Ï Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň iri göwrümli amala aşyrmalary onuň beýik taryhynyň logiki taýdan dowam etdirilmegi bolup durýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň iri göwrümli amala aşyrmalary onuň beýik taryhynyň logiki taýdan dowam etdirilmegi bolup durýar

view-icon 939
2016-njy ýyl, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edildi. Bu bolsa halkyň özüne düşünmegini emele getirýän taryhyň we medeniýetiň döwlet syýasatyň diňe bir möhüm düzümi bolup durýandygyna şaýatlyk etmän, eýsem geljekki amala aşyrmalaryň hem başlangyjy bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Fransiýaly syýasy işgär we ýazyjy P.-Ž. Şwarsenberg “bagtly halkalaryň taryhy ýok” diýip belläpdir. Dünýä ähmiýetli wakalara baý bolan türkmen halkynyň taryhy, mümkin, şekillendirmeleriň iň gowylarynyň birinde hem islendik kadalardan çykmalar ýaly bir zat bolup durýar.

Ýer ýüzüniň 7 milliard ilatynyň 0,2%-den hem azy türkmeniň paýyna düşýär. Statistikanyň maglumatlaryna görä, türkmen milleti ne sebitleýin, ne-de dünýä möçberinde belli orna dalaş edip bilmez, planetanyň dagynyk halklary ýaly, dünýä taryhynda statist hökmünde galmaly bolýar. Olaryň birnäçesi adamzadyň ewolýusiýasyň öz goşandyny goşup, wagtlaýynça öňbaşçylyga hem dyzapdyrlar, köplenç ebedilik yzdaky hatarlara geçipdirler. Şumerler, hettiler ýa-da, meselem, frakiýliler geçen şöhratlary barada ýadygärlik goýup, taryhyň dumanynda dagap gidipdirler. Türkmenler bolsa diňe bir daş asyrlaryny böwsüp, öz altyn asyryna ýetmegi başarman, eýsem bütindünýä taryhynyň hem öňdäki hatarynda bolmagy başarypdyrlar.


Türkmenistan eýýäm neolit döwründe, ýagny täze daş asyrynda (biziň eramyzdan öňki 8-nji – 5-nji müň ýyllyklar) iň gadymy siwilizasiýalaryň ojagyna aralaşýar. Aşgabadyň 30 kilometr demirgazygragynda ýerleşýän Jeýtun obasynda ekerançylykgyň, hususan-da däneli ekinler ösdürilip ýetişdirilip başlapdypdyr. Maldarçylyk hem ösdürilipdir, jeýtun goýunlary bolsa, häzirki zaman gissar goýunlarynyň genetiki taýdan esaslandyryjylary bolupdyr. Geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bu ýerden tapylan daşdan wa süňden taýýarlanan gurallar diňe bir arheologlary haýran galdyrman, eýsem özüniň dürli şekilleri bilen islendik adamyny hem haýran galdyrar – olaryň sany 6660!

Enolit döwründe (biziň eramyzdan öňki 5-nji-3-nji müň ýyllyklar) eýýäm, hususan-da Änewde we Namazga-depede, demirden ýasalan gurallar ýüze çykýar. Mundan hem başga, adamlar eýýäm öý haýwanlarynyň güýjüni tirkeg çekýän güýç hökmünde peýdalanyp başlapdyrlar. Uzboýuň ýaşaýjylary dokmaçylyk bilen meşgullanyp başlapdyrlar hem-de öz aýal-gyzlaryny hakyk daşly we haldesonly gymmat bahaly daşlar bilen bezelen gulak halka we ýüzükler bilen bezäpdirler. Ak bugdaýyň mekany hasap edilýän, bu ýerde onuň hormatyna dünýäde ýeke-täk “Ak bugdaý” muzeýi açyldy, Änew obasy bolsa kada bolşy ýaly, birnäçe ýyllaryň dowamynda gülläp ösüşlere we pese düşmelere sezewar bolupdyr, Änew biziň eramyzdan öňki 4 müň ýyllyklardan orta asyrlara çenli ýaşapdyr.


Bürünç eýýamynyň başlanmagy bilen (biziň eramyzdan öňki 3 müň – 1 müň ýyllyklar), Mesopotamiýanyň Wawilony bilen bir wagtda diýen ýaly Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepe şäheri — döwlet emele gelýär. Takyk meýilnama laýyklykda gurlan bu şäherde 5 müň töweregi adam ýaşapdyr. Olar uzyn boýly we syratly adamlar bolupdyr: erkekleriň boýy ortaça 185 sm, aýallaryňky – 170 sm bolupdyr.

Bu ýerden öküziň we möjegiň gyzyldan gulup ýasalan kelleleri tapyldy. Russiýaly arheolog W.M.Masson dünýä taryhy üçin Altyndepäniň ähmiýetini şeýle suratlandyrýar: “Haçan-da Altyn döwleti bar döwründe Moskwada, Leningrada has hem, ýokdy, Aşgabat hem ýokdy, Tähran hem ýokdy. Parižem ýokdy. Rim hem ýokdy. Altyn bolsa bardy!”

Biziň eramyzdan öňki 2-nji müňýyllygyň başlarynda Garagumyň merkezinde, 3 müň kilometr inedördül çäklerde Margiana ýurdy döräpdir. Ol hem, Altyndepe ýaly, müň ýyl töweregi ýaşapdyr. Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý we Hindistan bilen bir hatarda adamzat ösüşiniň iň bir gadymy ojaklarynyň biri diýlip ykrar edilen Margiananyň açylmagy dünýäni haýran galdyryjy waka boldy.


Türkmeniň ata-babalary astranomiýany, matematikany we geometriýany bilipdirler. Zergärler gyzyldan we kümüşden miniatýura bezeglerini taýýarlamagyň tehnikasyny kämillik derejesine ýetiripdirler. Margiana tapyndylarynyň himiki-fiziki seljermeleri şol döwür üçin biziň planetamyz derejesinde ussatlygyň seýrek gabat gelýändigini görkezýär. Meselem, temperatura kadasyny 700-750ºС derejede 48 sagatlap saklamagy talap edýän uzak wagtlap saklamak ýaly demirleri işläp taýýarlamagyň aýratyn usullaryna eýe bolupdyrlar. Adam bu usuly diňe orta asyrlarda döretdi diýip, ýakyn wagtlara çenli hasap edilipdir.

Biziň eramyzdan öňki IV asyrda gündogara ýörüş eden Aleksandr Makedonskiý Margianada berkidilen şäherleriň birnäçesiniň, şol sanda Erkgalanyň hem, üstünden barypdyr. Ol ony düýpli täzeden gurupdyr we Aleksandriýa Margianskiý diýip atlandyrypdyr. Biziň eramyzdan öňki 330-329-njy ýylyň gyşyny serkerde Parfiýada geçiripdir. Bu ýerde ol ýerli däp-dessura hormat hökmünde ilkinji sapar gündogar geýimini geýipdir.

Biziň eramyzdan öňki 292-nji ýylda Aleksandr Makedonskiniň galyndylarynda onuň egindeşlerini biri Selewk öz ogly Antiohy gündogar sebitleriniň hökümdary edip belleýär. Ol Margiana gelip, Strabonyň (B.eöňki I asyr – b.e I asyry) ýazşy ýaly, “topragyň hasyllylygyna haýran galypdyr, onuň töweregine 1500 stadiý (250 kilometr töweregi) galany çekmegi buýrupdyr we Antiohiýu şäherini esaslandyrypdyr”. Kuwwatly diwarlary galdyrylan gala 330 ga meýdany eýeläpdir. Bu bolsa şol döwürde Rimiň töweregine galdyrylan galadan ep esli ulydyr. Antiohininiň diwarlarynyň galyndysy bolan Gäwürgalany häzir hem Baýaramaly şäheriniň demirgazygynda görmek bolýar.


Biziň eramyzdan öňki 247-nji ýyldan başlap Ärsakidleriň neberesiniň parfiýa döwri başlanaýar. Şol döwürde Parfiýada Ärsak patyşa diýlip yglan edilýär. Rim taryhçysy Pompeý Trog (b.e.öňki I asyr) parfiýalylary şeýle häsiýetlendiripdir: “Olar öz bütin ömrüni at üstünde geçirýärler: atyň üstünde olar söweş alyp barýarlar, toý toýlaýarlar, öz şahsy işlerini bitirýärler hem-de jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirýärler... Tebigaty boýunça olar kän gürlemeýärler, işe gezek gelende ony söze gärä çalt ýerine ýetirýärler. Şonuň üçin hem şatlykly günlerini hem, gaýgyly günlerini hem dymyp geçirýärler...”

Üstünden Hytaýdan we Hindistandan Rime we Müsüre geçýän kerwen ýollary Parfiýa Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde esasy orny eýeläpdir. XI asyrda Gaznewidler türkmen döwletiniň ornuna beýleki bir – Seljuklar döwleti gelipdir. Olar berkeşip, Beýik Seljuklar döwletine öwrülipdir: 10 million kilometr inedördül giňişlikde 150 million ýaşaýjy bolupdyr, häzirki zaman kartasynda bu çäklerde özbaşdak döwletleriň 25-si ýerleşýär.


Türkmenistan özüniň altyn asyryna kuwwatly mümkinçilikleri bilen gadam basdy, L.Gumlyýewiň sözlerini ulanmak bilen, XXI asyryň passionar tolkunynda. W.M. Masson haçan-da türkmen topragynda dünýä medeniýetiniň bütin taryhy üçin etalon ähmiýete eýe bolan işler geçende passionar gatlaklaryň 5-ni tapawutlandyrypdyr. Olar Jeýtun, Altyndepe, Margiana, Parfiýa we Beýik Seljuklar döwletleridir. Biz bu sanawa Änewi hem goşardyk.

Bu logika eýermek bilen, biz häzirki wagtda passionarlygyň 7-nji galkynmasynyň şaýatlary we gatnaşyjylary bolup durýarys. Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň häzirki gazananlary onuň ajaýyp taryhyda uly yz galdyrar.