilik ýörelgeçiniň netijesi bolup durýar. Munuň özi türkmen halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýan milletleriň ählumumy hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň has-da ýakynlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu ýörelge köptaraply ylmy alyş-çalyşlary ösdürmäge ýardam edýär hem-de bilimleriň häzirki zaman ulgamy bilen ysnyşykly özara gatnaşykda milli medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýär.