Ï Gadymy ýadygärlikleri öwrenmekde olaryň atlarynyň taryhy-lingwistiki seljermesi wajyp orun eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy ýadygärlikleri öwrenmekde olaryň atlarynyň taryhy-lingwistiki seljermesi wajyp orun eýeleýär

view-icon 3112
Türkmen topragynyň her bir arheologiki ýadygärligi-medeni-mirasy taryhyň saklaýjysydyr. Türkmenleriň gadymy obalary hemişede türkmen halkynyň taryhyna we geçen günleriň wakalaryna gyzyklanma döredýärdi. Gadymy ýadygärlikleri öwrenmekde esasy möhüm iş arheologlaryňky bolsada, möhüm orny lingwistleriň işi hem tutýar. Sebäbi asyrdan asyra, nesilden nesile geçen her bir söz özünde taryhy pursatlary we dürli garaýyşlary özünde jemleýär.

Mysal üçin Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Parzdepe –etimologiýa taýdan alanyňda parz-paryuz-faruz sözleri bilen baglanyşykly. Faruz toponimi Abu Sagt Saganiniň(1167ý.).”Al Asnab” (Gelip çykyş) kitabynda ýatlanyp geçilýär. Faruz söziniň okalyşy anyklananda, bu adyň Nusaý tarapdan 8 kilometr (1,5 parsah) uzaklykda ýerleşýän galanyň adydygyny bolip bolýar.

Arap-pars sesi “F” – “P” harpyna geçmegi türkmen diline mahsus bolan häsiýet. Oňa mysal hökmünde arap we pars dilinden alynan pazyl-(arapça fazl)- zehin, başarnyk , Pakyr- (parsça Faki:r) garyp, pukara , Piruze (parsça fi:ru:ze)- pöwrize we başgalar.

Paryz sözi (arap we pars dillerinde firuz) türkmeniň “gök” (reňk) sözüni aňladýar. Ondan başga gadymy türkmen dilinde piruz diýen söz (pars dilinde pi:ru:z we fi:ru:z) ýeňmek, ýeňen diýen manyny berýär. Egerde bu söz bir ýer , obanyň adyndan gelip çykýan bolsa onda bu ýerde taryhy söweş bolup, onda ýeňiş gazanylan mümkinçiligi bilen baglanyşdyryp bolar.

Bu aýdylanlara seredenimizde Firuzdepe (Parzdepe) manysyna seredeniňde türkmeniň Gökdepe sözüne deň. Onda bu ýerde öň şu wagtky Gökdepäniň ilaty ýaşan bolmaly diýip çak edip bolýar. Olar XIII çenli mongol basybalyjylarynyň gelmegi bilen weýran edilen ýerlerden göçüp gaýdypdyrlar. Şol ýerde bar bolan kärizleri hem mongollar ilaty suwdan kesmek üçin gömüpdirler we weýran edipdirler diýip hem çak edip bolýar.

Taryhda belli bolşy ýaly basybalyjylardan aman-sag galan adamlar öz ýerlerini taşlap, golaýda täze ýerlerde ornaşyp, täze obalary döredipdirler. Muňa mysal edip, mongol goşunlaryň çozuşlaryndan weýran bolan Nusaýy, Köneürgenji, Merwi aýdyp bolar. Bu ýerleriň ilaty öz weýran edilen ýerlerini taşlap, täze obalary , ilatly ýerleri döredipdirler. Edil şonuň ýaly ýagdaýa Firuzdepäniň (Parzdepe) ilaty düşüp, soň täze türkmen ady dakylan Gökdepe galasyny döredipdirler.

XIII asyrda Paryz (parzdepe) galasy weýran bolmagynyň netijesinde ýitip gidipdir. Adamlar tarapyndan taşlanan bu gala wagtyň geçmegi bilen baýyrlyga öwrüldi. Şu günki günde gadymy gahrymançylygyň sessiz şaýady Parzdepe- türkmen topragynyň baý taryhy we medeni mirasynyň ebedi nusgasydyr.