Ï Hudožnikleriň çagalar döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hudožnikleriň çagalar döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

view-icon 879
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet minstrliginiň geçiren “Goý hemişe güneş bolsun!” atly çeperçilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige Türkmenistanyň sebitleriniň ähli çagalar çeperçilik mekdepleriniň ýaş hudožnikleriniň žiwopis işleri gatnaşdyryldy.

Ýaşlar öz akwarellerinde Watanyň durmuşyna, onuň çalt depginler bilen ösüşine bolan garaýyşlaryny beýan edipdirler. Hudožnikler tarapyndan döredilen sýužetler halk baýramçylyklary, däp-dessurlary, gündelik zähmet, sport ýaryşlary, gadymy ýadigärlikler we ýurtda alnyp barylýan täze gurluşyklar barada gürrüň berýärler. Türkmen paýtagtynyň gözel keşbi žiwopisçileriň köpüsiniň eserleriniň gahrymany bolup çykyş edýär. Paýtagtyň bu günki keşbi, onuň owadanlygy, arhitektura, seýilgäh toplumlarynyň özboluşly sazlaşygy suratlaryň giden bir tapgyryny döretmäge ruhlandyrdy.


Birinji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Oguljeren Oganyýazowa, ikinji orna Aşgabadyň 2-nji çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Wýashanal Durdyýewa we Gökdepe etrabynyň çeperçilik mekdebinden Ýaran Kuwwadow mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa Balkanabadyň çeperçilik mekdebinden Gunça Täşliýewa, Daşoguzdan Şekerjan Hojamowa we Lebep welaýatynyň Halaç etrabynyň sungat mekdebinden Kerwen Begjanow dagy öz aralarynda paýlaşdylar.

Şekillendiriş sungaty muzeýinde barha uly meşhurlyga eýe bolýan “Akpamyk” studiýasy işleýär. Çagalar bu ýerde meşgullanmak bilen, diňe bir surat çekmegiň ýa-da haýsydyr bir zady ýasamagyň ilkinji tärlerini ele alman, eýsem ajaýyplar dünýäsine aralaşmak bilen, muzeýiň kolleksiýasyndaky türkmen we daşary ýurtly hudožnikleriň eserleriniň iň gowy nusgalary bilen ýakyndan tanyş bolýarlar. Çagalar her bir sapakda döredijilik işiniň işjeň gatnaşyjylaryna öwrülýärler. Olar dünýäniň şekillendiriş sungatynyň gymmatly eserleri, ussat suratkeşleriň ykballary baradaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Çagalar kiçilikden döredijilik bilen meşgullanýarlar, olaryň häzirlikçe mugallymlar tarapyndan guralýan kiçiräk sergilere garnaşmaklary olaryň ýaş kalplarynda öz ýoldaşynyň üstünligine bolan şatlyk duýgusyny terbileýär, bilelikde işleşip, döredijilik işine gatnaşanyna uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Golaýda muzeýde studiýaçylaryň Täze ýyla bagyşlap çeke suratlarynyň sergisi geçirildi.