Ï Türkmen hünärmenleriniň irginsiz zähmetleri we zehinleri netijesinde suwy peýdalanmagyň medeniýeti ýapdan başlap ýokary tehnologiýaly suwaryş ulgamlaryna çenli bolan ýoly geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleriniň irginsiz zähmetleri we zehinleri netijesinde suwy peýdalanmagyň medeniýeti ýapdan başlap ýokary tehnologiýaly suwaryş ulgamlaryna çenli bolan ýoly geçdi

view-icon 876
Türkmen topragynyň dag gerişleri asyrlaryň dowamynda diňe bir landşaftyň belent alamatlary hökmünde kabul edilmän, eýsem olar özleriniň şirinden-şeker suwy bilen hem meşhurdyr. Olar mes toprakly deredir jülgeleri güýçli ýellerden gorapdyr. Adatça bu ýerlerde we eteklerinde jülgelerden akýan çeşmeler bolupdyr.

Häzirki wagtda Köpetdagyň eteklerinde kärizler saklanyp galypdyr. Olar haçan-da bir wagtlar ýörite adamlar tarapyndan gazylypdyr. Bu ýerlere Garagum derýasy aralaşmanka suwarymly ýerleri özleşdirmekde olaryň we dag çeşmeleriniň suwlary bilen ekin meýdanlary suwarylypdyr. Kärizgenler el bilen, käwagtlarda onlarça metr çuňlukda, uzyn ýerasty suw akabalaryny çekipdirler. Ýeriň astyndaky suwy tapmak we bu gymmat bahaly suwy berklik üçin daş örülen ýerasty akabalar arkaly ýüze çykarmak sungaty diňe bu ugurda ussatlara başardypdyr.

Bu günki gün topragy ýörite çekilen suw akabalary bilen suwarýarlar, ýerasty suw çeşmelerine ýetmek üçin guýulary burawlaýarlar. Ýöne häzir hem kärizler ýitip gitmändir, olar iň arassa suw hökmünde ýolagçylaryň suwsuzlygyny gandyrýar.


Daglardan akýan suwlar bahasyna ýetip bolmajak eşret bolupdyr, şeýle-de ol esasy uly howpy hem salypdyr. Jülgeler bilen batly akyp gelen suw silleri telim sapar weýrançylyga getiripdir. Şonuň üçin hem dag suwaryş akabalary ýörite usul bilen alnyp barlypdyr. Şunlukda, Köýtendagyň Tutlydere jülgesiniň ýokarsynda gaýalaryň öňe çykyp duran ýerinde seresaplyk bilen çekilen ýaby görmek bolýar. Eger-de jülge boýunça güýçli sil akymy bolaýan ýagdaýynda-da, bu suwaryş ulgamyna zeper ýetirip bilmändir.

Dag suwçylary göz öňüne getirip bolmajak işleriň möçberini elde ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Geçen ýüz ýyllygyň başlarynda Köýtendagyň Daraýydere jülgesinde ýap onlarça kilometrden hem gowrak çekilipdir. Şol döwürde, haçan-da dag çeşmesiniň dag daşlarynyň gatlaklarynyň arasyna siňip giden döwründe düýbi we raýyşlary toýun bilen berk suwalan ýaplar çeşme suwuny düzlüklere akdyrmaga mümkinçilik beripdir.

Biziň ata-babalarymyz güýçli suw akymlarynyň öňüni almagy hem başarypdyrlar. Güýçli suw akymyň öňüni böwetlemek üçin uly dag daşlaryny ulanylyp, güýçli suw akymyny degirmenlerde bugdaýy üwemek üçin ulanypdyrlar. Häzirki wagtda degirmenler Merkezi we Günbatar Köpetdagda saklanyp galypdyr.


Hatarlaryň her biri- dag daşlaryndan örülen uly daş turbalary bolup, onuň merkezinde deşik bolupdyr. Ussat daş ýonujylaryň başarnyklygy we zähmetsöýerligi bilen elde ýerine ýetiren işlerine haýran galýarsyň. Şeýle hatarlaryň her birine ýap çekilipdir. Dag daşlarynyň uly bölekleri ýonulyp ýasalan suw geçirijili arkaly güýçli suw akymy degirmeniň çarhlaryny yzyny üzmän aýlap bilipdir.

Elbetde, häzirki zaman däne üweýji toplumlarda suw degirmenlere bolan isleg ýok, olar taryhy gymmatlyklara öwrüldi. Ýöne dünýäde dag şertlerinde wajyp bolan köne suw degirmenlerine, olary kiçi-gidroelektrik beketlerine öwürmek bilen, täze ömür bermek akymy peýda boldy. Kim bilýär, daş hatarlary-suw geçirijileri bilen ýene-de ýüzlerçe ýyl hyzmat edip biljek biziň degirmenlerimize hem täze ömür berler.

Daglar adamlar üçin uly ähmiýetli bolupdyr. Ýüzlerçe ýyl mundan ozal adamlar bu ýerlere diňe möwsümleýin işler üçin gelipdirler – düme bugdaý ekipdirler, soňra bolsa onuň hasylyny ýygnap, düzlüge gyşlamak üçin çykypdyrlar. Ynha, Duşakerikdagyň ýokarky guşagynda ýagyş suwlaryny ýygnamak üçin haçan-da bir wagtlar gurlan uly bolmadyk hanalaryň yzy saklanyp galypdyr. Onuň ýakynynda dag eňňitlerinde özleşdirilen meýdanlaryň yzlary bar. Ýüzlerçe ýyl mundan ozal bu ýerlerden demir magdany gazylyp alnypdyr hem-de oba hojalyk gurallaryny ýasamak üçin olary eredipdirler. Demirli känler we çukurlar-peçler häzirki günlere çenli saklanyp galypdyr.


Dag ekerançylygynyň bu günki güni we gelejegi sil akymlaryny saklaýan gatlalar, olaryň suwlaryny toplaýan suw howdanlarydyr. Şular ýaly suw howdanlary eýýäm düzlüklerde we Merkezi Köpetdagyň eteklerinde guruldy. Öňkülerden täze häzirki zaman suw howdanlary göwrümi we olaryň düýbüne ýazylan suw geçirmeýän-syzmaýan geomembranalylygy bilen tapawutlanýar. Bu suwy uzak wagtlap saklamaga kömek edýär.


Beýikli-pesli daglyk ýerlerde damjalaýyn suwaryş usuly aýratyn möhümdir. Eýýäm häzirki günde şeýle tehnologiýalar arkaly Aşgabadyň töweregindäki uly tokaý-bag ekilen meýdanlar suwarylýar.

Ahyrky netijede dag eteklerinde ösdürilip ýetişdirilýän bagçylyk, geljekde ýokary hilli ýokumly önümler bilen diňe bir ýerli bazarlary üpjün etmän, eýsem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň hem ep esli düzümini düzüp biler.


Häzirki döwürde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmelerini nazara almak bilen, içerki bazarlary “ýokumly önümler” bilen üpjün etmäge uly üns berilýär. Onuň indiki tapgyrnyň maksady bolsa türkmen oba hojalyk senagatynyň eksport mümkinçiligini amala aşyrmak bolup durýar. Daşary ýurt sarp edijileriniň arasynda biziň bakja ekinlerimiz bilen bir hatarda, ekzotiki miweler bolan injir, narlar, hurmalar öz şirin tagamlary bilen uly islegden peýdalanar. Subtropiki zolakda – Köpetdag etekleriniň günbatar böleginde grek hozyndan, pisselerden we zeýtundan bol hasyl almaga giň mümkinçilikler döreýär.

Türkmen hünärmenleriniň yhlasly zähmeti we zehinleri netijesinde suwy peýdalanmak medeniýeti degirmenlerden başlap düýbi berkidilen suw howdanlaryna çenli, ýaplardan başlap iň häzirki zaman suw hojalyk toplumlaryna çenli ýoly geçipdir. Bu bolsa suwarymly ekerançylygyň barha giňeldilmegine, çöl ýerlerini gülläp oturan zolaklara öwürmäge öz oňaýly täsirlerini ýetirýär.