Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Suratkeşler birleşiginiň howandarlygynda şeýle at bilen täze kitap çap edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diýlip yglan edilen 2016-njy ýylyň konsepsiýasyndan ugur alýan bu taslamany Türkmen döwlet neşirýat gullugy halkara “Türkmenistan” žurnalynyň gatnaşmagynda amala aşyrdy.
Türkmen sungaty meşhur döredijilik şahslary, aýratyn zehinli wekilleri bilen tapawutlanýar. Şeýle döredijilik işgärleri her bir nesilde ýüze çykýar we zehinleriň dowamatlylygynda milli medeniýetiň durmuşa ukypllygy jemlenýär, bu onuň häzirki döwrüň üýtgäp durýan çeperçilik ýörelgelerine eýermäge ukyplylygynyň esasy görkezijisidir.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda kemala gelen dürli döredijilik ýollary bu ugurda dünýäniň gazananlaryny oňyn kabul etmek bilen özboluşly milli esasda ösdürilýär, halkyň döreden gymmatlyklaryna we çeper ýörelgelerine, şol sanda binagärleriň we küýzegärleriň, owadan hat ýazuwy we halyçylyk ussatlarynyň gazananlaryna daýanýar. Türkmen sungatynyň çylşyrymly, uzak ösüş ýoly, dürli akymlary, haýran galdyryjy belentlere çykylan menzilleri bar. Ol özboluşly başlangyja eýedir. Başlangyç çeşme bilen ösüşiň arasynda bolşy ýaly, ilkinji diwarlaryň ýüzündäki şekiller, gadymy heýkeljikler, nagyşly äheňler bilen häzirki döwrüň sungatynyň arasynda durnukly özara baglanyşyk bardyr. Biz häzirkizaman türkmen suratkeşleriniň iň gowy eserleriniň çuňňur many-mazmunyna aralaşmak bilen, olarda milli medeniýetiň öňki gazananlarynyň, ata-babalarymyzyň ruhy ýörelgeleriniň uly orun eýeleýändigine göz ýetirýäris.
“Gadymy Merwiň şekillerdäki rowaýaty” kitapda Maryda kemala gelen suratkeşleriň özboluşly döredijilik aýratynlyklary açylyk görkezilýär, olaryň şekillendiriş sungaty eserlerinde beýan edilýän pikirleri söz bilen aňlatmak aňsat däldir, emma nakgaş eserlerini synlap, görüş düýşüsy bilen aňlamak mümkindir. Bir zat şübhesizdir, haçan-da bir wagtlar Margiana ýurdunyň ýerleşen künjegi bolan Murgabyň gadymy ugrunyň çäklerinde ýerleşýän Gündogaryň iň gadymy türkmen şäherleriniň biriniň aýratyn taryhy täsiri Mary welaýatynyň suratkeşleriniň döredijilik özboluşlylygyny kesgitleýän esasy şertleriň biridir. Olaryň döredijiligi dürli tärleri, aýratynlyklary bilen tapawutlanyp, şeýle-de bolsa duýmasy kyn bolan ýakynlyk ýüze çykýar, olaryň eserleri bu topragyň häzire çenli açylmadyk umumy syrlary arkaly birleşýäne meňzeýär.
Kitabyň girişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gadymy Merwiň ylym, medeniýet, sungat merkezi hökmünde adamzadyň medeni hazynasyna goşan ägirt uly goşandynyň orny hakyndaky jümlesi getirilýär.
Kitabyň üç bölümden durýan giriş çeper publisistik makalasynda häzirkizaman sungatynda türkmen halkynyň beýik taryhy mirasynyň orny hakynda pikir ýöredilýär. Bu bolsa okyja gadymy Mary topragynda çeperçilik mekdebiniň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň köklerine düşünmäge mümkinçilik berýär, olaryň döredijiliginde Murgap siwilisasiýasynyň genetiki hakydasy öz beýanyny tapyp, häzirki wagtda yzygiderli peýda bolýan eserlerde gadymyýetiň ýaňy hökmünde gelip ýetrýär. Kitap maryly suratkeşleriň şöhratly wekilleri, olaryň döredijilik taglymy bilen tanyşdyrýar. Suratkeşleriň eserlerinde adamyň duýgularyny beýan etmäge özboluşly çemeleşme, her bir awtoryň gaýtalanmajak ýoly hemişe duýulýar. Marynyň suratkeşleriniň ählisiniň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän haýsydyr bir umumy alamaty görüp bolmaýar. Emma olaryň ählisinde çuňňur oý-pikirleri, döredijilik hyýalbentligi duýulýar.
Kitaba giriş sözünde “mary nakgaşlyk mekdebi” diýen akyma giňişleýin we anyk seljerme berilýändigi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr, bu mekdep ýatda galyjy çeper jümleler arkaly häsiýetlendirilýär. Munuň özi diňe bir sungaty öwrenijilik nazarynyň däl-de, eýsem raýatlyk, watançylyk garaýyşlarynyň beýanydyr.
Neşiriň esasy bölegini bezegli surat albomy düzýär, ol hem birmeňzeş sözbaşyly üç bölege bölünýär. Olaryň aglabasy Mary welaýatynyň çeper döredijilik durmuşynyň soňky on ýyllygynda döredilen eserleriniň göçürmesidir. Kitapda 25 suratkeşiň eserleri şekillenidrilýär. Olaryň hatarynda Annadurdy Myradalyýew, Kössekmyrat Nurmyradow, Gurbangeldi Gurbanow, Ata Akyýew, Çary Hummedow, Altynaý Nargylyjowa ýaly ussatlar we beýleki şekillendiriş sunagytynyň muşdaklarynyň söýgüsini gazanan belli suratkeşler bar.
Kitabyň sahypalaryny agtaryp, olaryň her birinde tolgundyryjy surat eserlerini synlap, türkmen nakgaşlygynyň köp öwüşgünli ýollaryna, onuň özboluşly kemala geliş ugurlaryna göz ýetirip bolýar. Halkyň maddy-medeniýetiniň keşplerini şekillendirmäge has köp üns beren suratkeşleriň milli amaly sungatyň tärlerini peýdalanyp başlandyklaryna buýsanýarsyň. Häzirki wagtda bu döredijilik gurşawynda ýörelgeleriň we araçäkleriň – döwrüň, usullaryň, eser görnüşleriniň işjeň utgaşmak ýagdaýy bolup geçýär. Gözbaşlar bilen genetiki arabaglanyşyk saklanyp galýar, emma hemişe özgerýär we döredijilik ýollarynyň çäksiz özboluşlylygyny döredýär.
Bir tarapdan düýpli häsiýetleri döretmäge ymtylyş bolsa, beýleki tarapdan taryhy şahslaryň hyýaly keşplerini döretmäge, giň görnüşli, anyk taryhy wakalar bilen baglanyşykly eserleri döretmäge ýykgyn edilýär. Şol bir wagtda milli durmuşy suratlandyrýan iň gowy ýörelgeleriň ösdürilmegi dowam etdirilýär, munuň özi hemişe türkmen nakgaşlygynyň aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Suratkeşleriň tebigat görnüşinde daşky gurşawyň ynsanyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygyny has çuňňur açyp görkezmäge hyjuwy duýulýar, bu hadysa adamlary birleşdirýän durmuş – aňyýet gurşawy hökmünde aňladylýar.
Halk binagärliginiň syrlary gadymdan gelýän durmuş ýörelgesiniň gaýtalanmajak pursatlary, adaty ýaşaýyş gurşawy, ýönekeý alamatlar suratkeşleriň ünsüni özüne çekýär. Olar halkyň durmuşyndan wakalary yhlas bilen gaýtadan şekillendirýärler, öz döwürdeşleriniň, obadaşlarynyň suratlaryny döredip, olaryň içki dünýäsine, oý-pikirlerine, inçe duýgularyna aralaşýarlar we şunda ýomak hem-de degişme äheňini hem peýdalanýarlar. Ussat suratkeşleriň döredýän şekillerinde hakyk durmuş bilen döredijilik hyýalbentliginiň araçäginiň ýitip gidýän ýagdaýy seýrek däldir, olar öz eserlerinde metaforalary, allegoriýalary, nyşanlary peýdalanmagy halaýarlar, öz mähriban ýurdunyň geografiki, taryhy, etnografiki aýratynlyklaryny dünýä täzeden açýarlar, ony gadymy we häzirkizaman Gundogarynyň täsirli keşpleri arkaly sungat muşdaklaryna ýetirýärler.
...Sungatyň wezipesi köptaraply bolup, ol ozaly bilen durmuş hadysasydyr. Sungat jemgyýeti özgertmäge uly täsir edýär, şahsyýetiň içki dünýäsini özgerdýär, ony kämilleşdirýär we belende göterýär, aň ýetirmäge, işjeň hereket etmäge hyjuwyny ösdürýär. Sungatyň köp şahasy bar diýip aýtmak bolar, emma onuň köki birdir – ol döredijilik başarnygy ýüze çykarmak, pikirlenmäge hyjuw, diýmek, döretmäge hem-de ýaşamaga höwesdir.
Şonuň üçin hem şu ýylyň şygarynda – mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek bilen bir derejede goýulýar. Türkmen halkynyň köp nesilleriniň asyrlaryň dowamyndaky döredijiliginiň miwesi – biiň mirasymyzdyr. Uzak geçmişe eýe bolan her bir zat hiç haçan könelmeýär, gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň ulgamy bolup, haçan-da olaryň ösdürilmegi dowam etdirilende olar ýitmeýär. Hut şu jebisleşdiriji güýç hem biziň okgunly öňe gitmegimize ýardam berýär.