Ï Gökderedäki gyşky spartakiada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gökderedäki gyşky spartakiada

view-icon 1032
Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleri tomsuna-da, gyş paslynda hem çagalaryň söýgüli ýeridir. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden müňlerçe çagalar dynç alýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek çagalar sagaldyş merkezleriniň öňünde durýan esasy wezipedir. Şu sebäpli hem bu ýerde dynç alýan mekdep okuwçylary üçin her gün sport görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler, şeýle hem sagaldyş merkezleriniň toparlarynyň arasynda geçirilýän spartakiada gatnaşýarlar.

“Çynar” we “Nestle” çagalar sagaldyş merkezleriniň sport meýdançalarynda geçirilen şeýle toplumlaýyn ýaryşlar ýaşajyk türgenleriň ýüzlerçesini özüne jemledi. Spartakiada Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe- sport guramasy hem-de Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimligi tarapyndan guraldy. Spartakiada gatnaşýan türgenler öz aralarynda düzzüm milli oýny, küşt, ýeňil atletika estafeta ýaryşy, welosport, tanap çekişmek, şeýle hem şaýbaly hokkeý boýunça ýaryşdylar.

Hokkeý duşuşyklary “Çynar” çagalar sagaldyş merkeziniň emeli- buzly meýdançasynda geçirildi. Sagaldyş merkeziniň açylan gününden bäri, bu “buzly” meýdança dynç alýan çagalaryň iň söýgüli ýerine öwrüldi. Ine bu ýaryşlarda hem hokkeý meýdançasy sportuň bu görnüşiniň muşdaklaryny birleşdirýän merkeze öwrüldi. Ýaşajyk türgenlerde hokkeý taýagyna erk etmek endikleri heniz birneme bärden gaýdýan bolsa-da, olaryň ýeňiş gazanmak üçin yhlas etmekleri, köpsanly, özleri ýaly ýaşajyk tomaşaçylara hakyky sport sowgady boldy.

Ýaryşyň netijesi boýunça “Nesil” çagalar sagaldyş merkeziniň türgenleri birinji orna mynasyp boldular. “Kümüş” baýragy “Şöhle” çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan ýaşajyk türgenler eýelediler. Umumytoparlaýyn hasapda baýrakly üçünji orna “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş merkeziniň ýygyndy topary mynasyp boldy.

Gökderedäki gyşky spartakiada dowam edýär. 9-njy ýanwarda çagalar ýene-de sportuň düzzüm, küşt, woleýbol, basketbol we stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlarda iň güýçlileri kesgitlärler.