Daşoguz welaýatynyň Taryhy ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilen güni mynasybetli şekillendiriş sergisi açyldy. “Halypa we şägirt” atly şekillendiriş sikliniň dowamy bolan ekspozisiýada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary bolan zehinli suratkeşleriň- Gubadag etrabyndan suratkeş Merdan Kakabaýewiň we Daşoguz şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Meýlis Moşşyýewiň işleri sergilendi. Dürli žanrly eserlerde milli suratkeşlik däpleri giňişleýin şöhlelendirildi.
Uly söýgä ýugrulan peýzažlar, etýudlar, natýurmortlar ýurdumyzyň beýik geçmişi we geljegi barada gürrüň berýärler. Merdan Kakabaýewiň eserlerinde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezýän eserlerinde arheologiki tapyndylar, owadan küýzeler we nagyşly wazalar hem ritonlar, seýrek heýkeljikler, gadymy keramiki gap-gaçlar görkezilen. Suratkeş “Çuwal bagşy” işinde halk aýdymlaryny we dessanlary ýerine ýetirýän meşhur Magtymguly Garlyýewi dutarda ylham bilen saz çalyp oturan pursatlaryny görkezip başarypdyr.
Meýlis Moşşyýewiň akwarelleri özüniň obraz çözgüdiniň bütewüligi, açyklygy, durmuşy synlamagyň sadalygy we baýlaşdyrylan reňkleri bilen özüne çekýär. Ol şeýle hem grafiki işlerini, biziň döwürdeşlerimiziň portretlerini,milli we özboluşly öwüşgini bilen tapawutlanýan türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny şöhlelendirýän eserlerini, ýurdumyzyň şäherlerini we paýtagtymyzy bezeýän gurluşyklary baradaky eserlerini hem görkezdi.