“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy (ÝBSG) 2015-nji ýylyň jemini jemledi Ýeňiji diýlip Lebap welaýat bölümi ykrar edildi, özi hem indi on birinji gezek.
Umumy hasapda ýurduň gündogar sebitiniň wekilleri 180 utuk topladylar. Ikinji we üçünji orunlary eýelän daşoguzlylar we marlylar degişlilikde 40 we 55 bal az topladylar. Hasap bäş ugur: okuwçylaryň we mugallymlaryň döwlet bäsleşiklerinde görkezen netijeleri; sebitlerde we tomusky dynç alyş möwsüminde geçirilen ýaryşlaryň sany; işleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişi; resminamalary alyp barmak we işgärleriň otaglarynyň bezelişi ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Lebaplylar üç sany birinji orny we iki sany hem ikinji orny eýelemegi başardylar. Bu bolsa olaryň üstünliklerini kesgitledi. “Türkmenistan – ýokary ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen geçirilen mekdep okuwçylarynyň altynjy döwlet Spartakiýadasynyň jemleýji sanawynda ýurduň gündogar sebitiniň okuwçylary ikinji orny eýelediler.
“Türkmenistan” ÝBSG welaýat bölümi öz işinde welaýat sport komiteti we baş bilim müdirligi bilen ýakyndan işleşýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti we kärdeşler arkalaşygynyň birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň türkmenabat bölümi, “Lebapsyýahat” döwlet syýahatçylyk kärhanasy ýaryşlary taýýarlamakda we geçirmekde ýakyndan kömek berýärler.
– Geçen ýyl biz welaýatda mekdep okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda ýaryşlaryň jemi 371-ni geçirdik – diýip, sport ussady, ýurduň at gazanan türgenleşdirijisi, “Türkmenistan” ÝBSG welaýat bölüminiň ýolbaşçysy Kadyr Ilamanow gürrüň berýär. - Muňa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulan ajaýyp sport binýatly häzirki zaman sport desgalary we mekdepleri şertleri döretdi. Biz 2016-njy ýylda hem ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmegi işjeň dowam etdireris we öňdäki orunlary eýelemekde gazanan üstünliklerimizi elden gidermezlige çalşarys...